Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, awiakerosini, polipropileni, dizel ýangyjyny, ýangyç mazudyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz reňklenen žakkard tüýjümek önümler, pagta süýümi, gara mallaryň we dowarlaryň derileri ýerlenildi. Satyn alan ýurtlur: Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Türkiýe, Singapur, Malta, Moldowa. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 132 million dollaryna golaý boldy.
Depozit manat serişdelerine Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Slowakiýanyň, Pakistanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy 15 million 500 müň manatlykdan gowrak ýük awtoulagyny, pagta ýagyny, jinsi önümlerini, nah matany we ýüplükleri, gaýtadan işlenilen süýümi, goýun, düýe we geçi ýüňüni, pagta şulhasyny satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin umumy bahasy 280 müň manatlykdan gowrak bolan polipropileni we awtoulag tehnikasyny satyn aldylar.