Ï Mähriban Watanymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanan üstünlikleriniň sergisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mähriban Watanymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanan üstünlikleriniň sergisi

view-icon 825
Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň 22 ýyllyk baýramyna bagyşlanylan sergisi açyldy. Watanymyzyň baş baýramçylygynyň öňüsyrasynda däp boýunça geçirilýän ykdysady sergi ajaýyp gözden geçiriş meýdançasy boldy, şonda döwrebaplaşdyrmak we innowasiýalar ýoly bilen ynamly gadam urýan milli ykdysadyýetimiziň haýran galdyjy üstünlikleri, onuň çäksiz mümkinçilikleri we täze taryhy eýýamda Türkmen döwletiniň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň geljegi uly ugurlary bir bitewi aýdyň ýagdaýda görkezildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan pudagara maslahata ykdysadyýetiň döwleta degişli ulgamynyň düzüm birlikleri, bilim we medeniýet ulgamynyň edaralary, hususy telekeçiligiň ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň uly möçberli ähli ugurlaryna wekilçilik edýän kärhanalarynyň otuzdan gowragy gatnaşdy.

Sergi merkeziniň giň zallarynda joşgunly baýramçylyk ýagdaýy höküm sürýär. Döredijilik toparlary bu waka aýratyn aýdyň öwüşgin çaýyp, sergä gatnaşyjylary we myhamnalary aýdym-sazly çykyşlary bilen garşylaýarlar.



Ykdysady gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, pudaklaýyn ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary ýurdumyzda resmi taýdan bellenen diplomatiki wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara we ony guraýjylara Ýüzlenmesinde dürli pudaklarda biziň ýurdumyzyň gazanan beýik üstünliklerini görkezjek serginiň ähmiýetini belläp, halkymyzyň durmuş taýdan üpjünçiligini we ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak döwletimiziň ykdysady ösüşi bilen baglanyşyklydyr diýip nygtady.

Şu maksatlar bilen ýurdumyzda häzirki zaman zawodlary, fabrikleri we kärhanalary yzygiderli gurulýar, olar halkara standartlaryna lýayk geýlän önümleri öndürýärler. Häzirki wagtda şol önümlere dünýä bazarynda uly isleg bildirilýär. Biziň ýurdumyz ykdysady we ruhy-medeni ugurlarda belent sepgitlere ýetdi, şonuň netijesinde dünýäniň işjeň ösýän döwletleriniň arasynda esasy orunlaryň birini eýeleýär.

Milli Liderimiz hususy işewurligiň gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp, şu gözden geçiriş öz önümlerini we hyzmatlaryny görkezýän döwlet kärhanalarynyň wekillerine, hususy telekeçilere we işewürlere özara peýdaly hyzmatdaşlygyň meselelerini bilelikde çözmek hem-de pikir alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik berer diýip ynam bildirdi.

Sergi merkeziniň giň zallarynda ýerleşdirilen uly möçberli ekspozisiýalar serginiň myhmanlaryny ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrar. Olaryň ösüş depgini wideorolikleriň görkezilmeginde, ussatlyk bilen taýýarlanylan maketlerde, çaphana materiallarynda, ýagny owadan bezelen bukletlerde, broşýuralarda, žurnallarda öz beýnany tapdy.

Energetika we senagat, nebit hem-de gaz, nebit himiýasy,dokma senagaty hem-de haly dokamak, gurluşyk we gurluşyk materiallary, binagärlik, ulaglar, aragatnaşyk hem-de komminikasiýalar, oba hojalygy, önümleri gaýtadan işleýän we azyk senagaty, saglygy goraýyş we derman senagaty, bilim, sport hem-de syýahatçylyk, çaphana işi, terbigaty goramak hem-de bagy-bossanlyga öwrümek—bu ähli ugurlary ajaýyp ýagdýada bezelen ýöriteleşdirilen pawiliýonlaryň onlarçasy hödürleýär.



Ýurdumyzyň ykdysady toplumynyň binýatlyk ulgamy bolan ýangyç-energetika toplumy onuň düzüm birlikleriniň giňişleýin sergisinde hödürlendi. Mysal üçin, “Türkmengaz” döwlet konserniniň diwarlygy özboluşly “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň esasy tapgyrlary barada gürrüň berýär, harytlyk gazy taýýarlamak boýunça ýakynda işe girizilen zawodlar toplumy onuň möhüm tapgyry boldy, ol geljekde işläp gelýän we taslamasy düzülýän eksport gaz geçirijilerini tebigy ýangyç bilen üpjün eder.

“Türkmengaz” we “Türkmennebit” konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň diwarlyklarynda ýurdumyzyň dürli sebitlerindäki baý ýataklarda ýangyç serişdelerini çykarmak we gaýtadan işlemek boýunça häzirki zaman enjamlarynyň maketleri, kärhanalaryň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça taslama işläp taýýarlamalary, şeýle hem nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň önümleriniň nusgalary görkezildi.

Işiniň kysymy boýunça “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy we “Türkmenhimiýa” döwlet konserni şolar bilen ýakyndan arabaglanyşyklydyr, olaryň diwarlyklary geologiki gözlegleriň kartalaryny görkezýär, şonda nebitiň we gazyň hem-de beýleki gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň özleşdirilýän we işlenip geçilýän känleri bellenildi, şeýle hem himiýa önümleriniň dürli görnüşleri tomaşaçylara hödürlenýär.

Halk hojalygynyň isleglerini üpjün etmek üçin mineral dökünleriň öndürilişiniň möçberlerini artdyrmak himiýa senagatynyň möhüm ugrudyr. Kaliý dökünlerini öndürmäge pudagyň ägirt uly eksport mümkinçilikleri goýuldy, Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň açylmagy bilen ol mümkin boldy, Watanymyzyň ykdysadyýeti üçin geljekki täze dag-magdan gaýtadan işleýiş senagaty şonuň bilen baglanyşdyrylýar.



Elektrik energetika pudagy çalt depginler bilen ösýär, onuň kuwwaty diňe bir elektrik energiýasyna içerki talaby doly kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem onuň uly möçberlerini daşarky bazara ibermäge mümkinçilik berýär. “Türkmenenergo” döwlet elektrik energetika korporasiýasynyň, “Türkmenenergogurluşyk” we “Türkmenmaşyngurluşyk” konsernleriniň pawiliýonlarynda türkmen ykdysadyýetiniň bu babatda uly möçberli özgertmeleri ynandyryjy görkezildi.

Döwrebap ulag aragatnaşyk ulgamynyň kemala gelmegi Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ulag aragatnaşyklarynyň çatrygynda örän amatly geografik ýerleşişi bilen biziň ýurdumyz ägirt uly ulag mümkinçiligine eýedir. Şol mümkinçiligi doly güýjünde ulanmak meýilleşdirilýär. Muňa paýtagtymyzda Türkmenistanyň esasy “howa derwezesine”, yklym we yklymara howa ýollarynda iri üstaşyr merkezine öwrülmegine hyzmat etmegine gönükdirilen täze halkara howa menziliniň gurluşygynyň meýilleşdirilmegi aýdyň şaýatlyk edýär. Häzirki wagtda raýat awiasiýasynyň howa tehnikalarynyň binýady “Boing” uçarlarynyň iň täze görnüşlerine ýedir. Bu bolsa olary diňe bir içerki ugurlarda peýdalanmaga mümkinçilik bermän, eýsem-de Türkmenistandan Aziýanyň we Ýewropanyň islendik nokadyna gonuşsyz uçuş amala aşyrmagy üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenbaşydaky halkara deňiz portuny we Türkmen deňiz söwda flotuny 2020-nji ýyla çenli döwrü üçin ösdürmegiň Baş meýilnamasyna, şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyny ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda Hazaryň kenar ýakalarynda iň täze tehnologiýalar we dünýä tejribeleri dünýä esasynda port düzüminiň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Bu ugurda şu we beýleki üstünlikler barada ulag we aragatnaşyk pudagynyň ekspozisiýasy gürrüň berýär.

Serginiň ekspozisiýasynyňy mazmuny hem-de işewür maksatnamasy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň hemme ulgamlarynda halkara maýa goýum we milli taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijelilligini we ösüşleriň depginlerini aýdyň beýan edýär. Olar pudaklaýyn ministrlikler we edaralar, döwlet konsernleri we assosiýalary, banklar we Haryt-çig mal biržasy, aýry-aýry kärhanalar tarapyndan hödürlenendir.

Milli ykdysadyýetimiziň eksport ugurly pudaklarynyň öňdebaryjylarynyň biriniň önümini – 100 göterim pagtadan we ýüpekden taýýarlanylan ýokary hilli önümleri dokma senagaty ministrligi hödürledi.

Türkmenistanyň ykdysady senagatyň möhüm ugurlarynyň hataryna gurluşyk senagaty hem-de gurluşyk materiallarynyň önümçiligi girýär. Bu babatda dürli ähmiýetli desgalary bina etmek boýunça, şol sanda sebitleri ösdürmek boýunça iri möçberli döwlet maksatnamasyny durmuş geçirmegiň çäklerinde iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Şu ýerde hususy telekeçiligiň wekilleriniň işjeň gatnaşýandygyny bellemek zerurdyr. Olaryň güýji bilen ýokary halkara standartlarynyň derejesine laýyk gelýän dolandyryş edaralary, önümçilik hem-de durmuşy ähmiýetli toplumlar, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary we okuw binalary, saglyk öýleri, söwda merkezleri bina edilýär. Muňa Aşgabadyň gurmagyň 13-nji nobatdakysynyň taslamasy aýdyň mysal bolup hyzmat edýär. Onuň durmuşa geçirilmegi Türkmenistan senagatçylyk we telekeçiler birleşigine girýän Ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýalarynyň konsorsiumyna doly ynanyldy. Bu sergide bu birleşige “Myradym”, “Çyzgy”, “Muhammet Balkan gurluşyk”, “Dürli ýaz”, “Polat gurluşyk”, “Aýbölek” ýaly we beýleki iri kompaniýalar we firmalar wekilçilik etdi.


Sergide görkezilýän ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap inženerçilik we binagärlik pikirleriniň hemme standartlary boýunça eýýam bina edilen we gurulýan desgalaryň maketleri, şeýle hem şol sanda ýurdumyzyň hususyýetçileri tarapyndan öndürilýän ýokary hilli innowasion gurluşyk materiallarynyň we dokma önümleriniň, mebelleriň, azyk önümleriniň giň görnüşleri türkmenistanlylaryň durmuşynyň hemmataraplaryny öz içine alýan özgertmeleriň giň gerimlerini aýdyň şöhlenendirýär.

Ýokary hilli et, süýt, makaron we konditer önümleriniň, ösümlik ýaglarynyň, çagalar üçin niýetlenilen önümleriň, balyk we et konserwleriniň, täze miwe we gök önümleriniň, kakadylan miweleriň (olaryň ajaýyp tagamlaryny şol ýerde dadyp görmek mümkinçiligi hem döredildi) örän köp dürli görnüşleri içerik bazary azyk harytlary bilen üpjün etmek boýunça döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Umumy kabul edilen ekologik we estetik halkara standartlaryna taraplaryna laýyklykda gaplanan we bezelen bu önümleriň Türkmenistanyň eksport syýasatynda öz aýratyn ornuny eýeleýändigini belläp geçmek zerurdyr.

Hakykatda häzirki serginiň esasy aýratynlygy onuň ruhy medeni hem-de intellektual taraplarydyr. Ylym we bilim ulgamynda uly üstünlikleri we gazanylanlary aýdyň beýan edýän görnüşleri bir uly pawilonda başlangyç, orta we ýokary okuw mekdepleriniň we akademiki institutlarynyň edaralaryny birleşdirip, bilim ministrligi görkezýär.Körpeler üçin synp otaglary, ýokary okuw mekdepleriniň barlaghanalarynyň döwrebap enjamlary, taslama ylmy işläp taýarlamalary okuw edebiýatlary we talyplaryň abraýly intellektual olimpiýadalarda gazanan kuboklary ösüp gelýän ýaş nesilleriň terbiýelenşiniň we okaýşynyň, ýurdumyz üçin geljekki alymlaryň we ýokary hünärli hünärmenleriň taýýarlanyşynyň ýokary derejededigi barada düşünje almaga ajaýyp mümkinçilik berýär.

Türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasyny aýawly saklamagyň we giňden wagyz etmegiň ileri tutulýan ugurlaryny, elde haly dokamagyň hem-de amaly-haşam sungatynyň beýleki görnüşleriniň däpleriniň has-da ösdürilýändigini Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň, Şekilendiriş sungaty muzeýiniň, Türkmen döwlet medeniýet merkeziniň we ýöriteleşdirilen çeperçilik mekdebiniň muzeýleri beýan edýär. Milli lybaslar, gymmatly kümüş şaý-sep bezegleri, owadan haly önümleri ýerine ýetirilişiniň ussatlygy we çeperçiligi taýdan haýran galdyrýar.

Biziň ýurdumyzyň üstünliklerini we gazananlaryny halkara derejesinde ýüze çykarmakda, türkmen halkynyň baý taryhy we medeniýeti, täsin tebigy gözellikleri hem-de taryhy- medeni ýadygärlikleri bilen tanyşdyrmakda myhmansöýerligini görkezip, çalt depginler bilen ösýän syýahatçylyk pudagynyň wekilleri hem öz goşantlaryny goşýarlar. Bu ulgamda öz mümkinçilikleri we teklipleri bilen serginiň myhmanlaryny syýahatçylyk kompaniýalary we myhmanhanalar tanyşdyrýarlar.

Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisi öz işini 19-njy oktýabra çenli dowam eder.