Şu gün türkmen paýtagtynda “Durnukly ösüş--Türkmenistanyň uzak möhletli maksatlaýyn ugrudyr” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol Türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň 22 ýyllygyna gabatlanyldy. Maslahatyň işine ýurdumyzyň hökümetiniň agzalary, degişli ministrlikleriň we edaralaryň, banklaryň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Maslahatyň gün tertibine häzirki döwürde Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, ilatyň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmagyň, statistika ulgamyny kämilleşdirmegiň meseleleri, maýa goýumlary ulgamynda gazanylan üstünlikler we beýlekiler bilen bagly meseleler girizildi.
Maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyz ähli ugurlar boýunça dünýäde çalt depginler bilen ösýän ýurtlaryň hataryna goşuldy. Merdana halkymyzyň bagtyýar ýaşaýyşy, ykdysady we durmuş taýdan goraglylygy, ykdysadyýet, ylym-bilim, medeniýet we saglygy goraýyş ulgamlarynda gazanýan üstünliklerimiz, ýeten belent sepgitlerimiz tutuş dünýäniň ünüsni özüne çekýär” diýlip bellenilýär.
Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanda gazanylan uly üstünlikler türkmen Lideriniň milli ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösdürmäge, dünýä bazarynda biziň ýurdumyzyň eýeleýän ornuny berkitmäge we ahyrky netijede türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýyny ösen döwletleriň derejesine ýetirmäge gönükdirilen çuňňur oýlanyşykly ykdysady strategiýasynyň netijesi bolup durýar. Býujet we pul-karz syýasaty babatda amala aşyrylýan özgertmeler ösüşiň durnuklylygyny üpjün etmäge hem-de düzüm we durmuş wezipelerini çözmäge mümkinçilik berýär.
Bu gün ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan, uzak we orta möhletleýin geljege niýetlenen milli we döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. “Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasynda”, "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda" hem-de “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllar üçin durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelere laýyklykda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde senagat we durmuş maksatly köp sanly desgalar gurulýar, iri maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli ýöredýän ykdysady syýasaty soňky ýyllarda hasaba alnan oňyn meýilleriň artmagyna ýardam edýär we Türkmen döwletiniň ykdysadyýetiniň ynamly, sazlaşykly ösmegini üpjün etdi. Ol şeýle hem ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we ony diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça yzygiderli geçirilýän çäreleriň oňaýly täsiri bilen şertlendirilendir. Munuň subutnamasy hökmünde jemi içerki önümiň we beýleki birnäçe esasy makroykdysady görkezijileriň ösüş depginlerini görkezýän maglumatlar getirildi. Olar soňky ýyllaryň dowamynda döwlet maýa goýumlary babatda amala aşyrylýan syýasat hem-de göni daşary ýurt maýa goýumlarynyň uly möçberleri netijesinde ýokary derejede üpjün edýär.
Bellenilişi ýaly, ähli ugurlary, şol sanda maliýe-bank ulgamyny gurşap alan oňyn özgertmeler hemmetaraplaýyn goldawa eýe bolýar we halkara bilermenleriniň we seljerijileriniň oňyn bahasyna mynasyp bolýar. Dünýäniň abraýly malliýe düzümleriniň hünärmenleri tarapyndan türkmen ykdysadyýetiniň geljegi uludygy baradaky çaklamalary biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün edýän özgertmeleriň öz wagtynda geçirilmeginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Häzir ýurdumyzyň maliýe-ykdysady we bank edaralarynyň işgärleriniň öňünde durýan wezipeler barada aýtmak bilen maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň geljegini üpjün etmek ileri tutulýan ugur bolup durýar, munuň üçin bolsa ägirt uly mümkinçilikler bar diýip bellediler. Şunuň bilen baglylykda, şu günki ylmy-amaly maslahat ykdysady ylmy ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň bir bölegi bolmak bilen, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge uly goşant bolar diýlip bellenildi.
Dabaraly maslahat tamamlanandan soň oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Olar onda milli Liderimizi öňde golýan ähli wezipeleri üstünlikli çözmek maksadynda tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.