Ï Türkmenistanyň halkara howa gatnawlarynyň gerimi giňeýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň halkara howa gatnawlarynyň gerimi giňeýär

view-icon 848
“Türkmenhowaýollarynyň” Döwlet milli gullugynyň gatnawlarynyň tertipnamasyna ýene-de bir täze halkara gatnawy goşuldy. Şu gün Aşgabat we Donesk (Ukraina) şäherleriniň arasynda täze howa gatnawy açyldy. “Boing-737 NG” uçary bu ugur boýunça hepdede bir gezek uçuş eder.

Täze howa ugrunyň ýola goýulmagy diňe bir Türkmenistanyň we Ukrainanyň raýatlaryna jahankeşdelik gezelençlerini amala aşyrmaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, türkmen-ukrain söwda-ykdysady we gumanitar gatnaşyklarynyň hem işjeňleşmegine ýardam eder.

“Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynda TDH-nyň habarçysyna aýtmaklaryna görä, ýolagçylar täze gatnaw ugry bilen uçmaga uly höwes bildirýärler. Bu bolsa täze howa gatnawyna ýurdumyzyň we daşary ýurt syýahatçylyk firmalarynyň uly gyzyklanma bildirýändiklerini görkezýär.

Mälim bolşy ýaly, “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugy 2008-nji ýyldan bäri Ukrainanyň paýtagty Kiýew şäherine hepdede üç gezek uçuşy amala aşyrýar. Şu ýylyň awgust aýynda bolsa, Aşgabat-Lwow howa gatnawy ýola goýuldy. Bu ugur boýunça gatnaýyn ýolagçylaryň aglaba böleginini Ukrainanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan talyplar, işewürler, şeýle hem jahankeşdeler düzýärler.

Aşgabat-Donesk ýolagçy howa gatnawynyň ýola goýulmagy Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanikowiçiň şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistana bolan döwlet sapary netijesinde täze ösüşe eýe bolan Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Mälim bolşy ýaly, şol sapar mahalynda iki döwletiň baştutanlary Lebap welaýatynda iri täze desgalaryň açylyşyna, şol sanda Türkmenabat şäheriniň howa menziliniň düýbüni tutmak dabaralaryna gatnaşdylar.


Mälim bolşy ýaly, häzirki zaman ulag-aragatnaşyk ulgamyny kemala getirmek Türkmenistanyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biziň ýurdumyz Orta Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ýollarynyň çatrygynda, geografiýa taýdan amatly ýerleşmek bilen ägirt uly üstaşyr geçiriş mümkinçiliklerine eýedir.

Ulag ulgamynda tapgyrlaýyn amala aşyrylýan iri taslamalaryň biri hem ýurdumyzyň raýat awiasiýasyny döwrebaplaşdyrmak we täzeden enjamlaşdyrmak wezipesidir. Bu pudaga ýolagçy we ýük gatnawlary ulgamlarynda, içerki hem-de halkara gatnawlarynda aýratyn orun degişlidir. “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny 2012-2030-njy ýyllarda ösdürmegiň milli maksatnamasynda” täze howa menzillerini gurmak we öň bar bolanlarynyň durkuny täzelemek, ýokary hünär derejeli hünärmenleri taýýarlamak, häzirki zaman uçarlaryny we beýleki tehnikalary satyn almak, ykdysady taýdan bähbitli bolan täze içerki we halkara howa gatnawlaryny ýola goýmak wezipeleri göz öňünde tutulýar.

Bu maksatnamanyň çäklerinde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilen iri taslamalaryň biri bolan Aşgabadyň Halkara howa menziliniň gurluşygyna şu ýyl badalga berildi. Ol Türkmenistanyň esasy “howa derwezesi” we yklymara howa gatnawlarynyň iri üstaşyr geçelgesine öwrüler. 2009-njy ýylda Mary şäheriniň täze howa menzili toplumy, 2010-njy ýylda bolsa Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzili açylyp, ulanmaga berildi. “Türkmenhowaýollary” Döwlet milli gullugynyň tehniki binýady bu ugurda dünýäniň öňde baryjy kompaniýalarynda taýýarlanylýan howa gämileriniň we dikuçarlaryň hasabyna berkidilýär. Diňe şu ýylyň maý we iýun aýlarynda biziň ýurdumyzda “Boing 737-800” kysymly uçarlaryň ikisi we täze kysymly, VIP derejeli dikuçarlaryň hem ikisi gelip gowuşdy.

Türkmenistan BMG-niň raýat awiasiýasy bilen baglanyşykly ähli ýurtlarda halkara hyzmatdaşlygyny utgaşdyryjy ýöriteleşdirilen edarasy Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (IKAO) doly hukukly agzasy bolup durýar. Bu iri gurama howa gatnawlarynyň howpsuzlygyny, ygtybarlygyny we netijeliligini üpjün etmek üçin zerur bolan ähli halkara kadalaryny ýola goýýar. Hut IKAO bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy Türkmenistanyň milli raýat awiasiýasynyň halkara awia gatnawlar ulgamyna üstünlikli goşulmagyny şertlendirýär.

Şunuň ýaly çäreler, şeýle hem täze meýilleşdirilýän awia ugurlary diňe bir bu ugurlar boýunça ýolagçy gatnatmak we ýük daşamak babatda islegleri kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän “açyk gapylar” giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna, Türkmenistandaky maýa goýum taslamalaryna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän işewürler üçin giň mümkinçilikleri açmak bilen, söwda-ykdysady, gumanitar we syýahatçylyk ugurlaryndaky halkara hyzmatdaşlygyna ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna mundan beýläk-de işjeň goşulyşmagyna mynasyp goşant bolar.