Ï Maglumat – kommunikasiýa tehnologiýalary – halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň kepili
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Maglumat – kommunikasiýa tehnologiýalary – halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň kepili

view-icon 4152
Şu gün türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2013” atly VII halkara sergisi hem-de “Türkmenistan we dünýä maglumat – telekommunikasiýa ulgamlary” atly halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady.

Ýylyň iri ýöriteleşdirilen forumy ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna okgunly goşulyşmagynyň ýolunda gazanan ägirt uly üstünliklerini görkezýän netijeli çärä öwrüldi. Ýurdumyzyň ägirt uly kuwwaty we okgunly ösýän bazar, milli ykdysadyýetiň ösýän düzümi, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynda, şol sanda aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamlarynda daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin maýa goýumlary babatda özüne çekiji ýagdaýy üpjün edýär.

Şu foruma gatnaşyjylaryň uly düzümi hem munuň aýdyň subutnamysydyr. Onda ABŞ-dan, Germaniýadan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Şweýsiýadan, Fransiýadan, Russiýadan, Daniýadan, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Koreýadan, Türkiýeden, Sloweniýadan we Ýewraziýa yklymynyň beýleki ýurtlaryndan 20-den gowrak iri transmilli korporasiýalar hem-de kompaniýalar, aragatnaşyk hyzmatlaryny ýerine ýetirýän halkara düzümleri we kontent – prowaýderler özleriniň tekliplerini, netijeli işläp taýýarlamalaryny we innowasiýalaryny, toplumlaýyn çözgütlerini hem-de IT-hyzmatlaryny hödürlediler.

Olaryň köpüsi Türkmenistanyň aragatnaşyk ulgamyny häzirki zaman halkara ülňüleriniň derejesine çalt çykarmak boýunça giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Şol ülňüler bolsa telegepleşikleriň hem-de maglumatlar kommunikasiýalarynyň ýokary hilli bolmagyny üpjün edýär. Şeýle hyzmatdaşlaryň hatarynda THALES Аlenia Space, Nokia Siemens Networks, Rohde & Schwarz, Hermes, HUAWEI Technologies, Eutelsat SA, Sony Elertronik, Siemens Enterprise Сommuniсations, «SICKO», Eastwind, «Gazprom Kosmiçeskiýe sistemy» jogapkärçiligi çäkli jemgyýet, Prima Telekom, Poliком, MTS Telekom, Avaya Nederland, Sumsung Elektronics, Panasonik we beýlekiler bar.

Häzirki wagtda pudaklaýyn düzümiň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy, iň kämil enjamlaryň we täzelikleriň ulanylmagy netijesinde ýurdumyzda aragatnaşygyň, tele we radiokommunikasiýalaryň, sanly alyp–berşiň köpşahaly ulgamy hereket edýär, elektron resminama dolanyşyk ulgamy çalt depginler bilen ornaşdyrylýar. Telefon stansiýalaryň awtomatlaşdyrylan ulgamynyň, şol sanda sanly telefon aragatnaşyk ulgamynyň ösmegi ýokary hilli aragatnaşyk hyzmatlarynyň amala aşyrylmagyny, şeýle hem giň zolakly, Internete girmek üçin ýokary tizlikli ýaýlymlaryň ulanylmagyny üpjün edýär. Milli “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň müşderileriniň sany barha artýar. Telefon aragatnaşygyny giňeltmek maksady bilen transmilli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny çekmek işi dowam etdirilýär.

Ýokary tizlikli Internete geçmek, LTE tehnologiýalarynyň binýadynda iň kämil 4G ykjam aragatnaşygyna birikdirmek boýunça işler ýokary depginde alnyp barylýar. Türkmen paýtagtynda we Türkmenbaşy şäherinde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Wi-Fi simsiz aragatnaşyk ulgamy ornaşdyrylýar. Okuw-bilim edaralaryny Internet ulgamyna birikdirmek, okatmagyň multimediýa we interaktiw serişdeleri bilen üpjün etmek işi güýçli depginde hem-de giň gerimde alnyp barylýar.

Türkmen aragatnaşykçylarynyň ýakyn geljek üçin öňde duran wezipeleriniň hatarynda milli teleradio gepleşiklerini hemra arkaly alyp bermegiň zolagyny giňeltmek, öz emeli hemramyzy Ýeriň golaýyndaky orbita çykarmak arkaly milli hemra aragatnaşyk ulgamyny döretmek boýunça işleri işjeňleşdirmek wezipeleri bar.

Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeler, şeýle hem daşary ýurtlaryň esasy kompaniýalary we halkara guramalary bilen köp ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi jähetinden döwletiň milli telegepleşikler, telemetriýa we maglumatlar kommunikasiýalary ulgamlaryny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hem-de awtomatlaşdyrmak boýunça maksadalaýyk syýasaty durmuşa geçirýändigi netijesinde şeýle ýokary netijeler gazanyldy.

Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde geçirilen sergi üç günüň dowamynda ýurdumyzyň aragatnaşyk, teleradiogepleşikler we IT-hyzmatlar ulgamlarynda gazanylan üstünlikler, şeýle hem dünýäniň telekommunikasiýa senagatynyň täzelikleri, onuň ösüşiniň häzirki zaman ugurlary hem-de geljegi bilen jikme-jik tanyşmaga mümkinçilik berdi. Serginiň maglumatlar tehnologiýalary, telekommunikasiýalar, telemetriýa we ölçeýji enjamlar, simsiz hem-de giň zolakly aragatnaşyk, audio we wideo ýazgylary amala aşyrmak üçin enjamlar, kabel önümleri, aragatnaşyk ulgamynda operator hyzmatlary, ýörite tehnika, logistika ýaly bölümlerinde iň soňky işläp taýýarlamalar we innowasiýalar görkezildi.

Ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleri hem Türkmenistanyň pudaklaýyn kärhanalary we maglumatlar hem-de kompýuter tehnologiýalary we hyzmatlar bazarynda, şol sanda tehniki aragatnaşyk hyzmaty ulgamynda, tele we radio alyp berlişinde, wideogözegçilik ulgamynda üstünlikli hereket edýän daşary ýurtly işewür toparlar bilen ysnyşykly işleýärler. Hojalyk jemgyýetleriniň we hususy kärhanalaryň 20-den gowragynyň, şol sanda “ADVIS”, “Sypaýy”, “Imdat Elektronika”, “Sitkom”, “Türkmen akaba”, “Nurseçme”, “Niýet-optik”, “Sony-Nur”, “Hasabat”, “Ak Sim”, “Guwan”, “Gujurly inžener”, “Intek” hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen telekeçiligini ösdürmek boýunça amala aşyrýan syýasatynyň netijeliligini görkezdi. Telekeçigiň wekilleri ýurdumyzyň telekommunikasiýalar senagatyny, öýjükli we ykjam aragatnaşyk ulgamyny, Internet ulgamyny ösdürmäge we öňdebaryjylaryň hataryna çykarmaga saldamly goşant goşýarlar.

“Türkmentel-2013” halkara sergisiniň çäklerinde “Türkmenistan we dünýä maglumat – telekommunikasiýa ulgamlary” atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Oňa iri halkara guramalarynyň – Halkara elektroaragatnaşyk birleşiginiň, Sebitleýin aragatnaşyk arkalaşygynyň, Merkezi Aziýa öýjükli forumyň, Owganystanyň, Eýranyň, Gazagystanyň döwlet düzümleriniň, şeýle hem dünýäde meşhur işewür kompaniýalary bolan Sony Eleсtronik, Мicrоsоfт, Hermes Datacomms, Siemens Enterprise Communications, THALES Аlenia Space, Моtorola Solutions, TransTeleCom, Tata Communication, Eastwind, Aragatnaşyk inžiniring, Moskowskiý teleport, RosTelekom, JUNIPER NETWORKS, COLVIR Softgate Solution, Eastwind, MTS MITAS Telekom Systems, Avaya Nederland, «ELTI d.o.o.» ýaly kompaniýalaryň we beýlekileriň ýolbaşçylary hem-de menejerleri gatnaşdylar.

Ylmy forumyň maksatnamasynyň çäklerinde maglumatlar tehnologiýalaryny we aragatnaşygy ösdürmegiň strategiýasy, aragatnaşygyň sebitleýin bazarlaryny giňeltmek we olaryň ähmiýeti, daşary ýurt maýalary üçin ileri tutulýan ulgamlar, hemra tehnologiýalaryny, telekommunikasiýalary we teleradio gepleşikleri kämilleşdirmek, Interneti we programma üpjünçiligini döwrebaplaşdyrmak, maglumat howpsuzlygy ýaly düýpli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Serginiň maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Argatnaşyk ministrlikleriniň pudaklaýyn edaralarynda, şeýle hem sergi merkeziniň meýdançalarynda daşary ýurtly işewür toparlaryň wekilleriniň türkmen hünärmenleri bilen duşuşyklary geçirildi.

Mejlisleriň barşynda aragatnaşyk ulgamyndaky hünärmenler we bilermenler, işläp taýýarlaýjy alymlar, programmaçylar, işewür toparlaryň wekilleri örän wajyp teklipler we pikirler bilen çykyş etdiler. Forumda edilen çykyşlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has netijeli ugurlary barada anyk düşünje berildi.

Serginiň işi tamamlanandan soň, onuň ýapylyş dabarasy boldy. Dabaranyň barşynda sergä gatnaşyjylara ýörite diplomlar we sertifikatlar gowşuryldy.

Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel-2013” atly VII halkara sergisine hem-de “Türkmenistan we dünýä maglumat – telekommunikasiýa ulgamlary” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, Aşgabatda pudagy ösdürmegiň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we geçirilen forumyň milli özgertmeler maksatnamalarynda hem-de taslamalarda göz öňünde tutulan maksatlara ýetmäge, umuman, Türkmenistanyň dünýäniň maglumat-kommunikasiýa giňişligine üstünlikli goşulyşmagyna ýardam etjekdigini bellediler.