Ï Şaly oragy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şaly oragy

view-icon 987
Ýurduň 18 müň 300 gektara ekilen şaly meýdanlarynda hasyl ýygnamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Häzirki güne çenli 7 müň tonnadan gowrak şaly ýygnaldy. Bu bolsa göz öňünde tutulanyň 10% töweregini düzýär. Şaly oragyny şu ýylyň dekabr aýynda tamalamak göz öňünde tutulýar.

Şaly harmany her ýylda 755 tonnalap artýar. Şaly ösdürip ýetişdirmegiň köp ýyllyk iş tejribesinden görnüşi ýaly, özüni ýokary hasyllylygy we keselllere garşy durnuklygy bilen görkezen şalynyň “Hukus-2”, “Ak merjen” ýaly görnüşlerine üns berilýär. Umuman, şu ýylyň ekiş möwsüminde şalynyň ýokary hasylly görnüşleriniň 4 müň tonnasyndan gowragy ekildi.

hem başga, şu ýyl 111 gektary eýeleýän synag meýdanlaryna ekilen russiýanyň “Flagman” görnüşi gowy netijeleri görkezdi. Şalyçylar eýýäm indiki ýyldan başlap, şalynyň “Flagman” görnüşi beýleki “dür däneleri” bilen bir hatarda türkmen topragynda bol hasyl berjekdigine ynanýarlar.

Oba hojalygynyň bu möwsümi tehniki taýdan üpjünçiligi ýokary derejede gurnaldy. Şaly oragynda däne orujy kombaýnlaryň 90 töweregi, şeýle hem tehnika hyzmat etmek üçin kömekçi tehnikalar, ýük ulaglary, ýangyç daşaýan ulaglar bökdençsiz ulanylýar.

Mälim bolşy ýaly, yzgar söýüji şaly toprak-howa şertleri göz öňünde tutulup, ýurduň diňe iki sebtinde ekilýär. Daşoguz welaýatynda şaly meýdanlary Akdepe we S.Türkmenbaşy etraplarynda ekilýär. Lebap welaýatynda dört etrapda – Serdarabat, Saýat, Garabekewül we Halaç etraplarynda ekilýär. Watanmyzyň şalyçylary şu ýyl “dür däneleriniň” 80 müň tonnasyndan gowragyny ýygnamagy göz öňünde tutýarlar.