Ï Kiçi terminal howa ýolagçylaryna hyzmat eder
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kiçi terminal howa ýolagçylaryna hyzmat eder

view-icon 1008
Aşgabatda türkmen paýtagtynyň täze howa menzilini gurmak baoýunça örän uly taslamany amala aşyrmagyň çäklerinde, “Polimeks” türk kompaniýasynyň ýerine ýetirýän kiçi ýolagçy terminalynyň gurluşygy ýaýbaňlandyryldy. Bu kiçi terminal 2014-nji ýylyň mart aýyndan başlap, esasy ýolagçy terminalynyň gurluşygy alnyp barylýan bütin döwründe Aşagabada gelýän we Aşgabatdan gidýän howa ýolagçylaryna hyzmat etmegi öz üstüne alar.

Sebäbi, Aşgabadyň Halkara howa menziliniň çäklerindäki her sagatda 1600 ýolagça hyzmat etmäge mümkinçiligi bolan täze howa menzili toplumyny gurmak işlerine golaý wagtda häzirki howa menziliniň ýerinde başlanar.1200 gektar meýdany eýeleýän meýdanda täze ýolagçy terminaly, ýük we VIP terminallary gurular, öňkiniň durky täzelenr we täze uçuş zolagy, rulež ýodajyklary, howa gämilerini goýulýan ýer we perronlar gurular. Umumylykda Merkezi Aziýada iň uly howa menzili boljak howa menzili toplumynyň çäklerinde iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün ediljek kyrkdan gowrak desgalary gurmak wezipesi öňde durýar. Bu bolsa hyzmat etmegiň halkara derejelerini üpjün etmek bilen, Aşgabadyň täze howa menziline islendik kysymdaky we ýük göteriji uçarlary kabul etmäge mümkinçilik berer.

Esasy howa menziliniň gurluşygy döwründe uçar bilen syýahat edýän ýolagçylaryndan halas etmäge gönükdirilen her sagatda 1250 ýolagçyny göýbermäge mümkinçiligi bolan kiçi terminal bir wagtyň özünde onlarça uçarlary kabul etmäge we ibermäge mümkinçiligi bardyr. Kiçi terminal 2013-nji köçäniň (Kosmonawtlar bulwary) ugry boýunça öňki ulag duralgasynyň ýerinde we howa menziliniň ýakynyndaky meýdançada gurulýar.


Üç sany aýratyn bölekden ybarat bolan (ýerli howa ugurlary,СIP bölegi, halkara how ugurlary) kiçi terminalyň bir gatlyk binasynda Aşgabada gelýän we Aşgabatdan gidýän ýolgçylar üçin iň aňrybaş oňaýly şertler dörediler. Oňaýly garaşylýan we hasaba alyş zallary, enäniň we çaganyň otagy, dini däp-dessurlary berjaý etmek üçin jaý, maglumatlar tagtasy, sorag-jogap nokady, sensor elektron sorag-jogap ulgamy, petek kassalary, telefon-awtomatlar, pul çalşylýan ýer, bankomatlar, goş-golam saklanylýan ýer, käfe, duty-free dükanlary ýolagçylaryň hyzmatynda bolar. Ýolagçy terminalynyň golaýynda özbaşdak ýyladyş, howa çalyşýan we howa menziliniň jaýlaryny üznüksiz elektrik togy bilen üpjün edýän desgalar gurlar.

Perronyň durkuny täzelemk işleri hem wagtlaýyn ýolagçy terminalynyň gurluşygy bilen bir wagtda alnyp barylýar. Onda howa gämileri üçin 20 töweregi duralgalar enjamlaşdyrylar, uçuş zolagyna rulež ýodajyklary çekiler, çäkleri yşyklandyrmak işleri geçiriler. Menziliň ýakynyndaky meýdançada göýberiş ulgamy bilen üpjün ediljek ulag duralgalarynyň birnäçesini enjamlaşdyrmak karar edildi. Halkara howa uçarlarynyň böleginiň öňünde 335 awtoulagy, ýerli howa uçarlarynyň öňünde 100 awtoulagy üçin ýerler gurlar.

Geljekde, esasy howa menzili toplumy ulanyşa berilenden soňra, kiçi terminal çarter uçarlary bilen uçýan ýolagçylary resmileşdirmek üçin ulanylar.