Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýerli howa ugurlaryny ösdürmek boýunça beren tabşyrygynyň çäklerinde ATR fransuz-italýan kompaniýasynyň 42-600 uçarynyň synag uçuşy geçirildi. Bu uçar ýurdumyzyň içerki howa ugurlarynda ulanmagy meýilleşdirilýän uçarlaryň biridir.
Döwlet Baştutanymyzyň pudagyň öňünde goýan wezipeleriniň jähetinde kiçi göwrümli uçarlaryň dürli görnüşleriniň mümkinçilikleri we olary içerki howa ugurlary boýunça ulanmagyň maksadalaýyklygy öwrenildi. Mundan başga-da, şäherleriň we etraplaryň mekrezleriniň howa menzilleriniň mümkinçiliklerini we häzirki ýagdaýyny seljermegiň netijeleri boýunça täze howa menzilleriniň gurulmagy maksadalaýyk hasaplanylýar. Ýerli howa menzillerini iki tapgyrda gurmak meýilleşldirilýär. Häzirki döwürde howa menzilleriniň uçuş-gonuş zolaklarynyň we beýleki zerur düzümleýin desgalarynyň taslamalaryny taýýarlamak işi alnyp barylýar.
Häzirki döwürde täze howa menzilleri gurulýar, olaryň ozal bar bolanlaryň durky täzelenilýär we döwrebaplaşdyrylýar. Ýerli howa ugurlaryny sazlaşykly ösdürmek üçin 50-den 100-e çenli ýolagçylary gatnatmaga niýetlenen uçarlaryň zerurlygy ýüze çykýar.
Şunuň bilen baglylykda, düzüminde degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň wekilleri bolan ýörite döwlet topary döredildi. Toparyň wezipesi ýerli tebigy-howa we uçuş şertlerinde uçaryň hiline we ulanyş häsiýetine baha bermekden ybaratdyr.
ATR 42-600 uçary 50 ýolagça niýetlenendir. Ol ygtybarly ses peseldiji örtük, şeýle hem oňaýly oturgyçlar, LED yşyklandyryjysy we giň ýük tekçeleri bilen üpjün edilen “Armoniýa” kysymly häzirki zaman uçarydyr. Bu uçar ýokary ýangyjy we ulanyş serişdelerini az derejede harçlaýan howa gämisidir.
ATR fransuz-italýan tehnikalarynyň hemmesi ýaly, 600 tapgyrdan bolan uçarlar köp ugurlylygy we iň çylşyrymly uçuş-gonuş zolaklaryna ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Bu bolsa uçarlary köp ugurlar boýunça ulanmaga mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde ATR uçarlary ýeke-täk turbowintli uçardyr. Olar 120 minutdan az bolmadyk wagtda, şol sanda suwuň ýokarsynda bir hereketlendiriji bilen uçuşy ýerine ýetirip bilýän uçar hökmünde tassyklanan ETOPS 120 güwänamasyna eýe bolan ýeke-täk uçardyr.
ATR 42 600 uçaryň häzirki görnüşi 2010-njy ýyldan bäri ulanylýar. Olar ýokary netijelliligi we ygtybarlylygy bilen tapawutlanýarlar. Ilkinji nusgasy bilen deňeşdirilende, bu nusga ýokary tizlige hem-de ýük göterijilige eýedir. ATR 42 600 uçaryň täze oňaýly oturgyçlary, häzirki zaman elektronika ulgamy bar. Uçar iň täze awioniki we nawigasiýa enjamlary bilen üpjün edilipdir. Ol ähli uçuş maglumatlaryny äşgär etmek üçin bäş sany köp ugurly ŽK-monitorlaryny we köp maksatly MPS (Multi-Purpose Compýuter) kompýuteri özünde jemleýär. Munuň özi dolandyryşda oňaýlylygy şertlendirýär. Diýmek, uçuşlaryň howpsuzlygynyň ýokarydygyny alamatlandyrýar. Täze hereketlendirijiler uçara gysga ölçegdäki uçuş-gonuş zolaklarynda gonmaga, uçmaga we belentliklerde uçmaga mümkinçilik berýär. Uçaryň ýokary tizligi sagatda 500 kilometrden gowrakdyr. Bu bolsa 1000 kilometr aralyk üçin örän amatly görkezijidir. Uçary iki uçarman dolandyrýar.
Uçar Aşgabat-Mary-Aşgabat ugry boýunça uçuşy amala aşyranda toparyň agzalary uçaryň ygtybarlylygyna hem-de artykmaçlyklaryna mynasyp baha bermäge mümkinçilik aldylar.
Milli Ldiderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli alada etmegiň netijesinde ýurdumyzyň raýat awiasiýasy häzirki döwürde okgunly depginler bilen ösdürilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda iň täze tehnikalar bilen üpjün edilen häzirki zaman howa menzilleri gurulýar. “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň tehniki parkynyň üsti yzygiderli ýetirilýär we ol häzirki döwrüň ýokary talaplaryna laýyklykda, howa ýollary ulgamynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär wegullugyň düzümleri doly derejede döwrebaplaşdyrylýar.
Ýerli şertlerde synagdan geçirilýän we ýurdumyzda ulanmagy meýilleşdirilýän täze howa gämisi türkmen awiatorlarynyň ýerli ugurlar boýunça ýolagçy gatnatmak babatdaky ugurlaryny has-da giňelder we hereket edýän ugurlaryň sanyny artdyrar.