Dünýäniň maliýe düzümleriniň wekilleri türkmen manadynyň 20 ýyllygynyň hormatyna guralan maslahatyna gatnaşdylar
Şu gün "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe maliýe-karz özgertmeleri” ady bilen milli manadymyzyň dolanyşygyna girizilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Yslam ösüş banky, Belgiýanyň bank akademiýasy, Halkara banky ýaly iri maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary we öňdebaryjy hünärmenleri, şeýle hem Şweýsariýanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Polşanyň, Belarus Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň merkezi we milli banklarynyň wekilleri Türkmenistana geldiler. Maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda “VISA”, “De La Ru”, “Roýal Mint”, “SWIFT” ýaly belli kompaniýalaryň ýolbaşçylary bar.
Türkmen tarapyndan maslahata döwlet we paýdarlar täjirçilik banklarynyň, ykdysady topluma girýän guramalaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary gatnaşdylar. Şeýle hem maslahata daşary ýurtlaryň biziň ýurdumyzda işleýän iri banklarynyň, öňdebaryjy maliýe guramalaryň wekilleri çagyryldylar.
Maslahata gatnaşyjylaryň şeýle uly düzümi Türkmenistanyň halkara abraýynyň yzygiderli ösýändiginiň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli daşary syýasat strategiýasynyň ählumumy ykrarnama we goldawa eýe bolýandygynyň, şeýle hem dünýäniň iri maliýe düzümleriniň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň ýokary görkezijilerine we ägirt uly ykdysady mümkinçiliklere eýe bolan ýurdumyza uly gyzyklanma bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Maslahatyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bank ulgamynyň işgärlerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda ykdysadyýetiň ösüşiniň möhüm gurallarynyň we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen döwletiniň beýik maksatlara ýetýändiginiň alamaty bolan milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň häzirki döwürde biziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň ähmiýetini ýokarlandyrandygy bellenilýär.
Mälim bolşy ýaly, bazar gatnaşyklary şertlerinde ýurduň maliýe ulgamynyň pugtalandyrylmagy ykdysady ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda milli manadyň dolanyşyga girizilmegi Türkmenistanyň hökümetiniň durmuşa geçirýän çäreleriniň ähmiýetlileriniň biridir. Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň özygtyýarlylygyny alamatdandyrýan baş nyşanlaryň biri bolmak bilen, milli manadymyz ykdysadyýetimiziň durnuklylygyny saklamagyň pugta maliýe guraly, türkmenistanlylaryň täze taryhy eýýamda abadançylygynyň yzygiderli ösmeginiň möhüm çeşmesi bolup durýar. Şunuň ýaly derwaýys çäräniň durmuşa geçirilmegi we netijeli ykdysady we maliýe-karz syýasaty oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagyny we ähli pudaklarda bazar usullarynyň tapgyrlaýyn ornaşdyrylmagyny şertlendirdi.
Maslahatda edilen çykyşlarda bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanda gazanylýan üstünlikler öňi bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çuňňur oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan we milli ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini, onuň durnukly ösüşini, ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşmagyny nazarlaýan ykdysady strategiýasy netijesinde mümkin boldy. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda strategiki meýilnamalaşdyryşyň bitewi hem-de çeýe ulgamyny döretmäge, maliýe-bank ulgamyny, maliýe-karz, salgyt-býujet we döwletiň baha syýasatyny kämilleşdirmäge gönükdirilen oňyn özgertmeler maksatnamasy durmuşa geçirilýär.
Ykdysady ulgamda alnyp barylýan özgertmeleriň ähmiýeti barada aýtmak bilen, maslahata gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän netijeli çäreler Türkmenistana dünýä maliýe-ykdysady çökgünligiň täsirini ýeňip geçmäge mümkinçilik berdi, şeýle hem ýurdumyzyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen mundan beýläk-de öňe ilerlemegi üçin oňyn mümkinçilikleriň döredilmegini şertlendirdi. Ýurdumyzyň ösüşiniň ýokary makroykdysady görkezijileri we Halkara pul gaznasynyň, Bütindünýä bankynyň hem-de beýleki abraýly maliýe guramalaryň bilermenleriniň oňyn baha bermegi öňde goýlan maksatlara ýetmekde durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli häsiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Geçen ýylyň oktýabr aýynda Bütindünýä banky tarapyndan Türkmenistana ortaçadan ýokary derejeli girdejisi bolan ýurt hökmündäki derejäniň berilmegi ýokarda agzalanlary tassyklaýan anyk maglumatlaryň biri hökmünde getirildi. Türkmen ykdysadyýetiniň durnukly we sazlaşykly ösüşine şaýatlyk edýän statistik maglumatlar şeýle çözgüdi kabul etmek üçin esas bolup hyzmat etdi.
Milli bank ulgamynyň maliýe durnuklylygynyň ýokarlanmagy, olaryň maýa goýum işiniň netijeliligi, strategik ähmiýetli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen karz möçberleriniň ýokarlanmagy ykdysady özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şeýle derwaýys wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ösüşiň döwlet we pudaklaýyn maksatnamalary kabul edildi. Olara laýyklykda, ýurdumyzyň bank işini kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Hyzmatlaryň ugurlaryny giňeltmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler bilen bir hatarda, iň täze tehnologiýalary we öňdebaryjy usullary ulanmak arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň häzirki zaman ulgamyny döretmek, ipoteka karzlaryny ösdürmek, ykdysadyýetiň hususy bölegine goldaw bermek boýunça işjeň çäreler durmuşa geçirilýär.
Özgertmeler işinde milli kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagyna, şol sanda bank ulgamynyň kadalaşdyrylmagyna möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda häzirki döwrüň ýagdaýlary hem-de şu ulgamda hereket edýän halkara ülňüleri nazara alnyp işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunçylyk namalarynyň kabul edilmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr.
Halkara pul gaznasynyň, hususan-da, halkara pul gaznasynyň Ýakyn Gündogar we Orta Aziýa departamentiniň direktory jenap Masud Ahmediň, Bütindünýä bankynyň Orta Aziýa boýunça sebitara direktory jenap Saroj Kumar Janyň, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň maliýe edaralary müdirliginiň başlygy jenap Nikolas Tesseýmanyň, şeýle hem beýlekileriň çykyşlarynda Türkmenistanyň ykdysadyýetini we maliýe-bank ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, şol sanda türkmen ykdysadyýetiniň ösüşi üçin hususy manadyň dolanyşyga girizilmeginiň ähmiýeti bilen baglanyşykly meselelerdäki üstünlikleri hakynda aýdyldy. Halkara maliýe guramalarynyň wekilleri özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň makroykdysady dolandyryşy kämilleşdirmek, maliýe ulgamyny özgertmek we uzakmöhletleýin durnukly ösüşi üpjün etmek üçin döwlete degişli bolmadyk pudagy ösdürmek maksady bilen durmuşa geçirýän tagallalaryny mälim etdiler.
Häzirki döwürde Türkmenistanda ykdysady ulgamdaky özgertmeleri ýagdaýyny tizleşdirmek, şol sanda maliýe dolandyryşy kämilleşdirmek, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin pugta binýadyň goýlandygyny bellemek bilen, myhmanlar milli ykdysadyýetiň makroykdysady görkezijileriň türkmen döwletiniň okgunly ösüşe eýe bolýandygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýändigini bellediler. Mundan beýläk-de işewür hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellemek bilen, daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň oňyn geljeginiň ägirt uly ykdysady we serişde mümkinçilikleri ýaly möhüm şertleriň bardygy, türkmen bazarynyň geljeginiň uludygy, bu ýerde oňaýly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigi, şeýle hem milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen döwletiniň döredijilikli daşary strategiýasyny durmuşa geçirýändigi barada aýtmaga mümkinçilik berýändigini nygtadylar.
Bu şanly waka mynasybetli guralan çäreleriň barşynda deňiz ýakasyndaky kaşaň “Nebitçi” myhmnhanasynda daşary ýurtly myhmanlar we maslahata gatnaşyjylar üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan hem-de Türkmenistanyň ösüş strategiýasynda möhüm orny eýeleýän "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynyň giň möçberli taslamasynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.
Mälim bolşy ýaly, Hazaryň türkmen kenary özüniň ekologiýa taýdan arassalygy, ýumşak howasy, mineral çeşmeleri we bejerijilik ähmiýeti bolan serişdeleri bilen bellidir. Munuň özi bu künjekde sagaldyş-dynç alyş we syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde möhüm ähmiýetli şert bolup durýar. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeleriň baş maksady ýurdumyzyň ägirt uly tebigy we serişdeler mümkinçiliklerini türkmen halkynyň bähbidine gönükdirrmekden ybaratdyr.
Wekilçilikli toparlaryň agzalarynyň belleýişleri ýaly, özüniň möçberi boýunça ägirt uly innowasion-maýa goým taslamasy türkmen döwletiniň ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrmak bilen, ol Hazaryň türkmen kenaryny halkara syýahatçylyk merkezleriniň birine öwürmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtlular hyzmatdaşlar bu taslamanyň bilelikde durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirdiler.
Maslahatyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar “Ýelkenler dünýäsi” muzeýine baryp gördüler we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagy boýunça syýahat etdiler.