“Türkmenhowaýollarynyň” häzirki zaman howa gämileri ýerli ugurlar boýunça gatnap başlarlar. Olar ýurduň köp etrap merkezlerini howa gatnawy bilen üpjün ederler. Şunuň ýaly wezpäni ýurduň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow awiatorlaryň öňünde goýdy. Ýerli howa gatnawyny ösdürmek üçin 50 we 100 sany ýolagçyny gatnatmak üçin niýetlenen täze howa gämilerini satyn almaly bolar, merkezden uzakda ýerleşýän howa menüilerini abadanlaşdyrmaly bolar.
Bu mynasibetli “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy ýerli howa gatnawlaryny ösdürmegiň maksatnamasyny işläp taýýarlady, awiasiýa tehnikasynyň monitoringini geçirdi. Fransiýanyň 72 ýolagçy ýerleşýän ATR-7260 we 50 ýolagçyny gatnatmaga niýetlenen ATR-42-600, 82 howa syýahatçylaryny gatnatmaga niýetlenen kanadanyň “Bombardýe” howa gämileri türkmen awiatorlaryny gyzyklandyrdy. Biziň hünärmenlerimiz 19 ýolagçy üçin niýetlenen çehiýanyň uçary L-410, ukrainanyň 27 ýolagçy üçin niýetlenen An-38 we 52 ýolagçyny gatnatmaga niýetlenen An-140 uçarlary bilen tanyş boldular. Teklip edilen howa tehnikalarynyň uçuş-tehniki maglumatlary, onuň baha görkezijileri bilen tanşyp, “Türkmenhowaýollary” DMG-ň hünärmenleri fransiýanyň ATR-42-600 we çehiýanyň L-410 uçarlarynda saklandylar. Olaryň pikirine görä, bu uçarlar häzirki zaman kiçi awiasiýa bilidirýän talaplaryň iň ýokary derejesine laýyk gelýär. Şu ýylyň ahyrynda Aşgabatda fransuz uçarynyň tanyşdyrylyşy geçiriler.
Howa tehnikalaryny öwrenmek bilen bir wagtda Magdanly, Gazojak, Hazar, Garabogaz we Esenguly şäherlerindäki, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç, Ahal welaýatynyň Sarahs etraplarynda, Mary welaýatynyň Galaýmor diýen ýerindäki öňki howa menzilleriň ýagdaýy seljerildi. Geçirilen gözegçilik işleriniň esasynda merkezden uzakda ýerleşýän howa menzilleriniň gurluşygynyň bir nusgaly taslamalary işlenilip taýýarlanyldy. Olar şäherlerde we etrap merkezlerinde uçuş-gonuş zolakly, uzynlygy 2000 metr bolan we ýolagçylara we howa tehnikalaryna hyzmat etmek üçin jaýlaryň nominal sanly täze aerodromlary döredilmegini göz öňünde tutýar.
Ýurtda kiçi awiasiýany ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda täze howa menzilleriniň gurluşygyny iki tapgyrda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar, 2014-2016-njy ýyllarda Lebap welaýatynyň Atamyrat we Magdanly şäherlerinde, Balkan welaýatynyň Hazar we Garabogaz şäherlerinde, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şaherinde gurmak göz öňünde tutulýar. Soňraky ýyllarda Gazojakda, Esengulyda, Galaýmorda, Sarahsda, Tejende täze aerodromlar peýda bolar.
Ýerli howa gatnawlarynyň ösdürilmegi howa ulagymnyň ösen infrastrukturasyny döretmek boýunça umumy strategiýa sazlaşykly goşulşar. “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny 2012-2030-njy ýyllarda ösdürmegiň milli maksatnamasynyň” çäklerinde täze howa menzilleriniň gurluşygy alnyp barylýar, öňki hereket edýän howa menzilleriniň, terminallaryň, inženerçilik-tehniki ähmiýetli desgalaryň durky täzelenýär, ýokary hünärli hünärmenler taýýarlanylýar. iň häzirki zaman howa gämileri, şol sanda ýerli howa ugurlary boýunça hem howa gämileri satyn alynýar.