Ï “Türkmenbalyk” täze söwda öýi açyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Türkmenbalyk” täze söwda öýi açyldy

view-icon 940
Şu gün, milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllyk şanly baýramçylygynyň öňüsyrasynda paýtagtymyzyň N.Andalyp we Ýunus Emre köçeleriniň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň “Türkmenbalyk” söwda öýüniň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy.

Şu günler dabaraly ýagdaýda gurlup ulanmaga berilýän täze binalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen we halkymyzyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesiniň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli şähergurluşyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

“Türkmenbalyk” söwda öýüniň 5 gatly täze binasy ýöriteleşdirilen balyk söwdasy dükanyndan, restorandan we edara ediş desgalaryndan ybarat bolup, milli binagärlik däpleriniň we häzirki zamanyň öňdebaryjy ýörelgeleriniň sazlaşygynda örän oýlanyşykly we özboluşly binagärlik keşbine eýedir. Onda häzirki zaman söwda merkezlerine mahsus bolan ähli ugurdaş ýagdaýlar döredildi. Örän ykjam hem-de gelşikli söwda tekjeleri, alyjylara hyzmat etmegiň öňdebaryjy usullary söwda merkeziniň artykmaçlygydyr. Şeýle hem toplumda ähli amatlyklary özünde jemleýän edara ediş otaglary we harytlary saklamaga niýetlenen jaýlar bar. Bina sowadyşyň we ýyladyşyň häzirki zaman ulgamy bilen üpjün edilipdir. Onda balyk we balyk önümlerini saklamak hem-de olary alyjylara hödürlemek üçin ähli amatly şertler döredilipdir.

Dükanyň tekjelerindäki harytlaryň köpdürlüligi ýurdumyzyň içerki bazarynda azyk bolçulygynyň berkidilmegini, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalaryň, oňyn tejribeleriň ornaşdyrylmagyny ugur edinýän balyk hojalygynyň ýeten derejesini doly aýan edýär. Söwda zallarynyň bezeg aýratynlyklary barada aýdylanda bolsa, onda önümleriň göwnejaý ýerleşdirilmegi bilen bir hatarda, alyjylara bu ýerdäki kiçi howuzda bar bolan janly balyklar hödür edilýär. Olar alyjylaryň isleglerine laýyklykda tutulýar.

Söwda merkezinde balyklaryň dürli görnüşleri - doňdurylany, kakadylany we konserwirlenen hem-de janly balyklary bar. Täze balyk önümleriniň, şol sanda janly balyklaryň bolçulygy Türkmenistanyň döwlet balyk hojalygy komitetiniň welaýatlardaky bölümlerinden yzygiderli ugradylmagy bilen üpjün edilýär. Olarda ýylyň ähli döwründe balyk awlamak işi we suw howdanlarynda olary köpeltmek çäreleri alnyp barylýar.

Şeýle hem bu ýerdäki restoranda balykdan taýýarlanylan tagamlaryň dürli görnüşleri sarp edijilere hödürleniler.

Asyrlaryň dowamynda türkmen halky balykdan taýýarlanylan tagamlary jan saglyk üçin peýdaly hasaplapdyr. Dürli keselleriň öňüni almak maksady bilen aýda bir gezek balyk iýmek zerur saýylýar. Bu önüm biziň ýurdumyzyň baş baýlyklarynyň biri bolup durýar. Balyk awlamakda diňe bir Hazar deňzi däl, eýsem balygyň iň gymmatly görnüşleri bar bolan derýalar, köller, suw howdanlary hyzmat edýär. Balyk önümleri bilen yzygiderli iýmitlenmegiň saglyga oňyn täsiriniň bardygy ykrar edilen hakykatdyr.

Bu ýerde alyjylar üçin ähli amatly şertler bilen bir hatarda, toplumyň we hyzmat ulgamynyň işgärleri üçin oňaýly mümkinçilikler döredilipdir. Söwda öýüniň üpjünçilik ulgamy birnäçe tehniki desgalaryň üsti bilen amala aşyrylýar.

Şeýlelikde, Aşgabatda söwda we hyzmatlar düzüminiň yzygiderli kämilleşdirilmegi netijesinde häzirki döwürde bu ugur dünýä ülňülerine doly laýyk gelýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň köpugurly maksatnamasyny durmuşa geçirmek arkaly ulgamyň yzygiderli ösüşi üpjün edilýär. Häzirki günlerde ýurdumyzyň durmuşynda guralýan şanly wakalar Watanymyzyň keşbini özgertmek arkaly, häzirki zaman taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar.