Ï Türkmenistan-Russiýa: özara peýdaly hyzmatdaşlyk ugurlaryny pugtalandyryp
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan-Russiýa: özara peýdaly hyzmatdaşlyk ugurlaryny pugtalandyryp

view-icon 828
Şu gün türkmen paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň ýedinji mejlisi boldy, oňa döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda esasy pudaklaýyn ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Arkadiý Dworkowiçiň baştutanlygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.

Toparyň bilelikdäki başlyklary duşuşygy açmak bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, aýratyn hem söwda-ykdysady we gumanitar hyzmatdaşlykda gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini hem-de artýan depginini kanagatlanmak bilen nygtadylar. Duşuşyga gatnaşyjylar ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesinde köpýyllyk hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtap, iki dostlukly ýurtlaryň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmekde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyna möhüm orun berilýändigini bellediler.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna we mümkinçiliklerine, öň gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça alnyp barlan işleriň jemlerine, şeýle hem netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleler bilelikdäki Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibine girizildi. Duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady pudagyny, ýangyç, energetika ulgamyny, elektrik energetikasyny, maşyngurluşygyny, ulag-kommunikasion ugry, oba hojalygyny we beýleki birnäçe pudakalary ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlediler. Şunda rus kompaniýalarynyň dürli ulgamlarda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän taslamalara ýokary derejede gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Iki ýurduň işewür toparlarynyň we telekeçileriniň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri mejlisde gozgalan meseleleriň biri boldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar pikir alyşmagyň çäklerinde gumanitar we ylmy-tehnologiki ulgamda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak, hususan-da, bilim, ylym we medeniýet babatda däp bolan gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek barada hem pikiri aýtdylar. Soňky ýyllarda täze hile we mazmuna eýe bolan türkmen-rus sebitleýin hyzmatdaşlygynyň meselelerine hem garaldy.

Mejlisiň ahyrynda bilelikdäki toparyň agzalary şular ýaly işewür duşuşyklaryň ähmiýetini belläp, Hökümetara toparynyň işiniň iki dostlukly halklaryň bähbitlerine ähli ugurlar boýunça doly möçberli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler, şol duşuşyklaryň barşynda mundan beýläk-de netijeli döwletara hyzmatdaşlygy üçin esasy kemala getirmäge umumy çemeleşmeler işlenip taýýarlanylýar. Mejlise gatnaşyjylar deňiz ulaglary babatda hyzmatdaşlyk hakynda, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň seýsmologiýa institutynyň we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Ýeriň fizikasy institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda häzirki duşuşykda ylalaşygyň gazanylmagy bilen kanagatlanýandyklaryny beýan etdiler.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

*** Şu gün Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Russiýaly myhmanlaryň wekiliýeti, ýagny Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisine gatnaşyjylar Sergi köşgünde açylan “Türkmentel-2013” atly telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlaryň we teleradio ýaýradyş enjamlarynyň VII Halkara sergisine, şeýle hem türkmen paýtagtynyň häzirki zaman sport düzüminiň käbir iri desgalaryna baryp gördüler.

Russiýa Federasiýasynyň hökümetiniň başlygynyň orunbasary Arkadiý Dworkowiçiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň agzalary türkmen paýtagtynyň häzirki zaman iri desgalaryna, şol sanda Gyşky sport oýunlary toplumyna hem baryp gördüler. Bu ýerde Olimpiýa oýunlarynyň üç gezek çempiony, dünýäniň 11 gezek çempiony, Ýewropanyň 10 gezek çempiony, RF-nyň Döwlet dumasynyň deputaty, Watandaşlar we GDA ýurtlary bilen aragatnaşyklar baradaky komitetiň agzasy Irina Konstantinowna Rodnina uly buzly sahnada ýaş türkmen figuralaýyn typyjylaryna ussatlyk sapagyny görkezdi. “Buz şa perisiniň” çykyşyny öz gözleri bilen görmek üçin Köşgüň münberlerine Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary we “Olimp” mekdebiniň okuwçylary ýygnandylar. Ýaş türgenler Irina Rodninanyň ýolbaşçylygynda buzuň üstünde oýnalýan tansyň aýry-aýry tälimlerini öwrendiler, buzda typmagyň dürli hereketlerini özleşdirdiler. Soňra meşhur türgen zenan bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmagynda ajaýyp owazyň astynda buz üstündäki görkezme tansyny ussatlarça ýerine ýetirdi.

Soňra sapaklar horeografiýa zalynda dowam etdi. Bu ýerde I.K. Rodnina ýaş türkmen türgenleri bilen bilelikde hereketleriň çeýeligini ösdürýän ýörite maşklary ýerine ýetirmek bilen, dürli tehniki tärleri özleşdirdi. Mälim bolşy ýaly, horeografiýa bilen meşgullanmak figuralaýyn typyjylary taýýarlamagyň esasy bölegi bolup durýar. Saz astynda ýerine ýetirilýän maşklar taýýarlyk görmegiň birnäçe möhüm meselelerini çözmäge ýardam edýär. Galyberse-de, horeografiýa saza bolan üşügi we täsirliligi ösdürmäge, utgaşdyryjylyk mümkinçiliklerini artdyrmaga, fiziki aýratynlyklary, ilkinji nobatda çeýeligi, tizligi we güýji ösdürmegiň derejesini ýokarlandyrmaga ýardam edýän hereket endikleriniň toplumyna eýe bolmaga mümkinçilik berýär.

Türgenleşikler tamamlanandan soň RF-nyň Döwlet dumasynyň deputaty, Watandaşlar we GDA ýurtlary bilen aragatnaşyklar baradaky komitetiň agzasy Irina Konstantinowna Rodnina Gyşky sport oýunlary toplumynda ýerleşýän sport üstünlikleriniň muzeýine baryp gördi. Bu ýerde türkmen türgenleriniň üstünliklerini şekillendirýän fotosuratlar myhmanyň ünsüni özüne çekdi. Bu ýerde şeýle hem meşhur türgeniň biziň ýurdumyza öňki saparlary mahalynda düşürilen suratlar ýerleşdirilipdir. Diwarlyklarda şu ýylyň aprelinde Moskwada geçirilen buz üstündäki tanslaryň halkara çagalar festiwalynda düşürilen suratlar hem bar. Mälim bolşy ýaly, Irina Rodninanyň guran bu sport forumynda Türkmenistandan baran ýaş türgenlere iň gowy horeografiýa üçin Kubok we degişli diplom gowşuryldy. Häzir şol hormatly sport baýraklary muzeýde saklanýar.

Sport ulgamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny berkitmäge goşan goşandy üçin minnetdarlygyň nyşany hökmünde Irina Rodnina hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaby sowgat berildi. Myhman bu ajaýyp sowgat üçin hoşallyk bildirip, biziň ýurdumyzda sportuň, hususan-da, figuralaýyn typmagyň ösdürilmegine ýokary baha berdi. Belli rus türgen zenany Türkmenistanda we onuň paýtagtynda sport desgalarynyň gurluşygynyň gerimine haýran galandygyny aýtdy. Şol desgalaryň hatarynda Olimpiýa şäherjigi bolup, onuň sport meýdançalarynda 2017-nji ýylda ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler.

Sport ulgamynda gysga döwrüň içinde Türkmenistanyň gazanan uly üstünliklerini belläp, myhman bu ýagdaýyň Türkmen döwletiniň Baştutanynyň bu ulgamy ösdürmäge berýän ägirt uly ünsüniň netijesi bolup durýandygyny aýtdy. Geljekde bu üstünlikleriň ençeme esse artjakdygyna ynam bildirip, Irina Rodnina figuralaýyn typmak babatda tejribe alyşmagyň dowam etdirilmegini goldady. Şunuň bilen baglylykda, meşhur türgen buz üstündäki tanslaryň Halkara çagalar festiwalynyň diňe Moskwada däl-de, eýsem beýleki ýurtlarda, şol sanda Türkmenistanda geçirilmegini isleýändigini belledi. Munuň özi ýaş türkmen türgenlerine öz ussatlygyny görkezmek üçin oňaýly mümkinçilik bolardy, şeýle hem sportuň bu görnüşini ýurtda has-da ýaýratmak işine hyzmat ederdi.