Ï “Galkynyş” käni öz çäklerini giňeldýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Galkynyş” käni öz çäklerini giňeldýär

view-icon 1226
Ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň öz çäklerini giňeltmek üçin geljegi uly bolan ýerler bar. Ýakynda bu uly käniň golaýynda ýerleşýän Dolyguýy meýdançasynyň 1-nji guýusynda gün 517,7 müň kub metr debitli gaz akymynyň alynmagy bu barada gürrüň etmäge şert döredýär. “Türkmengeologiýa” Döwler konserninden habar berişleri ýaly, gaz akymy “Lebapnebitgazgözleg” Müdirliginiň synag guýusy boýunça ekispedisiýasynyň işiniň barşynda alyndy.

Geologlar tarapyndan alynan maglumatlar, hususanda, gazsuw garyndysy bilen gabat gelmegi, “Galkynyş” käniniň merkezi bolan Günorta Ýolöten-Osman meýdançalary bilen baglanyşykly ýerli önümli gazly gatlaklaryň bolmagy şaýatlyk edýär. Dünýäde ikinji orunda durýan bu ägirt uly gaz käni şu ýylyň sentýabr aýynda senagat taýdan ulanyşa berildi. “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasynyň baş geology, geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty Amangeldi Ataýewiň belleýşi ýaly, alynan maglumatlar “Galkynyş” känini demirgazyga tarap - Dolyguýa tarap dowam etdirmäge kepil geçýär.

“Türkmengaz” we “Türkmengeologiýa” döwlet konsernleriniň hünärmenleri “Galkynyş” käninde ulanyş guýularyny burawlamagy dowam etdirýärler. Çuň burawlamak geçirilýär, öňdebaryjy tehnologiýalary, enjamlary we abzallary ulanmak bilen geologiýa-geofiziki çäreler geçirilýär, alynan maglumatlary düşünişmek hem-de geologlary gyzyklandyrýan desgalaryň modullaryny gurmak alnyp barylýar.

Sebitde geçirilen 3D seýsmiki gözlegleriň möçberi bu günki gün 4420 onedördül kilometre çenli artdy, gözleg guýularynyň onlarçasy burawlandy, geofiziki gözlegleriň dowamynda has takyk maglumatlar alyndy. Häzirki wagtda “Galkynyş” käniniň günorta-günbatar meýdançalarynda 3D seýsmiki gözlegler müňden gowrak inedördül kilometrinde dowam etdirilýär. Bu ýerde burawçylar geologiki gatlaklary geçýärler. Bu çäreleriň ählisi bu ägirt uly käni özleşdirmäge şertleri döredýär.

“Türkmengeologiýa” DK parametriki burawlamagy we synagy, guýulary gözleg-razwedka we baha berişi üpjün edýär, onuň hünärmenleri tarapyndan onlarça ýylyň dowamynda nebitgaz ýataklarynyň 26-sy açyldy we burawlandy. Türkmenistanyň senagat ähmiýetli ätiýaçlyk gaz üpjünçilik mümkinçiligi örän ýokarydyr. Geologlar garyndysy – kükürt we beýleki elementleri bolmadyk has ýokary hilli tebigy gaza üns berdiler, suwuk uglewodorodlaryň (nebit, gazkondesat) gözlegleri işjeňleşdirdiler.

Geologiýa-gözleg ylmy-barlag institutynyň tekliplerine laýyklykda, suwuk uglewododrodlaryň geologiýa-gözleg we buraw işleri, şeýle hem Türkmenistanyň günbatarsynda Gögerendag-Ekerem zolagynda üýtgewsiligi hem-de Bokurdagyň günbatar böleginde Mydar, Ýalakly, Gutlyaýak nebitgaz ýataklarynyň sebtinde geçiriler.

Beýleki peýdaly gazylyp alynýan görnüşler hem ünsden düşürulmeýär. Umumylykda, ýurduň mineral-çig mal binýady ätiýaçlyklary tassyklanan peýdaly gazylyp alynýan ýataklaryň 170-sinden ybaratdyr. Diňe garaşsyzlyk ýyllary içinde bolsa, ýataklaryň 40-dan gowragy barlanyldy we senagat taýdan özleşdirilmäge berildi.