Ï Bilelikdäki tagallalaryň täze önümçiligi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilelikdäki tagallalaryň täze önümçiligi

view-icon 784
Türkmen we belarus hünärmenleri himiýa senagatynyň geljekki kaliý hloridini öndürmek boýunça dag magdanlaryny baýlaşdyryjy iri kombinatynyň gurluşygyny ýokary depginlerde alyp barýarlar. Lebap welaýatynda kaliý duzunyň Garlyk ýatagynda geljekki baýlaşdyryjy fabrigiň demir gurluşlaryny, magdan ammarynyň, dag sehini enjamlaşdyrmak we beýleki önümçilik uçastoklarynyň gurnama işleri alnyp barylýar.

Şu günler bu ýerde desgalaryň 70-sinde 100 gektar meýdanda baş potratçy”Belgorhimprom” (Belarus respublikasy) açyk paýdarlar jemgyýetiniň gurluşyk we gurluşyk-gurnama bölümlerinden, “Türkmennebitgazgurluşyk” Döwlet konserninden, ýakynda ýerleşýän şäherçelerden bir ýarym müňden gowrak adam işleýär. Ýylda kaliý dökünleriniň 1,4 million tonnasyny öndürmäge niýetlenilýän bu kärhana 2015-nji ýylda ulanyşa berler.


Desgalaryň köpüsinde ilkinji işler tamamlandy. Umumylykda önümçilik binalarynyň düýbüni tutmaga 14 müň kub metr beton guýuldy. Şu ýylyň iýul aýyndan başlap, esasy we kömekçi binalaryň demirbeton karkasyny gurnama işlerine başlandy. Reagentleri taýýarlaýan sehiň, barlaghana binasynyň, wagonlara ýük ýüklemek we düşürmek uçastogynyň gurluşyk işleri bellenen möhletden öňe geçirilip alnyp barylýar. Demir ýollary gurnaldy. Onuň bilen häzirki wagtda gurluşygy alnyp barylýan kärhana känleri we magdany gaýtadan işlemek üçin esasy we kömekçi enjamlar müňlerçe wagonlar bilen gelip gowuşýar.

Dag sehiniň meýdançasynda göteriji maşynlar üçin binanyň demir gurluşlaryny gurnama işleri alnyp barylýar. Olar ýerasty känlere, şeýle hem adminstratiw-durmuş binasynyň demir karkaslaryna hyzmat eder. Beýleki senagat meýdançasynda gazylyp alynan magdany baýlaşdyrmak üçin esasy tehnologiki enjamyň kuwwatly demir beton binýadynyň diwarlary ýokary galýar. Taslama boýunça bu ýerde flotasion fabrigi gurlar. Onda gazylyp alynýan kaliý duzlaryny owratmak we flotasiýa etmek üçin liniýalary gurnamak göz öňünde tutulýar.

Bellenen tabşyrygy – ýylda 1,4 million tonna döküni öndümek üçin ýylda 7 million tonnadan gowrak magdan gerek bolar. Belarus hünärmenleriniň taslama boýunça işlere geçen ýylda başlanan önümli gatlakly ýataklaryny açmak iki sany şahta sütüni bilen amala aşyrmak göz öňnde tutulýar. Häzirki wagtda gazylan magdany ýokary bermek üçin, şeýle hem magdana arassa howany göýbermek üçin niýetlenen esasy magdan sütüniniň agzyny betonlamak we adamalary aşak düşürmek ýokary galdyrmak üçin ýa-da dürli ýükleri düşrmek we galdyrmak üçin, çykýan howa akymyny sowmak üçin niýetlenen ikinji – kömekçi guýyň işleri alnyp barylýar. Ýöne, adamlaryň howpsuzlygy üçin dik sütünleri geçmek işlerine girişmezden ozal, uly akymly ýerasty suwlarynda ulanylýan belarus gurluşykçylary tarapyndan işlenilip taýýarlanan sütüni goramagyň kombinirlenen usulyny ulanmak öňde dur. Ol ilkibaşda işjeň halda işläp, soňra bolsa käniň easasy sütüniniň töwreginde topragy haýal doňdurýan ýagdaýa geçýär. Bu iş ýedi aý töweregi wagta çekýär. Emeli usulda döredilen “baky doňaklyk” 200 metrden 1000 metr çuňlukdaky ýatan kaliý duzlarynyň önümli gatlaklaryna çenli şahta sütünini geçmegi epesli çaltlandyrar

Önümçilik toplumynyň gurluşygy bilen bir wagtda kombinatyň infrastruktutasynyň işelemegi üçin hem ähli gerek bolan şertler döredilendir.