Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 970
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň, Şweýsariýanyň, Belgiýanyň, Türkiýäniň, BAE-niň, Singapuryň we Ukrainanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna jinsi matany, nah ýüplükleri, pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 13 million 949 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Russiýadan, ABŞ-dan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Ukrainadan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler tüýjümek we jinsi önümlerini, arassalanylan pagta ýagyny, matany we nah ýüplükleri, garaköli hem-de saryja goýnunyň ýüňüni satyn aldylar. Geleşikleriň jemi möçberi 7 million 18 müň manatlykdan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 547 müň manatlykdan gowrak bolan polipropileni we azyklyk bugdaýy satyn aldylar.