Gyzgalaňly dowam edýän pagta ýygymy möwsüminde bereketli harmana göz öňünde tutulandakysyndan ýarysyndan gowragy tabşyryldy. Ýurt boýunça häzirki wagta çenli 541 müň 419 tonna pagta ýygnaldy. Bu bolsa tabşyrygyň 51,56 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar.
Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň “ak altyn” ussatlary boýun alan borçnamalaryny likinji bolup ýerine ýetirmegi başardylar. Olar döwlet harmanyna 1 müň 652 tonna pagta tabşyryp, bu baradaky tabşyrygy 127, 08 göterim ýerine ýetirdiler. Mary welaýaty boýunça Tagtabazar etraby bellenen borçnama barha ýakynlaşýar. Bu ýerde 11 müň 536 tonna (86,09%) pagta ýygnaldy. Lebap welaýatynyň Halaç (22 müň 110 tonna – 72,49%), Beýik Türkmenbaşy (7 müň 681 tonna – 67,38%) we Hojambaz (13 müň 383 tonna – 62,25%) etraplary pagta ýygymynyň sanawynda ilkinji bäşlige düşmegi başardyalr.
Oba hojalyk tehnikalary – pagta ýygyjy kombaýnlaryň, ýük ulaglarynyň, tirkegli traktorlaryň 9 müňden gowragy bökdençsiz işledilýär, abatlaýyş we tehniki hyzmat gulluklary gije-gündüzleýin işledilýär. Hasyly mehanizimleşdirilen usul bilen ýygnamagy üpjün etmek üçin awiatehnikalar we pürkiji enjamly traktorlaryň müňlerçesinden gowragy gowaçanyň ýapraklaryny düşürmekde ýerlikli ulanylýar.
Taýýarlaýyş nokatlarynyň 159-sy we ýurduň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 36-sy bökdençsiz ýagdaýda işledilýär. Daýhan birleşiklerinde pagataçylar bilen maliýe hasabatlary öz wagtynda geçirilýär.
Pagta ýygym möwsümine şu ýylyň awgust aýynyň ahyrynda ýurduň dört welaýatynda badalga berildi. Sentýabr aýynyň ilkinji on günlüginde ýurduň demirgazyk sebtinde – Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna girişildi. Şu ýyl ýurduň pagtaçylary ýarym million gektar meýdandan 1 million 50 müň tonna pagta ýygnamagy maksat edinýärler.