Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden we Täjigistandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, gaçy, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, ýorgan-düşek toplumlary, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, Türkiýe, Ukraina, Azerbaýjan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 16 million 980 müň dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Awstriýadan, Hindistandan, Çehiýadan, Ukrainadan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler jemi 12 million manatlykdan gowrak arassalanylan pagta ýagyny, “Körpe” çagalar iýmiti üçin, süýt sülesini, awtoulag serişdelerini, ýüplük we nah matany, agardylan pagta süýmüni, garaköli goýnuň ýüňüni, aşgarlanmadyk biz matany, pagta şulhasyny satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin, umumy bahasy 445 müň manatlykdan gowrak bolan azyklyk bugdaýy satyn aldylar.