Geçen hepdede Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen söwdalarda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.
Daşary yurt puluna Beýik Britaniýadan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, düzüminde kükürt az bolan ýangyç mazudyny, uçar kerosinini satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýdan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjy Owganystandan gelen işewürleriň baglaşan geleşikleriniň esasyny düzdi. Mundan başga hem tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler, azyklyk bugdaý, nah ýüplügi, pagta süýümi, nah matanyň galyndylary daşary yurt puluna ýerlenildi. Olary satyn alan ýurtlar Russiýa, Beýik Britaniýa, Belgiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Ukraina, Gyrgyzystandyr. Baglaşylan geleşikleriň jemi möçberi ABŞ-nyň 159 million 101 müň dollaryndan ýokary geçdi.
Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, Germaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Slowakiýanyň, Kipriň, Çehiýanyň, Ukrainanyň, Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri depozit manat serişdelerine dürli görnüşdäki jinsi önümlerini, arassalanan günebakar ýagyny, egin-eşiklik pamygy, agardylan pagta süýümini, aşgarlanan biz matany, nah ýüplügi, saryja goýnunyň, düýäniň ýüňüni we geçiniň çöprüni, çig ýüpegi, pagta şrotuny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy möçberi 15 million 238 müň manatlykdan gowrak boldy.
Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni satyn aldylar. Geleşikleriň umumy möçberi 167 müň manatdan ýokary geçdi.