Ï Täze hasylyň düýbi tutulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze hasylyň düýbi tutulýar

view-icon 880
Ýurduň umumy 860 müň gektar bugdaý ekiljek meýdanynda bugdaý ekiş möwsümi gyzgalaňly alnyp barylýar. Häzirki wagtda 523 gektardan hem gowrak meýdana ekiş geçirildi. Bu bolsa göz öňünde tutulan möçberiň 61göteriminiň ýerine ýetirilendigini aňladýar. Ýurtda her günde 17 müň 108 gektar meýdana bugdaý ekilýär.

Ahal welaýatynda bugdaý ekilişine has köp meýdan bölünip berlendir – welaýatda bugdaý 225 müň gektar meýdana ekilýär, häzirki wagtda welaýatda bugdaý 145 müň gektar meýdana ekildi. Mary sebtinde bugdaý 200 müň gektar meýdana ekilýär, häzir bu ýerde 131 gektar meýdana bugdaý ekildi. Ýurduň demirgazyk sebtinde umumy ekilmeli 180 müň gekar meýdanyň 76,5 müň gektar meýdana bugdaý ekildi. Lebap welaýatynda – 175 müň gektar meýdanyň 119 müň gektar meýdanyna bugdaý ekildi we Balkan welaýatynda – 80 müň gektar meýdanyň 51 müň gektara golaý mebdana bugdaý ekildi.

Mälim bolşy ýaly, güýzlük bugdaý ekişine şu ýylyň 17-nji awgustynda bir wagtyň özünde ýurduň bäş welaýatynda badalga berildi. Umumylykda şu ýyl bugdaý ekmek üçin 198 müň 70 tonna saýlama tohum taýýarlanyldy. Häzirki wagtda bu oba hojalyk möwsüminde 120 müň tonna bugdaý tohumy ekin meýdanlaryna ekildi.

Ekin meýdanlarytnda “Türkmenobahyzmat” Döwlet birleşiginiň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda tehniki taýdan üpjünçilik işleri guraldy. Ekiş möwsüminde 3500 töweregi sürüm traktorlary, 1600-den gowrak ekiş, “Jon Dir”, “Сase”, “Сlaas”ýaly dürli enjamlar, şeýle hem “Belarus”, “MTZ-80х” we “MTZ-82.1” oba hojalyk maşynlary işledilýär. Hyzmat we tehniki hyzmat edilşi gije-gündüzleýin üpjün edilýär.Göçme abatlaýyş ussahanalary, ýöriteleşdirilen hyzmat ediş maşynlary, ýangyç daşaýan maşynlar ekiş möwsümine gatnaşyjylara hyzmat edýär.

Bugdaýyň ýumşak we gaty görnüşleriniň 15-si geljekki hasylyň binýadyny tutýar. Olardan “Batko”, “Sähraýy”, “Ýolöten-1”, “Bitarap”, “Juwan”, “Ýubileýnaýa-100”, “Türkmenbaşy-1” ýaly tohumlaryň görnüşlerini görkezmek bolar. Ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän bugdaý tohumlary pes temperatura durnukly bolýar, çalt ýetişýändigi, ýokary hasyllylygy, kesele garşy durnuklylygy bilen tapawutlanýar.

Ýurduň häzirki bugdaý ekilýän meýdanlarynda toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, eýýäm ikinji ýyl ekiş üçin ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen bugdaý tohumlarynyň ikisi – “Ýolöten-3” (Balkan welaýatyndan başga ähli welaýatlarda) we “Miras” (Mary welaýatynda) görnüşleri ekilýär. Bugdaýyň ýumşak görnüşleri Marynyň pagtaçylyk ylmy-gözleg institutynda we Ahalyň däneçilik YGI taýýarlanyldy.

Mundan hem başga, Russiýadan getirilen bugdaý tohumlarynyň üçüsi - “Nota”, “Irişka” we “Wassa” görnüşleri türkmen topragyna oňat uýgunlaşdylar. Olaryň tohumlary geçen ýylky ekiş möwsüminde ulanyldy. Tohumlaryň bu görnüşleri ýerli toprak-howa şertlerine oňat hilli uýgunlaşdy we geçirilen synaglarda özleriniň oňaýly taraplaryny görkezdiler. Şeýleleik bilen, 2013-nji ýylyň ekiş möwsümi başlanýança bugdaýyň bu görnüşleriniň 800 tonnasy taýýarlanyldy. Şu ýyl Stawropol ülkesinden getirilen bugdaýyň “Krupinka” görnüşi ilkinji sapar bugdaý meýdanlaryna ekilýär.

Bugdaý ekiş möwsümini eýýäm şu ýylyň oktýabr aýynda tamamlamak göz öňübde tutulýar. Soňra daýhanlar üçin has jogapkärli döwür bolan ekinlere ideg etmek döwri başlanýar. Boýun alynan borçnama laýyklykda, türkmen daýhanlary 2014-nji ýylda 1 million 600 müň tonna, şol sanda Ahal welaýaty boýunça 450 müň tonna, Daşoguz welaýaty boýunça – 300 müň tonna, Lebap welaýaty boýunça - 350 müň tonna, Mary welaýaty boýunça – 380 müň tonna, Balkan welaýaty boýunça – 120 müň tonna bugdaý tabşyrmagy maksat edinýärler.