Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 625
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Eýrandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, awtobenzini, polpropileni, binýatlyk ýagy, nebit koksuny satyn aldylar. Şeýle hem Beýik Britaniýadan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümi bolan göni arassalaýyşdan geçen benzini, satyn aldylar. BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň tehniki ýodyny aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna tekiz reňklenen we tüýjümek harytlar, jinsi matalar, nah ýüplükler, agardylar pagta süýümi, gara kölüň ýüňüni, pagtany gaýtadan işleýän senagatyň galyndylary ýerlendi. Olary Russiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Singapur, Türkiýe, Lihtenşteýn, Ukraina, Belarusdan, Gyrgyzystan ýaly ýurtlaryň wekilleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 99 million 300 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Gonkongdan, Ukrainadan, Gyrgyzystandan gelen işewürler pagta ýagyny, nah ýüplügi, pagta şprotyny satyn aldylar. Onuň umumy bahasy 11 million manatdan gowrak boldy.

Içerki bazarda ýurdumyzyň telekeçileri 68 müň manatlykdan gowrak azyklyk bugdaýy satyn aldylar.