Şu gün Türkmenistanda Energetika senagatynyň işgärleriniň güni giňden we dabaraly ýagdaýda bellenildi. Energetikleriň hünär baýramçylygyna bagyşlanan dabaralar tutuş ýurdumyz boýunça—bu pudagyň kärhanalarynda, ilatly ýerlerde geçirildi. Bu ajaýyp günde däp bolşy ýaly, gözel türkmen paýtagty esasy baýramçylyk çäreleriniň geçirilen ýerine öwrüldi, olara gatnaşmak üçin ýurdumyzyň ähli künjeklerinden köp sanly myhmanlar geldi, olaryň arasynda pudagyň öňdebaryjylary hem bar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow energetika senagatynyň işgärlerine Gutlagynda olaryň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine goşýan önjeýli goşandyna ýokary baha berdi. Milli Liderimiz energetikleriň zähmetiniň netijesinde, ýurdumyzda täze kuwwatly elektrik stansiýalarynyň gurlandygyny we ulanmaga berlendigini, ýurdumyzyň çäginde müňlerçe kilometr aralykda elektrik geçirijileriň çekilendigini, senagat kärhanalarynyň, şäherleriň we ähli welaýatlaryň ilatly ýerleriniň elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün edilýändigini belläp, ýurdumyzyň tebigy baýlyklarynyň we energiýa serişdeleriniň halkymyzyň bähbitlerine, her bir raýatymyzyň eşretli ýaşaýşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz milli energetika ulgamynyň kuwwatyny artdyrmak boýunça geljekki çäreler barada aýdyp, türkmen energetikleriniň öz öňlerinde durýan wezipelere abraý bilen hötde geljekdiklerine ynam bildirdi.
Däp boýunça energetiklere bagyşlanan baýramçylyk dabaralarynyň geçirilýän günlerinde bu pudagyň şu ýyldaky has uly forumy -- “Türkmenistanyň energetiki senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergi we ylmy maslahat ýurdumyzyň elektrik energetikasyny ösdürmekde gazanylan belent sepgitleri we bu pudagy ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini dolulygyna we täsirli äşgär etdi.
Şu gün ýurdumyzyň Energetika ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde guralan halkara sergi öz işini tamamlady. Bu sergi dünýä jemgyýetçiligini türkmen energetikleriniň gazananlary, pudagyň ykdysady serişdeleri we maýa goýumlary babatdaky mümkinçilikleri bilen giňden tanyşdyrylan ýere öwrüldi.
Uly möçberli foruma dünýäniň elektrik energetika pudagynyň abraýly wekilleri, dünýäniň 120 ýurdundan bilermenler we synçylar, iri işewür toparlaryň we dürli düzümleriň ýolbaşçylary, hünärmenler – menejerler ýygnandylar.
Foruma gatnaşanlaryň we myhmanlaryň abraýly düzümi daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň energetika ulgamynda türkmen düzümleri bilen uzakmöhletleýin we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna we giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini hem-de kuwwatly, köp ugurly energetika ulgamynyň döredilmegini dünýäniň ykdysady bileleşigine ynamly goşulýan ýurdumyzy ösdürmekde ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlän Türkmenistanyň halkara derejesindäki at-abraýynyň uludygyny aýdyň görkezdi.
Ýurdumyzyň Energetika ministrliginiň we ugurdaş edaralaryň, şeýle hem kuwwatly elektrik stansiýalary we ýokary woltly elektrik energiýasynyň geçirijiler, gözegçilik edýän we elektrik energiýasyny ulanyjylara ýetirýän döwrebap ulgamlar bilen iş salyşýan iri kärhanalaryň bannerler we maketler bilen bezelen uly bölümlerinde, şeýle hem şu ugurda gurluşyk-gurnama işlerini amala aşyrýan hem-de ýokary öndürijilikli tehnika we enjamlar bilen üpjün edýän köp sanly hususy kärhanalaryň diwarlyklarynda elektrik energetika pudagynyň ösüşiniň barşy we ugurlary, eksporta degişli mümkinçilikler görkezildi.
Myhmanlar we ykdysady gözden geçirilişe gatnaşanlar sergide täze elektrik stansiýalaryny gurmak we bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça görkezilen taslamalary aýratyn üns berip synladylar. Täze elektrik stansiýalaryň we energobloklaryň maketleri türkmen energetikasynyň ýakyn geljegini göz öňüne getirmäge mümkinçilik döredýär.
Sergi köşgüniň giň zallarynda daşary ýurt kompaniýalarynyň – önüm öndürijileriň – dünýäde agyr energetiki maşyn gurluşygy boýunça öňdebaryjylaryň, energo- gurluşyk kompaniýalarynyň 60-a golaýynyň wekilleri, uly we kiçi elektrik stansiýalary, elektrik geçirijiler, paýlaýjy ulgamlar üçin ýokary tehnologik enjamlary işläp taýýarlaýanlar öz diwarlyklaryny ýerleşdirdiler. Şu ugur boýunça iri senagat kärhanalary, energetiki desgalary dolandyrmak we gözegçilik etmek boýunça toplumlaýyn awtomatiki ulgamlary döretmek bilen ýörite iş salyşýan belli firmalar, turbalary we kabelleri, yşyklandyryş we elektrik energetikasyna degişli beýleki önümleri öndürýän kärhanalar gaz transformatorlaryny we turbinalary, stabilizatorlary, elektrik şitlerini, barlag-ölçeg enjamlaryny öndürmek boýunça taslamalaýyn çözgütler we innowasiýalar bilen tanyşdyrdylar.
Olaryň arasynda tejribeli we ygtybarly hyzmatdaşlar – ýurdumyzda energetika boýunça üstünlikli amala aşyrylan we durmuşa geçirilýän uly möçberli taslamalara gatnaşyjylar bar. Olar kuwwatly gazturbinaly elektrik stansiýalaryny we podstansiýalary, paýlaýjy ulgamlary, elektrik geçiriji liniýalary, möhüm ähmiýetli beýleki energetiki desgalary gurmak we enjamlar bilen üpjün etmek bilen bagly işlere gatnaşýarlar. Muňa mysal edip, “Çalyk Enerji”, “Lotos” , “Şa – Ra” (Türkiýe) , “Jeneral Elektrik” (ABŞ), “Alstom” (Fransiýa) kompaniýalaryny, Germaniýanyň “GE”, “Siemens”, “MR” holdingleri, şeýle hem “Enex” (Belgiýa), “Hyundai Engineering” (Koreýa), “Wood Group” (Beýik Britaniýa) “TBEA” (Hytaý) kompaniýalaryny görkezmek bolar.
Elektrik energetika ulgamy boýunça russiýaly hyzmatdaşlar bilen has netijeli hyzmatdaşlyk edilýändigini aýratyn bellemek gerek. Şu sergä bu ýurtdan has uly wekiliýet gatnaşdy. Olaryň arasynda “Setstroýserwis”, “DIAMEX”, “Global Insuleýtor”, “Elster Metronika”, “SwerdlowElektro”, “Zaparožskiý transformatornyý zawod” öz düzüminde “Silowyýe maşiny”, “Uralelektrotýažmat”, “Samaraelektroşit” atly iri senagat kärhanalaryny jemleýän Baltika rus energetika kompaniýasy bar.
Goňşy ýurt – Azerbaýjanyň, Ukrainanyň, Belarusyň önümleri bilen hem giňden tanyşdyryldy. Şonda “ATEF” we Zaporožtransformator zawodlaryň, turbinaly desgalaryň durkuny täzelemek boýunça “Ukrrosmetal” konserniniň, Minsk şäherindäki elektrotehniki zawodyň işi bilen tanyşdyryldy.
Ylmy maslahat hem möhüm ähmiýetli çärä öwrüldi, oňa Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki pudak edaralarynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy-barlag institutlarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, türkmen energetikleri bilen hyzmatdaşlyk edýän we gatnaşyklary ýola goýmagy maksat edinýän daşary ýurt firmalarynyň we kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine ýurdumyzyň elektrik energetika ulgamynyň halkara derejesindäki ähmiýetiniň artýandygyny, elektrik energiýasyny tygşytlamak boýunça has kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny, energiýanyň alternatiw çeşmeleriniň ulanylýandygyny we beýleki ýagdaýlary göz öňünde tutmak arkaly bu pudagyň ösdürilmegine degişli derwaýys meseleler goşuldy.
“Alstom” (Fransiýa), “Jeneral Elektrik” (ABŞ), “GE” (Germaniýa), “ABB”(Şweýsariýa), “BEST” (Türkiýe), “Kwanteh”, “Elster Metronika” kompaniýalarynyň, “Wysokowoltnyý soýuz” konserniniň (Russiýa) wekilleri täze taslamalara degişli teklipleri bilen çykyş edip, öz önümleri bilen tanyşdyrdylar. Çykyşlarda pudaklaýyn düzümiň döwrebaplaşdyrylmagyna we energetika ulgamyny dolandyrmagyň häzirki zaman usullaryna, bu ulgamyň tehniki howpsuzlygyna we ulanyşdaky ygtybarlylygyna, ekologiýa taýdan amatlylygyna degişli meseleleriň giň toplumy beýan edildi.
Maslahatda dürli ugurlar boýunça gürrüň edilip, çuňňur seljermek we açyk pikir alyşmak arkaly, ýagdaýlara köpçülik bolup baha berildi, çaklamalar we teklipler orta atyldy. Bu maslahatda hünärmenlere elektrik energetika pudagy ösdürmegiň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga we olary çözmäge, özara arkalaşykly hereket etmegiň has uly gyzyklanma bildirilýän we geljekde-de amatly boljak ýollaryny kesgitdlemäge mümkinçilik döredildi.
Şeýlelikde, şu sergi we maslahat elektroenergetika boýunça netijeli halkara gepleşiginiň mundan beýläk-de üstünlikli ösdürilmegine täzeden badalga berip, täze teklipleriň we oý-pikirleriň öňe sürülmegine ýardam berdi. Ýurdumyzyň bu möhüm ähmiýetli ulgamda üstünlikli tejribe toplandygy bellenildi.
Forum tamamlanandan soňra, oňa gatnaşyjylara diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy.
“Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” atly halkara sergisine we ylmy maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, şonda milli Liderimize şu forumyň geçirilmegi baradaky başlangyjy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bu çäre dünýä jemgyýetçiligine Türkmenistanyň örän uly kuwwatly energiýa serişdelerine eýedigini, şu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň täze mümkinçilikleriniň bardygyny ýene-de bir gezek äşgär etdi.
Halkara forumynyň çäklerinde ýurdumyzyň energetika pudagynyň hünärmenleri we olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlary Ahal döwlet elektrik stansiýasyna baryp gördüler.
Agşam energetiklere bagyşlanan baýramçylyk dabaralary paýtagtymyzdaky “Altyn asyr” medeni-dynç alyş seýilgähinde dowam etdirildi. Bu ýerde pudagyň tapawutlanan işgärleriniň sylaglanmagyna bagyşlanan dabara boldy, olara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Şonda medeniýet we sungat işgärleriniň uly baýramçylyk konserti boldy. Dürli yşyklaryň öwüşginleri belli estrada aýdymçylaryň we artistleriň, bagşylaryň, ýurdumyzyň belli folklor we tans toparlarygyň çykyşlarynyň täsirliligini artdyrdy.