Türkmenistanda transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça nobatdaky möhüm ylalaşyga gol çekildi
Şu gün türkmen paýtagtynda geçirilýän halkara nebitgaz forumynyň çäklerinde şanly waka bolup geçdi-- Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi boýunça Tranzaksiýa Geňeşçisi bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň, Owgan gaz korporasiýasynyň, Pakistanyň “Inter state gas systems (Private) Limited” korporasiýasy, Hindistanyň “Gail (India) Limited” kompaniýasynyň we Aziýanyň ösüş bankynyň arasynda Hyzmatlar Ylalaşygyna gol çekildi.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilenn ösdürmek ýörelgelerine daýanýan we türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagy, köpugurly turbageçiriji düzümiň döredilmegini ugur edinýän energetika strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi iri möçberli halkara taslamalaryň amala aşyrylmagynda öz beýanyny tapýar. TOPH taslamasy hem şeýle çäreleriň biridir.
Gaz geçirijiniň umumy uzynlygy 1735 kilometr bolup, onuň 200 kilometri Türkmenistanyň, 735 kilometri Owganystanyň, 800 kilometri Pakistanyň çäklerinden geçip, Hindistan bilen araçäkdäki Fazilka ilatly ýere barar. Gaz geçirijiniň ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metre barabar bolar.
TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegi oňa gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň hemişelik üns merkezinde durýar. Olaryň yzygiderli duşuşyklary munuň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2010-njy ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda taslama gatnaşyjy döwletleriň baştutanlarynyň nobatdaky Sammiti geçirildi. Onuň jemleri boýunça gaz geçiriji hakyndaky Çarçuwaly ylalaşyga we TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek babatdaky Hökümetara ylalaşygyna gol çekildi.
Häzirki döwürde ähli zerur bolan hukuk we täjirçilik resminamalary taýýarlandy. Taslama gatnaşyjy ýurtlaryň hojalyk edaralarynyň arasynda tebigy gazy satyn almak-satmak boýunça şertnamalara gol çekildi. Hususan-da, 2012-nji ýylyň maýynda III Halkara gaz kongresiniň çäklerinde Hindistanyň we Pakistanyň milli kompaniýalary bilen tebigy gazy satyn almak-satmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekildi. Ýolbaşçy komitetiň 17-nji mejlisinde 2013-nji ýylyň 9-njy iýulynda “Türkmengaz”döwlet konserni bilen Owgan gaz korporasiýasynyň arasynda tebigy gazy satyn almak-satmak hakyndaky şertnama gol çekildi. Şol ýylyň awgustynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde Tehniki iş toparynyň 23-nji mejlisiniň barşynda TOPH taslamasyny durumşa geçirmegiň meseleleri ylalaşyldy we çözüldi. Şeýle hem şu günki gol çekilen Ylalaşygyň taslamasy taýýarlandy.
Häzirki döwürde taraplar TOPH Ltd. konsorsiumyny döretmäge has ýakynlaşdylar. Ol taslamanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen meşgullanar. Şeýle hem häzirki wagtda ony döretmek, şeýle hem bu işe zerur bolan tehniki mümkinçiliklere, öňdebaryjy tehnologiýalara we magistral turbageçirijileriň gurluşygy boýunça ýeterlik tejribä eýe bolan öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary çekmek boýunça hukuk we tehniki meseleler öwrenilýär.
Şeýlelikde, Aziýanyň ösüş banky indi TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Tranzaksiýa Geňeşçisi hökmünde çykyş edýär. Onuň esasy wezipesi TOPH Ltd.taslamalaýyn kompaniýany döretmekden ybaratdyr. Onuň esasy paýdarlary bolsa başlangyç tapgyrda ýokarda agzalan taraplaryň ygtyýarly wekillerini, şeýle hem Aziýanyň ägirt uly giňişliginde energetika taslamalaryň birini durmuşa geçirmegi maksat edinýän korsorsiumynyň ýolbaşçysyny gözlemek meselesini çözerler.
Ýokarda bellenilişi ýaly, häzirki döwürde uglewodorod serişdelerini ugratmagyň köpugurly ulgamyny, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna üstaşyr howpsuzlygyna ygtybarly usulyny döretmek türkmen döwletiniň energetika strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda ozal amala aşyrylan we häzirki döwürde durmuşa geçirýän iri düzümleýin taslamalary, şeýle hem ählumumy energetka howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda ýurdumyzyň öňe süräýn halkara başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu bolsa TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegini şertlendirer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň birnäçe gezek belleýişi ýaly, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy diňe bir özara peýdaly energetiki we ykdysady taslama bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ägirt uly syýasy ähmiýeti bolan utgaşdyryjy ýagdaýy emele getirýär. Ol halkara energetika giňişliginde döwletleriň gyzyklanmalarynyň sazlaşygyny we bitewüligini tassyk edýär, diýmek, munuň özi geosyýasy taýdan durmuşa geçirilmegi mümkin taslamadyr. Şeýle hem bu taslama energiýa serişdelerini öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň we sarp edijileriň gyzyklanmalarynyň sazlaşygyny üpjün etmekde baş maksada ýetilmeginde syýasy erkiň we işjeňligiň bardygynyň aýdyň subutnamasydyr.
TOPH taslamasynyň geljekde geçjek ugry onuň bilelikde üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň mümkindigini görkezdi. Häzirki döwürde bu taslamanyň Merkezi we Günorta Aziýadaky, ugurdaş sebitlerdäki umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge ukyply, durnuklaşdyryjy häsiýete eýedigi barada aýtsa bolar. Şeýle hem ol yklymda tutuş syýasy we ykdysady ulgamda goşmaça durnuklylygy üpjün eder.