Şu ýylyň 31-njy oktýabryndan 7-nji noýabry aralygynda Aşgabatda Halkara pul gaznasynyň wekiliýeti sapar bilen boldy. Bu iri maliýe düzüminiň wekilleri Türkmenistana bolan nobatdaky saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň hökümetinde, ministrliklerinde, pudak edaralarynda, bank düzümlerinde birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Olar duşuşyklaryň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy ugurlarynyň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdyryldy.
Halkara pul gaznasynyň wekiliýetiniň baştutany Weronika Bakalu Aşgabatda bolmagynyň netijeleri boýunça metbugata ýüzlenme bilen çykyş etdi. Onda türkmen döwletiniň häzirki döwürde gazanýan ykdysady ösüşine oňyn baha berildi. Bellenilişi ýaly, ýurduň 2013-nji ýyldaky ynamly ykdysady ösüşi uglewodorod serişdelerine degişli bolmadyk pudagyň ösüşiniň ýokary depginlerini şertlendirdi. Munuň özi ägirt uly döwlet maýa goýumlarynyň netijesidir. Halkara pul gaznasynyň bilermenleriniň çaklamalaryna görä, 2013-nji ýylda jemi içerki önümiň hakyky ösüşi 10,1 göterime, 2014-nji ýylda bolsa bu görkeziji 10,7 göterime deň bolar.
Türkmen döwletiniň soňky birnäçe ýyllaryň dowamynda ykdysady ösüşiň ýokary netijelere ýetmekdäki tagallalaryna ýokary baha berip, ýakyn we orta geljek üçin mundan beýläk-de okgunly hereket etmäge amatly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Halkara pul gaznasynyň wekilleri Türkmenistanyň ählumumy töwekgelçilikden sowa däldigini, bu ýerde tapgyrlaýyn we düzümleýin şertler bilen baglanyşykly birnäçe ýagdaýlaryň döräp biljekdigini bellediler. Binýatlaýk energiýa serişdeleriniň dünýä bazarynda nyrhynyň arzanlamasy, Türkmenistanyň söwda boýunça iri hyzmatdaşlary bolup durýan ýurtlaryň ösüş depgininiň pese düşmegi muňa mysal bolup biler. Ýöne bilermenleriň bellemegine görä, durnuklaşdyrmak boýunça çäreleriň oýlanyşykly ulgamynyň bolmagy netijesinde Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşarky töwegelçilikleriň täsiri örän çäkli bolar.
Bu hakykatdanam şeýle, maliýe ulgamynda özgertmeleriň öz wagtynda amala aşyrylmagy Türkmenistanyň maliýe ýagdaýynyň we ykdysady ösüşiniň durnuklylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Maliýe-karz, walýuta we salgyt-býujet pudaklarynda dowam edýän özgertmeler, döwletiň işjeň maýa goýum syýasaty jemi içerki önümiň durnukly hem-de ýokary ösüş depginlerini üpjün edýär. Şunlukda puluň hümmetsizlenmegi ýurtda pes derejede saklanýar, bahalaryň derejelerine we alyş-çalyş ugrunuň kesgitli bolmagyna anyk gözegçilik alnyp barylýar.
Önümçilik we medeni-durmuş binalarynyň gurluşygyna, ykdysadyýetiň uglewodorod serişdelerine degişli bolmadyk kuwwatlyklarynyň giňeldilmegine, döwrebaplaşdyrylmagyna we olaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylmagyna döwletiň ägirt uly serişdeleri gönükdirilýär.
Türkmenistanyň 2014-nji ýylda durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary indiki ýyl üçin ýurduň Döwlet býujetine öz beýanyny tapdy.Munuň özi täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, önümçiligiň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, ykdysadyýetiň diwersifikasiýa deilmegine. Täze iş orunlanyň döredilmegine, şeýle hem ylmy barlag işlerini, taslamalaýyn we tejribeleýin gözlegleri amala aşyrmak üçin maliýe serişdeleriniň ýeterlik möçberde goýberilmegi arkaly milli innowasion ulgamyň kemala getirilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleriň dowam etdirilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Halkara pul gaznasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň maglumaty ýurduň mundan beýläk ykdysady ösüşiniň çaklamalaryna daýanýar. Şeýlelikde, onda maliýe hasabatlylygynyň halkara ülňüleriniň we banklaryň maýalarynyň möçberleriniň artdyrylmagy hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegi bank ulgamyny pugtalandyrmak ugrundaky ilkinji ädim bolup durýar we onda döwlete degişli banklar esasy orun eýeleýär diýlip bellenilýär. Şeýle hem banklara toplumlaýyn dolandyryş ülňüleriniň ornaşdyrylmagynyň, banklara edilýän gözegçiligiň kämilleşdirilmeginiň we töwekgelçilikleri dolandyrmak tejribesiniň berkidilmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr.
Halkara pul gaznasynyň wezipesi milli ykdysadyýetimizde hususy ulgamyň paýyny 2020-nji ýyla çenli (uglewodorod pudagyny hasaba almazdan) 70 göterime getirmek boýunça öňde goýlan maksada ýetmek ugrundaky giň möçberli özgertmeleriň geçirilmegini goldaýar we bu çäräniň öňdebaryjy halkara tejribesiniň netijeli ulanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, halkara maliýe guramalary bilen geeňşmeleriň esasynda durmuşa geçirilmelidigini belleýär.
Şeýle hem Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna girmegi, milli statistika ulgamyna halkara ülňüleriniň ornaşdyrylmagy boýunça alnyp barylýan işleriň derwaýysdygy bellenilýär.
Biziň ýurdumyzyň ykdysady, maliýe guramalarynyň we bank edaralarynyň öňünde täze möhüm maksatlaryň durýandygy we onuň netijeleriniň öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçiriljekdigine gürrüňsiz ynam döredýär. Halkara pula gaznasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysynyň pikirine görä, Türkmenistanda ykdysady özgertmeleri gysga möhletde durmuşa geçirmek üçin pugta binýat döredildi. Munuň özi biziň ýurdumuzyň ýakyn geljekde oňaýly ykdysady ösüşi gazanjakdygy baradaky çaklamany öňe sürmäge mümkinçilik berýär.
Ýokarda aýdylanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oýlanyşykly we öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde biziň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini yzygiderli dowam edýändigini we iň batyrgaý ýörelgeleri durmuşa geçirmek arkaly täze belentlikleri eýeleýändigini tassyk edýär.
20 ýyldan gowrak wagt bäri ykdysady özgertmeleri geçirmekde Halkara pul gaznasy Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolup durýar we gurama ýurduň hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilýän we makroykdysady ähmiýeti bolan özgertmeleri goldamak üçin enjamlaýyn kömegi bermäge mundan beýläk-de taýýardygyny tassyk edýär. Halkara pul gaznasy bilen Türkmenistanyň indiki geňeşmelerini 2014-nji ýylyň ortalarynda geçirmek meýilleşdirilýär.