Bugdaý ekilen meýdanlaryň 85 göterim gowrak ýerinden köpçülikleýin gögeriş alyndy. Bugdaý ekilen meýdanlar ýaşyl begrese bürenipdir. Ýurt boýunça güýzlük bugdaý 860 müň gektar meýdana ekildi. Ekiş möwsümi oktýabr aýynyň ahyrynda tamamlandy. Türkmen gallaçylary indiki ýyl 1 million 600 müň tonna bugdaý ýygnamagy maksat edinýärler. Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda bugdaýa ideg etmek işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.
Bugdaýyň çalt ösmegine we oňat hilli boý almagyna oňaýly täsir edýän toplumlaýyn ideg etmek işleriniň dowamynda ilkinji suwaryş işleri we hapa haşal otlara garşy göreş işleri alnyp barylýar. Eýýäm şu aýyň ortalaryndan başlap bugdaý ekilen meýdanlarda topraga mineral dökünlerini bermek işleriniň birinji tapgyry başlanar. Bu işlere daýhanlar bilen bir hatarda “Türkmenobahyzmat” Döwlet birleşiginiň mehanizatorlary hem gatnaşýarlar. Ekin meýdanlarynda pürküji we beýleki kömekçi tehnikalar bilen üpjün edilen traktorlaryň 200-den gowragy işledilýär.
Ekiş möwsüminiň dowamynda bugdaýyň ýumşak we gaty görnüşleriniň 16-dan ybarat bolan bugdaý tohumynyň 198 müň tonnasy ekildi. Olardan “Sähraýy”, “Ýolöten-1”, “Bitarap”, “Juwan”, “Türkmenbaşy-1”, “Ýolöten-3”, “Batko”, “Ýubileýnaýa-100” ýaly bugdaý tohumlaryny görkezmek bolar. Ýurduň ekin meýdanlaryna uýgunlaşan bugdaý tohumlary pes tenperatura durnukly, çalt ýetişişi, ýokary hasyllygy we hili boýunça, kesellere garşy durnuklylygy bilen tapawutlanýar.
Gallaçylaryň baha bermegine görä, ýurtda ösdürilip ýetişdirilen bugdaýyň täze görnüşleri “Miras” we “Akbaş” görnüşleri gowy netijeleri görkezdi. Olaryň tohumy geçen ýyl önümçilige göýberildi. Bugadýyň bu ýumşak görnüşleri Marynyň pagtaçylyk YBI we Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän däneçilik YBI taýýarlanyldy. Bugdaýyň ýene-de üç görnüşi – stawropolyň “Nota”, “Irişka” we “Wassa” ýaly görnüşleri türkmen topragyna gowy uýgunlaşdy. Bugdaýyň bu görnüşleri hem eýýäm iki ýyl bäri ekilýär. Şu ýyl bugdaýyň russiýadan getirilen “Krupinka” gaty görnüşi bugdaý görnüşleriniň üstüni ýetirer. Olar toprak-howa şertlerini göz öpnde tutmak bilen, Ahal we Mary welaýatlarynyň ekin meýdanlaryna ekildi.