Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 895
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çil mal biržasyndaky söwdalaşyklarda geleşikleriň 64-si hasaba alyndy.

Hemişe bolşy ýaly, daşary ýurtly sarp edijilerde ýurdumyzyň nebithimiýa önümlerine ýokary isleg bildirildi. Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, gidroarassalaýyşdan geçen dizel ýangyjyny, az kükürtli ýangyçlyk mazudy, suwuklandyrylan gazy, polipropileni, A-80 awtobenzini satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny Beýik Britaniýanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri satyn aldylar. Mundan başga-da, owganystanly işewürler “Türkmengaz” döwlet konserniniň suwuklandyrylan gazyny satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna dürli ölçegdäki tekiz reňklenen tüýjümek polotensalar, nah ýüplükleri, pagta süýümi, pagta linti, ösümlik ýagy satyldy. Olary Russiýadan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Lihtenşteýnden, Singapurdan, Eýrandan, Ukrainadan gelen telekeçiler aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 193 million dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, BAE-niň, Şweýsariýanyň, Awstriýanyň, Hindistanyň, Ukrainanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlaryň wekilleri pagta ýagyny, dokma we azyk senagatyna degişli dürli önümleri, nah ýüplügi satyn aldylar. Harytlaryň jemi bahasy 13 million manatdan gowrak boldy.

Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 333 müň manatdan gowrak bolan azyklyk bugdaýy hem-de hili pes polipropileni satyn aldylar.