Ï Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňişi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňişi

view-icon 694
Şu gün, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň pagtaçylary ýurdumyzda ilkinji bolup, pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada habar berdiler. Olar Watan harmanyna 5 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyrdylar.

Mälim bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň Garagum derýasynyň suwlary bilen suwarylýan ekerançylyk ýerleriniň esasy bölegi Serdar we Bereket etraplarynyň çäklerinde ýerleşýär. Ýurdumyzyň günbatar sebitiniň toprak-howa şertlerini göz öňünde tutmak bilen meýdanlara gowaçanyň orta süýümli görnüşleri ekildi. Bu möhüm oba hojalyk çäresiniň ylmy esasda ýola goýulmagy pagtaçylara bu gymmatly çig maly öndürmek boýunça ýokary netijeleri gazanmaga ýardam berdi.

Özleriniň pagta taýýarlamak baradky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetiren balkanlylaryň bu üstünligi ekerançylaryň köp aýlaryň dowamynda gowaçalara ähli agrotehniki kadalaryň we talaplaryň berjaý edilmegi bilen göwnejaý ideg etmekleriniň hem-de pagtanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça öňdebaryjy tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagynyň kanunalaýyk netijesidir.

Şu pagta ýygymy möwsüminde Balkan welaýatynyň babadaýhanlary ajaýyp netijeleri gazanmak bilen, özleri üçin döredilen maddy taýdan höweslendirmegiň saldamly binýadyna we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirýän iri möçberli özgertmelerine daýanmak bilen, ýetişdirilen hasylyň iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin tutanýerli zähmet çekýärler.

Welaýatyň pagtaçylary mundan beýläk hem öz öňlerinde goýlan wezipeleri mynasyp ýerine ýetirmek, oba hojalyk önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmegiň depginlerini ýokarlandyrmak we Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, onuň abadançylygy üçin ellerinde baryny edip, zähmet çekjekdiklerine milli Liderimizi ynandyrdylar.