Ï Pagta ýygymy möwsümi tamamlaýjy pursatlarda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pagta ýygymy möwsümi tamamlaýjy pursatlarda

view-icon 820
Ýurdumyzyň gowaça ekilen meýdanlarynyň ýarym milliondan gowragynda pagta ýygym möwsümi tamamlanyp barýar. Häzirki wagtda pagtaçylar tarapyndan 971 müň 492 tonna hasyl ýygnaldy. Ýurduň pagtaçylary şu ýyl 1 million 50 müň tonna pagtany ýygnamagy maksat edinýärler.

Şu aýyň ortalarynda Balkan welaýatynyň pagtaçylary öz boýun alan borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi başardylar. Olar eýýäm bu baradaky tabşyryklaryndan daşgary 5 müň tonnadan gowrak hasyl ýygnap, tabşyrmagy başardylar. Mary welaýaty Watanyň uly harmamnyna 303 müň 172 tonna (97,80%) hasyl tabşyryp,bellenen pellehana barha ýakynlaşýarlar.

Mary welaýatynda eýýäm pagta tabşyrmak baradaky borçnamalaryny ýerine ýetiren etraplardan Tagtabazar (129,04%), Oguzhan (109,19%), Sakarçäge (108,54 %), Garagum (107,48%), Ýolöten (105,67%), Türkmengala (104,35%) etraplaryny görkezmek bolar. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda (105,50%) we Daşoguz welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrabynda (105,37%) hasyl doly möçberde ýygnaldy.

Mälim bolşy ýaly, pagta ýygym möwsümine awgust aýynyň ahyrynda ýurduň dört welaýatynda bir wagtda badalga berildi. Ýurduň demirgazyk sebtinde hasyl ýygnamaga sentýabr aýynyň birinji çäreginde başlanyldy.

Gowaça meýdanlarynda mehanizatorlaryň we pagta ýygymçylarynyň öňat hilli zähmet çekmekleri we dynç lamaklary üçin gowy hilli şertler döredilendir. Ýurduň taýýarlaýyş nokatalrynyň 159-synda we pagta arassalaýjy zawodlarynyň 36-synda meýdanda ýygnalan hasyly bökdençsiz kabul edilmegi üçin şertler dňredildi. Ýurduň gowaçaly meýdanlarynda dürli oba hojalyk tehnikalarynyň 9 müňden gowragy hereket edýär. Ulaglara hyzmat ediş işleri gije-gündüzleýin alnyp barylýar. Daýhan birleşiklerinde pagtaçylara maliýe hasabatlary öz wagtynda geçirilýär.

Gowaçanyň orta we inçe süýümlileriniň görnüşiniň onlarçasy “ak altynyň” esasyny düzýär. Olaryň hatarynda “149F”, “133”, “Ýolöten-7”, “Daşoguz-120”, “Serdar”, “S-4727”, “Ýolöten-14”, “9871-I”, “Ýolöten-39”, “Ýolöten-32” we beýleki görnüşleri görkezmek bolar.