Türkmen paýtagtynyň iň iri gurluşyk desgalarynyň biri bolan Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygynda gazbeton bloiklary ulanylýar.
Awtoklaw gazbetonyndan bloklary öndürýän kärhana türkmen paýtagtyndan demirgazykda emele gelýän senagat zolakda 2010-njy ýylda guruldy. Taslama kuwwatlylygy ýylda 200 müň kub metr bolan önümi öndürmegiň çäklerinde bu günki gün, üç ýyl geçenden soňra, zawod kadaly ýagdaýda işleýär. Önümçilik üçin esasy çig mal – garagumuň we baharlynyň kwars çägesi, sement, suw guýulmadyk hek we gips bolup durýar. Bu gurluşyk önümleri gerek bolan möçberde ýurduň ýataklaryndan, känlerinden we kärhanalaryndan bu ýere gelip gowuşýar. Diňe alýumin pudrasy daşary ýurtdan satyn alynýar.
Biziň ýurdumyzyň gurluşykçylarynyň gazbeton gurluşyk bloklaryna bolan gyzyklanmasy näme bilen şertlendirilendir? Awtoklaw gazbetony – önümi işläp taýýarlamakda innowasion, ýeňil we ykjamdyr. Ýylylyk izolýasiýasy hili boýunça 30 santimetr galyňlykdaky gazbetony 75-90 santimetr keramzitr betonyna ýa-da kerpiç örüminiň ýarym metrinden gowragyna barabardyr. Bu materialda bir wagtyň özünde tebigy daşa we agaja mahsus bolan aýratynlyklar sazlaşýar, bu önümden taýýarlanan diwarlar ýyly howany jaýyň içinde saklaýar hem-de olaryň özi ýylylygy bölekleýin toplaýar. Şunlukda olar binanyň içki jaýlarynyň içiniň çyglylygyny bir derejede saklamak bilen, “dem alýarlar”. Bu bolsa ýylyň isalendik wagtynda şular ýaly bloklardan salnan jaýlarda oňaýly mikriklimaty üpjün edýär, tomus we gyş aýlarynda bolsa jaýyň içinde howany ýyly ýa-da salkyn saklamak üçin çykdajyny 20 göterm tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Bu ses saklaýan we seýsmiki taýdan durnukly bolan uniwersal gurluşyk önümi suwalmaga mätäç däldir.
Bu gurluşyk önümi daşky gurşawa zäherli madddalary bölüp çykarmaýan tebigy önümlerden taýýarlanylýar. Gazmeton çüremeýän häsiýete eýedir, şeýle hem heňlemeýär hem-de pökgermeýär, dykyzlandyrmada ýokary berklige eýedir, berkligi bilen – epesli ulanyş serişdesi hökmünde tapawulanýar, ýangyn täsir etmeýär. Şonuň üçin hem wentilýasion we şahta liftleriniň gurluşygy üçin ulanmaga oňaýlydyr. Üsresine hem olar sowuga garşy ýokary durnuklydyr. Bir söz bilen aýdanyňda, onuň biziň ýurdumyzda ulanylmagy gurluşyk meseleleriniň giden bir toplumyny üstünlikli çözmäge şert döredýär.
- Zawod Türkmenistanyň senagat ministrligine degişli bolup, ol beýleki kärhanalaryň arasynda öz ugry boýunça şular ýaly gurluşyk önümi bilen Türkmenistanyň çalt depginler bilen ösýän gurluşyk senagatyny üpjün edýän ýeke-täk kärhanadyr – diýip, zawodyň direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji direktory Saparmuhammet Bedirow gürrüň berýär. – Zawod gurluşyk kompaniýalaryň – ýurduň hem hususy , hem “Polimeks” we beýleki iri daşary ýurt kompaniýalarynyň potratçylaryny buýurmasy esasynda dürli ölçeglerdäki gazbeton bloklaryny öndürýär. Şu ýerde bu türk komaniýasy biziň zawodymyzy gurdy, indi ol öz gurluşyk desgalary üçin önümleri diňe bizden alýanndygyny bellemelidiris. Döwlet kärhanalarynyň arasynda täze häzirki zaman Garlyk şäherçesi üçin gazbeton bbloklaryny alýan Lebap welaýatynyň häkimliginiň Düýpli gurluşyk müdirligi zawod bilen hyzmatdaşlyk sakalýar.
Kärhanada ýüzden gowrak ýokary hünärli hünärmenler işleýär, zawodyň konweýer liniýalary doly mehanizimleşdirilendir hem-de ol kompýuter ulgamy arkaly gözegçilik edilýär. Zawodyň barlaghanasy garyndylaryň düzüminiň hilini yzygiderli barlap durýar, işiň gidişini we öndürilýän önümleriň hilini barlaýar. Kärhana 400-600 kilogram kub metr dykyzlykdaky gazbetonlaryny, ondan dürli ölçeglerdäki diwarlyk bloklary we ýylylyk izolýasion gernewleri öndürmäge niýetlenendir.
Bu gurluşyk önümi ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny we bir gatdan dört gata çenli binalary gurmaga şert döredýär. Gazbeton bloklary jaýlaryň daşky diwarlaryny işläp bejermäge – kesmäge, deşmäge ýeňil düşýär, gerek bolan termiki garşylygy üpjün edýär, ýagny diwarlaryň daşky ýüzüni örtmeseň hem bolýar. Şunuň ýaly gurluşyk önümi ulanylanda onuň beýleki aýratynlygy hem bardyr – arzan bahaly, gurnamada ýönekeý bolup, ýörite ýelimler arkaly örülýär, bloklaryň birleşdirilmesi durnuklydyr.