Ï Täze däne ammarlary gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze däne ammarlary gurulýar

view-icon 909
Täze elewatorlaryň we un toplumlatynyň, oba hojalyk ekinlerini gaýtadan işleýän kärhanalary gurmak “Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny 2012-2-16-njy ýyllarda ösdüremgiň maksatnamasynyň” möhüm ugry bolup durýar.

Ýetişdirlen bugdaýy bildirlýän talaplara laýyklykda aýawly saklamak we bugdaý öndürijileri ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigine: Ahal, Balakn, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň hersinde tohumlyk bugdaýy taýýarlaýan bölümi bolan, her biriniň umumy göwrümi 5000 tonnalyk bir sany ammaryň taslamasyny düzmek we ony gurmak barada Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň “Ýöritemehanizasiýa” önümçilik kärhanasy bilen şertnamany;

Görkezilen ammarlar üçin zerur bolan enjamlary satyn almak, getirmek we guramak barada “Tepe TürkmenInşaat we Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi. Resminama bilen gurluşyk-gurnama işlerine 2013-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak we ammarlary 2014-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar tabşyrmak bellendi.

Pudagyň zähmetkeşlerini hemmetaraplaýyn goldamak barada döwlet tarapyndan uly goldawlar berilýär. Bu tehniki taýdan täzeden dikeltmäge we oba hojalyk toplumynyň önümçilik gurluşynyň ählisini döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen milliardlarça maýa goýumlarynda öz beýanyny tapýar. Daýhan birleşikleri, kärendeçiler we beýleki önüm öndürijiler zerur bolan zatlaryň ählisi bilen üpjün edilýär. Olar tehnika, dökün, tohum babatda hiç-hili kynçylyk çekmeýärler. Pudagyň gurluş düzümleri üçin häzirki zaman traktorlary, kombaýnlar, seýalkalar we beýleki tehnikalar yüygiderli satyn alynýar.

Geçen ýylyň güýz paslynda Ahal welaýatynda çörek önümleini öndürýän iri önümçilik toplumy we “Berketli” söwda merkezi açyldy. Onuň düzümine ýüz müň tonna däne saklaýjy ammarly elewator we ýylda 80 müň tonna un, çörek we bir gije-gündüziň dowamynda 40 tonna çenli çörek we çörek önümlerini, şeýle hem bir gije-gündüziň dowamynda 48 tonna makoron önümlerini öndürýän bölüm girýär. Şu ýylyň fewral aýynda Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäklerinde ýerleşýän Sarp obasynda ýerleşýän, şeýle hem daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda ýene-de iki sany 50 müň tonna dänäni saklaýan elewatorly hem-de kuwwatlylygy ýylda 50 müň tonna däne üweýän degirmen gurlup, ulanylmaga berildi.

Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda 50 müň tonna dänä niýetlenen, babadaýhan etrabynda bolsa, - 30 müň tonna niýetlenen elewatoryň gurluşygy alnyp barylýar.Iň täze enjamlar we önümçilik işini awtomatlaşdyrylan ulgam bilen üpjün edilen bugdaý ammarlarynyň we un öndüriji täze kärhanalaryň gurluşygy ýurduň ähli sebitlerinde dowam etdirilýär. 2014-nji ýylda gurluşygy geçen ýyllarda başlanan sygymlygy 360 müň tonna bolan elewatorlaryň 8-si ulanylmaga beriler.