Şu gün, Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 22 ýyllyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda Türkmenbaşydaky halkara deňiz portuna nebit guýulýan “Alaja” atly tanker geldi, ol Russiýa Federasiýasynyň “Krasnoýe Sormowo” atly gämi gurujy zawodynyň gämi ussahanasynda guruldy.
Milli deňiz flotunyň hataryna goşulan täze, döwrebap gäminiň garşylanmagyna bagyşlanan dabara welaýatyň we şäheriň häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Döwlet deňiz we derýa ulaglary gullugynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda nebitiň we nebit önümleriniň çykarylýan, öndürilýän we eksporta ugradylýan möçberlerini artdyrmak bilen birlikde, ösen ulag düzüminiň we özbaşdak söwda flotunyň kemala getirilmegine içgin üns berilýär. Galyberse-de, bu wezipe batly depgin bilen berjaý edilýär, munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen energiýa serişdelerini daşary ýurt bazarlaryna ýetirmek boýunça ugurlary diwersifikasiýa etmek ugrunda yzygiderli ýöredýän syýasaty bilen şertlendirilendir.
“Alaja” atly täze tankeriň ýük göterijiligi (dedweýti) 7100 tonna barabardyr, ol çig nebiti we nebit önümlerini daşamak üçin niýetlenendir. Deňizde ýük daşamakda ulanylýan şunuň ýaly tanker ähli ölçegleri boýunça täsin galdyrman durmaýar. 140 metrden geçýän, manýowrlary geçirmäge ukyply, berk we howpsuzlygy boýunça ygtybarly derejeli bu gäminiň suwa batyş agramy 10 müň tonna golaýdyr. Ol kuwwatly energetiki enjamlar we döwrebap gämi ulgamlary, şol sanda kompýuter arkaly dolandyryş ulgamy we islendik meteorologik ýagdaýda dogry ugur boýunça ýüzmegi kepillendirýän elektron nawigasion enjam bilen üpjün edilendir. Tanker aýratyn gaplar – tanklar bilen üpjün edildi, bular bir gatnawda ýangyjyň dürli görnüşlerini daşamaga mümkinçilik berýär.
Tankeriň taslamasy düzlende, dünýäniň nebit kompaniýalarynyň ähli ýörite talaplary we ekologiýa degişli çäklendirmeler göz öňünde tutuldy. Tankeriň tehniki-ykdysady görkezijileri şonuň ýaly dedweýtli gämiler bilen deňeşdireniňde, has kämildir: dolandyryş boýunça awtomatiki enjamlar bar, näsazlyk dörän halatynda nebit önümleriniň deňze akmagy dolulygyna aradan aýrylýar, gämi ulanylan mahalynda ondaky adamlaryň zähmet şertleriniň howpsuz bolmagy üpjün edildi. Bularyň ählisi şonuň ýaly kysymly gämilere ekologiýa taýdan özboluşly ýerlerde işlemäge mümkinçilik berýär, munuň özi Hazaryň näzik ekologik ulgamy üçin has-da möhüm ähmiýete eýedir.
Dabaraly bölümden soňra, däp boýunça gämini garşylamak dessury berjaý edilip, tankeriň Wolga we Hazar deňzi arkaly bellenilen ýere sag-aman gelmegi mynasybetli, gämä ak un sepildi.
Dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşinde ulag ulgamynyň ähmiýetiniň artýandygyny belläp, türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň söwda flotunyň maddy-tehniki kuwwatyny artdyrmak barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Özboluşly taslamalar boýunça gurlan hem-de ýük ýüklemek we düşürmek boýunça innowasion enjamlar bilen üpjün edilen türkmen tankerleriniň ulanyş babatdaky häsiýetnamalarynyň we beýleki tehniki ölçegleriniň ýokary derejelidigi hem-de bularyň şol tankerleri deňiz arkaly ýük daşamagyň bazarynda has köp isleg bildirilýän gämileriň hataryna goşýandygy aýratyn bellenildi.
Çykyş edenler milli söwda flotunyň düzüminde döwrebap tankerleriň we beýleki gämileriň ulanylmagynyň Türkmenistanyň ykdysady gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam edip, ýurdumyzda we onuň çäklerinden daşarda daşalýan ýükleriň möçberleriniň artdyrylmagyna badalga bermek arkaly, Ýewropanyň we Aziýanyň arasynda üstaşyr geçiriji iri nokat hökmünde Türkmenbaşydaky halkara deňiz portunyň ähmiýetini has-da artdyrýandygyny nygtadylar.