Ï Güýzki bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Güýzki bugdaý ekişi tamamlaýjy tapgyrda

view-icon 953
Ýurdumyzyň 860 müň gektar bugdaý ekin meýdanlarynda ekişiň soňky tapgyrlary amala aşyrylýar. 796 müň gektar ýerde güýzlük bugdaý ekildi. Bu bolsa bellenilen meýdanlaryň 90% hem ýokarydyr. Ekiş möwsümini oktýabryň ahyrynda tamamlamaklyk göz öňünde tutulýar.

Şu günki günde 97% ekin meýdanyny eken Lebap welaýatynyň oba hojalykçylary öňde barýar. Bu ýerde 16 sany daýhan birleşik bugdaýy ösdürmek bilen meşgullanýar. Lebap welaýatynda bugdaý ekmeklik üçin 175 müň gektar ýer zolagy bölünip berilen.

Mary, Balkan we Ahal welaýatynda 92%, demitgazyk sebitde bolsa 88% aglaba meýdanda bugdaý ekildi .

Belli bolşy ýaly ýurdumyzyň bäş welaýatynda hem, köpçülikleýin bugdaý ekişi awgust aýynda başlanypdy. Taýýarlanan 198 müň bugdaý tohumynyň 180 müňi topraga sepildi. Bugdaý ekişde dürli tehnikanyň bäş müňe golaýy işledilýär.

Ilki bilen öz ýurdumyzyň “Sahraýy”, “Ýolöten-1”, “Bitarap”, “Juwan”, “Türkmenbaşy-1”, “Ýolöten - 3”, “Miras” atly ýerli sortlary, şeýle-de Russiýa döwletinden alynan “Batko”, “Ýubileýnaýa-100”, “Nota”, “Irişka”, “Wassa” sortlary ekilýär. Umuman alanymyzda 2014-nji ýylyň bugdaý hasylyny 15 sany ýumşak we gaty sortlary tutar.

Geljek ýylda türkmen oba hojalykçylary 1 million 600 million tonna bugdaý hasylyny ýygnamaklygy göz öňünde tutýarlar.