Ï Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işini tamamlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işini tamamlady

view-icon 997
Şu gün türkmen paýtagtynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyna bagyşlanylan Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işini tamamlady. Däp boýunça ählihalk baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän uly möçberli forum Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredijilik, ykdysady ösüş we rowaçlylyk ýoly bilen Watanymyzyň täze üstünlikli gadamlarynyň bir bitewi aýdyň beýanyny görkezdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän we ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn hem-de sazlaşykly ösüşini maksat edinen ägirt uly meýilnamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmekde, halkymyzyň durmuşynyň ýokary hilini gazanmakda haýran galdyryjy üstünlikler ösüşiň bir bitewi, çaltlandyrylan depginlerini görkezýän milli ykdysady we ýaşaýyş-gumanitar ulgamyň ähli pudaklary tarapyndan görkezildi.

Paýtagtymyzda iri sergi merkezi bolan Sergi köşgünde köpugurly ekspozisiýalar ýaýbaňlandyryldy. Onuň giň zallarynda eksponentleriň 90-dan gowragy, ýagny, ykdysadyýetiň döwlet ulgamynyň düzüm birlikleri, bilim we medeniýet ulgamynyň edaralary, ýurdumyzyň telekeçiliginiň köpsanly kompaniýalary we firmalary, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri öz diwarlyklaryny we pawilonlaryny ýerleşdirdiler.

Ykdysadyt toplumyň eksporta ugur alan esasy pudaklarynyň, ýagny, ýangyç- energetika toplumynyň, dokma we himiýa senagatynyň diwarlyklary halkara maýa goýum we milli taslamalarynyň ýokary depginli ösüşini hem-de netijeliligini, önümçiligi toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň hem-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň möhüm ugurlaryny, ylmy-tehniki mümkinçiligiň ösüşini aýdyň görkezdiler.

Dokma senagaty işe girizilen ýokary tehnologik kärhanalarynyň binýadynda ösüşiň, iň soňky gazanylan üstünlikleri we täzeliklerb ornaşdyrmagyň okgunly depginini görkezýär. Sap pagtadan “Türkmenistanda öndürildi” diýen nyşan bilen öndürilen önümler bu ulgamda öňbaşy bolan önüm öndürijileriň harytlaryndan ozup geçip, dünýäniň dokma bazarynda möhüm orny mäkäm eýeledi. Oktýabr aýyndaky baýramçylygyň öň ýanyndaky şanly wakalaryň hatarynda ägirt uly senagat kärhanasynyň, Aşgabadyň dokma toplumynyň 2-nji nobatdakysynyň işe girizilmegi guwançlydyr. Onuň önümlerini, tüýjemek matadan öndürilen ajaýyp önümlerine we dokma önümleriniň toplumyna dünýäniň 70 ýurdunyň sarp edijiler tarapyndan isleg bildirilýär. Sergi ekspozisiýasynyň uly meýdançasy uly ýaşlylar we çagalar üçin owadan hem-de gelşikli egin-eşikleriň has köp dürlüligi, ajaýyp ýüpek halylary bilen bu ýere gelenleriň göwnüni göterip, ýurdumyzyň dokma pudagynyň kuwwaty barada doly derejede düşünje berýär.

Milli ykdysadyýetimiziň ulag we aragatnaşyk ulgamynyň üstünlikleri görkezildi. Telekommunikasiýalar we maglumatlar tehnologiýalary ulgamy giň möçberli Internet-ulgamyna we sanly aragatnaşyga aralaşmagy giňeltmek üçin iň häzirki zaman serişdeleriniň ornaşdyrmak bilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeliligini kesgitleýär. Bu babatda ýakyndan pudagara gatnaşyklary, mysal üçin, demir ýol, uçar awtomobil we deňiz ulaglarynyň parklarynda ugratmak, herekete gözegçilik etmek we öňünden duýdurmak üçin GPS ulgamy bilen üpjün etmek ýaly iň täze tehnologiýalaryň we kompýuter programmalarynyň ornaşdyrmagyny belläp geçmek möhümdir. Diwarlyklarda görkezilýän ýurdumyzyň ýolagçy parkynyň üstüni ýetiren täze iň häzirki zaman uçarlaryň hem-de “Çarlak” deňiz gämisiniň nusgalaryň otlularyň we şäherara awtobuslarynyň täze nusgalary döwletimiziň ilatyň barha artýan isleglerini kanagatlandyrmagyň möhüm durmuş wezipelerini çözmäge çynlakaý üns berýändiginiň subutnamasydyr.

Gurluşyk ulgamy ýurdumyzda durmuşa geçirilen we meýilleşdirilýän taslamalaryň hakyky gerimini we möçberini görkezýär, şol ýerde häzirki wagtda ýurdumyzyň gurluşyk kärhanalary we taslama düzüji guramalary, şeýle hem gurluşyk serişdelerini öndürijiler, enjamlaryny iberijiler öz işlerini üstünlikli görkezýärler. Mysal üçin, ykdysady serginiň meýdançalarynda ilkinji gezek geçirilen ýurdumyzyň “Asuda Türkmen” hususy kompaniýasy tarapyndan hödürlenen belarus önüm öndürijisi bolan “Mogilýew liftmontažyň” täze lift enjamynyň tanyşdyryş çäresi gurluşyk ulgamynda ýakyn hyzmatdaşlygyň mysallarynyň biri boldy. Gurluşyk serişdeleri senagatyny ösdürmegiň geljegi uly meýilnamalarynda aýna önümlerini, tebigy timarlaýyş serişdelerini çerepisiýalary, laklary, boýaglary we beýlekileri öndürmek bar.

Ajaýyp bezelen şäher binagärlik görnüşleri köpsanly dürli gülleriň we bezeg agaçlarynyň owadan toplumyny döretdi, olary Jemagat hojalygy ministrliginiň diwarlygy hödürledi.

Belli bir ugurly ministrlikler we pudak edaralary, döwlet konsernileri hem-de assosiasiýalar, banklar hem-de Haryt-çig mal biržasy, welaýat häkimlikleri we aýry-aýry kärhanalar tarapyndan hödürlenilen ýöriteleşdirilen pawilýonlarda halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň gyşarnyksyz ýokarlandyrylýan derejesi bilen ýurdumyzyň mäkäm ruhy-medeni we durmuş binýadynda gazanan üstünlikleri beýan edildi.

Gumanitar ulgamynda, ilkinji nobatda, bilim we ylym babatda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri hem sergide öz beýanyny tapdy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň aýratyn diwarlygy we geljekki telekeçiler üçin hukuk hem-de bilim hyzmatlaryny we maslahatlaryny hödürlemäge ýöriteleşen hususy firmalaryň pawilýonlary bu mowzuga bagyşlandy.

Türkmen işewürleriniň sergi işi marketing iş tejribesiniň aýrylmaz bölegi boldy. Häzirki wagtda, bazar gatnaşyklary eýýamynda hususy sektor oňat hilli harytlary we hyzmatlary hödürläp, azyk we çaphana önümlerini, gurluşyk serişdelerini, mebelleri we dokma önümlerini öndürmäge maýa goýup, milli ykdysadyýetimiziň syýahatçylyk pudagy ösdürip, ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmäge döwletimiziň hyzmatdaşy bolup ynamly çykyş edýär.

Dynç alyş we syýahatçylyk pudagyndaky egsilmez mümkinçilikler ýurdumyzyň syýahatçylyk bazaryny işjeň höweslendirmek hem-de baý taryhy-medeni we tebigy mirasyny dünýäde giňden wagyz etmäge ýardam etmek bilen eýýäm öz miwelerini berýär. Geljekde syýahatçylyk ulgamynyň kuwwatyny doly derejede peýdalanylmagy milli ykdysadyýetimziň möhüm pudagy bolmagyna ýardam berer.

Mundan başga hem syýahatçylyk pudagy beýleki pudaklara garanyňda tebigaty, medeniýeti, taryhy ýerleriň keşbini, amatly ekologiýa ýagdaýyny, ajaýyp binagärlik ýadygärliklerini gorap saklamaga, şäherlerimizi we obalarymyzy gözelleşdirmäge gyzyklanýar.

Serginiň dowam eden üç gününde milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň işiniň jemleriniň we olary ösdürmegiň geljekki meýilnamalarynyň tanyşdyryş çäreleri geçirildi. Kärhanalaryň we guramalaryň, hususy telekeçileriň we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk üçin ähli mümkinçilikleri bolan daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň köpsanly duşuşyklary hem-de gepleşikleri forumyň möhüm netijeleri boldy. Eýeçiligiň ähli görnüşdäki kärhanalarynyň ýolbaşçylary netijeli özara gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryny berkitmäge hem-de kesgitlemäge, işewürlik boýunça täze hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik aldylar.

Ykdysady üstünlikleriň sergisi ýurdumyzyň ähli künjekleriniň täzelenmeginiň, gün-günden gözelleşýän, dünýäniň öňdebaryjy üstünliklerini özünde jemleýän hem-de öz hazynasyny bütin dünýä açýan türkmen topragynyň hakyky özgermeginiň aýdyň beýanyna öwrümi mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününiň şanly senesiniň baýram edilmeginiň öňüsyrasynda ajaýyp waka boldy.

Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara diplomlary we güwanamalary gowşurmak dabarasy boldy.

Ykdysady foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, şol ýüzlenmede Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň ösüşiniň hem-de rowaçlanmagynyň bähbidine geljekde-de yhlas bilen işlejekdiklerine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.