Ï “Türkmentel-2013”: ýokary tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Türkmentel-2013”: ýokary tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

view-icon 970
Şu gün türkmen paýtagtynda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2013” atly VII halkara sergsiniň hem-de “Türkmenistan we dünýä maglumat – telekommunikasiýa ulgamlary” atly halkara ylmy maslahatynyň açylyşy boldy. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we Söwda-senagat edarasy olaryň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça guralýan hem-de milli maglumatlar we aragatnaşyk telekommunikasiýalar ulgamlaryny ösdürmegiň gazanan üstünliklerini hem-de mümkinçiliklerini giňden görkezjek uly möçberli pudaklaýyn maslahat geçirilýän ýyllarynda bu ulgamda iň täze dünýä işläp taýýarlamalaryny peýdalanmakda hyzmatdaşlaryň gatnaşyklary we işjeň pikir alyşmagy üçin iň netijeli meýdançalarynyň biri boldy. Oňa gatnaşyjylaryň barha artýan topary okgunly ykdysady ösüşi we özüne çekiji maýa goýum ýagdaýy bolan ýurtda öz ornuny pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýän dünýäniň transmilli korporasiýalaryny, halkara guramalaryny we köpsanly milli kompaniýalary özünde jemleýär.



Ýurdumyzda ýaýbaňlanan toplumlaýyn durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň we uzakmöhletli geljek üçin meýilnamalaryň ýokary depgini hem-de üstünlikli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda telekommunikasiýalar we ýokary tizlikli maglumatlar tehnologiýalary babatda innowasiýalary Türkmenistana çekmäge mümkinçilik berdi. Halkara ülňüleriniň ýokary derejesine laýyk gelýän we oňat hilli maglumatlar bilen pikir alyşmagyň ähli görnüşlerini üpjün edýän aragatnaşygyň kämil telekommunikasiýalar ulgamynyň döredilmegi dünýä bileleşiginde biziň ýurdumyzyň abraýyny pugtalandyrmaga ýardam edýär hem-de diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde baglanyşdyryjy halka bolmak bilen çäklenmän, eýsem, Gündogar bilen Günbataryň arasynda möhüm maglumatlar – aragatnaşyk köprüsi hökmünde türkmen döwletiniň mundan beýläk-de ösüşiniň ileri tutulýan ugruny kesgitleýär.

Häzirki Aşgabat halkara forumynyň myhmanlarynyň we oňa gatnaşyjylaryň ägirt uly düzümine dünýäniň 28 ýurdundan wekiliýetler wekilçilik edýär. Olaryň çäkleri hakykatda tutuş Ýewraziýa yklymyny, şeýle hem ABŞ-y gurşap alýar. 120-den gowrak wekiliýet aragatnaşyk ulgamynda döwlet düzümlerine, dünýäniň esasy önüm öndüriji kompaniýalaryna we enjamlary iberijilere, iň täze tehnologiýalary hem-de IT-hyzmatlary işläp taýýarlaýjylara, şeýle hem Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Ispaniýadan, Daniýadan, Finlýandiýadan, Şweýsiýadan, Şweýsariýadan, Russiýadan, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Koreýadan, Eýrandan, Türkiýeden, Ispaniýadan, Litwadan, Gazagystandan, Owganystandan, Sloweniýadan we beýleki ýurtlardan iri halkara guramalaryna – aragatnaşyk operatorlaryna hem-de kontent – prowaýderlere wekilçilik edýärler.



Olaryň hatarynda netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda onuň täze ugurlarynda gatnaşyklary dowam etdirmegi göz öňünde tutýan, Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary --THALES Аlenia Space, Nokia Siemens Networks, «Rohde & Schwarz», «Hermes», «HUAWEI Technologies», Eutelsat SA, «Sony Elertronik», «Siemens, COLVIRSoftgate Solution, «SICKO», «Gazprom Kosmiçeskiýe sistemy» jogapkärçiligi çäkli jemgyýet, Prima Telekom, Poliком, Eastwind, MTS Telekom, Avaya Nederland, Comviva Technologies, Sumsung Elektronics, Panasonik kompaniýalary we beýlekiler bar.

Indi gatnaşyklary ýola goýmaga çalyşýan kompaniýalar hem geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny tapmaga çalyşýarlar. Olaryň arasynda «Nuctech Company» (Hyтай), «Abris Distribution» и «Grass Valley» (ABŞ), JUNIPER NETWORKS (Niderlandlar), «Triax A/S Denmark» (Daniýa), «ELTI d.o.o.» и «Iskratel» (Sloweniýa), MMI Business Services FZE (BAE), AMD Telekom LTD (Gresiýa), «Rad Data Communication» (Ysraýyl), «QUALCOMM INC.» (Pakistan), «SES Broadband Services» (Horwatiýa), SIVEKO (Rumyniýa), «Oscilloqaurts S.A.» (Şweýsariýa) we beýlekiler bar. Sergä gatnaşýanlaryň arasynda kommunikasiýalar üçin önümleri we hyzmatlary hödürleýän, dünýäde iri kompaniýa hasaplanýan «Моtorola Solutions» (Germaniýa) hem bar.

Litwanyň «Agros», «ASS distribution», «Rittal», BENCO, «Blue solution», «Censolpo Magnos» kompaniýalarynyň programmalary işläp düzüjileri Aşgabatda geçirilýän foruma yzygiderli gatnaşýarlar. Olar «Infobalt» birleşdirilen kompaniýanyň düzüminde çykyş edýärler.

Däp bolşy ýaly, paýtagtymyzyň Sergi köşgünde geçirilýän “Türkmentel-2013” sergisiniň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we daşary ýurt kompaniýalarynyň baştutanlary, jemgyýetçiligiň hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Milli Liderimiz Gutlagynda döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan üstünlikli ösmegi üçin häzirki zaman telekommunikasiýa ulgamlarynyň uly ähmiýete eýedigini nygtady. Maglumatlar eýýamyna gadam basan dünýä ösüşi bilen aýakdaş gitmek ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamynyň has kämilleşdirilmegini, şol sanda maglumatlar tehnologiýalary, ösen telekommunikasiýa torlary, Internet, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, elektron resminamalar dolanyşygy ýaly ulgamlaryň ýokary derejede gurnalmagyny talap edýär. Bu wezipeleri çözmek üçin ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny awtomatlaşdyrmak we kompýuterleşdirmek arkaly önümçiligi guramagyň hem-de dolandyrmagyň innowasion maglumatlar binýady döredilmelidir diýip, milli Liderimiz Gutlagynda belledi we ýetilen sepgitleriň aragatnaşyk ulgamynyň işgärleriniň ýadawsyz we döredijilikli zähmetiniň netijesidigini nygtady.



Şu gezekki “Türkmentel-2013” sergisi hem bu ulgamda iri daşary ýurt kompaniýalary we korporasiýalary bilen özara gatnaşyklaryň ýokary derejededigini görkezdi. Häzirki zaman wideotehnikasy bilen üpjün edilen giň sergi zallary, ägirt uly monitorlary, yşykly bannerleri we pannolary, sanly alyp beriş we wideogoýberiş ulgamlarynda, hemra, ykjam we elektron aragatnaşyk ulgamlarynda innowasion önümleriň köpsanly nusgalaryny, audio we wideo gözegçilik serişdelerini öz içine alýan sergi ekspozisiýalary ýurdumyzyň aragatnaşyk, telekommunikasiýalar we maglumatlar tehnologiýalary senagatynyň uly üstünliklere eýe bolýandygyny aýdyňlyk bilen görkezdi.

Sergä gatnaşýanlaryň 75-den gowragy – ýurdumyzyň aragatnaşyk edaralary we daşary ýurtlaryň önüm öndürijileri özleriniň pawilýonlaryny hem-de diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Olaryň esasy bölegini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ulgamda başyny başlan möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýan işewür hyzmatdaşlar düzýär.

«THALES Аlenia Space» (Fransiýa), kompaniýasynyň diwarlygynda görkezilýän kosmiki emeli hemranyň nusgasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Ol Türkmenistanyň buýurmasy boýunça gurulýar we ýakyn geljekde äleme uçurylar. Germaniýanyň «Rohde & Schwarz» teleýaýlymy üçin ýokary tehnologiýaly Venice wideohyzmatyň täze önümlerini hödürleýär. «HUAWEI Technologies» hytaý kompaniýasy antennalaryň ýerine onlarça ýaýlym üçin kabel we hemra Internet –telewideniýäni ornaşdyrmaga mümkinçilik berýän iň täze IP-TV ulgamyny hödürleýär.

Aragatnaşyk ministrliginiň edaralary hem öz ekspozisiýalaryny ýerleşdirdiler. Olaryň arasynda “Türkmentelekom”, “Teleradiomerkezi” döwlet elektroaragatnaşyk kompaniýalary, “Türkmenpoçta”, “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanalary bar. Ýurdumyzyň aragatnaşykçylarynyň diwarlyklarynda ulgamlaýyn we öýjükli aragatnaşyk, telekommunikasiýa ulgamlarynyň binýadynda maglumatlary elektron arkaly bermek, milli tele we radio gepleşikleriň ýokary hilli berilmegini, şeýle hem ýurdumyz we daşary ýurtlar boýunça poçtalaryň çalt gatnadylmagyny üpjün etmek ulgamlarynda hyzmatlaryň giň görnüşlerini hödürleýärler.

Günüň ikinji ýarymynda Sergi köşgüniň maslahatlar zalynda pudagy ösdürmegiň we gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen mundan beýläk-de netijeli hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm meselelerine bagyşlanan “Türkmenistan we dünýä maglumat-telekommunikasiýa ulgamlary” atly ylmy maslahat öz işine başlady. Oňa milli döwlet düzümleriniň hünärmenleri we bilermenleri, meşhur alymlar, programmaçylar, işewür toparlaryň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň giň maksatnamasy halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň we daşary ýurt maýalaryny, tehnologiýalary we taslamalary Türkmenistanyň aragatnaşyk ulgamyna çekmegiň, ulanyjylara ygtybarly we ýokary hilli hyzmaty üpjün etmekde maglumat-telekommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmegiň möhüm meselelerini öz içine aldy. Umumy mejlisiň barşynda döwrebap telekommunikasiýalar we maglumat üpjünçiligi ulgamynyň ösüşiniň ýagdaýyna we geljegine synlar hödürlenildi. Maslahatyň işiniň şu günki birinji mejlisi hemra kommunikasion tehnologiýalary we programma önümleriniň bazary ýaly meseleleri boýunça pikir alyşmak bilen dowam etdirildi.

Halkara sergi we maslahat öz işini 19-njy sentýabra çenli dowam eder.