Ï Milli deňiz flotiliýasynyň ygtyýaryna täze häzirki zaman tankeri gelip gowuşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli deňiz flotiliýasynyň ygtyýaryna täze häzirki zaman tankeri gelip gowuşdy

view-icon 786
Şu gün Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 18 ýyllygynyň öň ýanynda Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna Türkmenistanyň buýurmasy boýunça Nižniý Nowgorod şäheriniň “Krasnoýe Sormowo” (Russiýa Federasiýasy) gämi gurluşyk zawodynda gurlan “Kenar” nebit tankeri geldi.

Milli deňiz flotunyň ygtyýaryna gelip gowşan täze häzirki zaman gämisini garşylamak dabarasyna welaýat we şäher häkimlikleriniň, Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda nebit we nebit önümleriniň çykarylyşynyň we eksport edilişiniň möçberlerini artdyrmak bilen bir hatarda, ulag düzümini hem-de söwda flotuny kemala getirmäge birinji derejeli wezipe hökmünde üns berilýär. Bu wezipe, hususan-da, türkmen energiýa serişdelerini daşary ýurt bazarlaryna çykarmagy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli alnyp barylýan syýasatyň durmuşa geçirilmegi bilen şertlendirilendir.

Soňky ýyllarda milli deňiz flotiliýasyny häzirki döwrüň halkara ülňülerine laýyk gelýän derejede kemala getirmek boýunça innowasiýa taslamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň buýurmasy boýunça gurlan “Sumbar”, “Hazar”, “Jeýhun”, “Bitarap”, “Etrek”, “Alaja” nebit tankerleri satyn alyndy we ulanmaga berildi. Şunuň netijesinde deňiz ulaglary bilen ýükleri gatnatmagyň möçberleri ýylsaýyn ýokarlanýar, Türkmenbaşynyň deňiz portuna girýän daşary ýurt gämileriniň sany hem artýar.

Ulag ulgamynyň güýçli depginlerde ýaýbaňlandyrylýan dürli ugurlarynyň döredilmegi deňiz ýakasynyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginiň ileri tutulýan ugrudyr. Ýurdumyzyň bu künjegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Türkmenistany yklymüsti ulag geçelgesiniň örän möhüm bölegine öwürmek boýunça öňe süren ägirt uly başlangyçlaryna laýyklykda, sebitiň örän uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam etmek bilen parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna, ähilumumy durnukly durmuş-ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berer.

Çig nebiti we nebit önümlerini daşamaga niýetlenilen täze tankere ulagyň bu görnüşiniň ýokary tizligini üpjün edýän iki sany hereketlendiriji oturdylandyr. Gämi biri-birinden aýratyn ýagdaýda ýerleşdirilen 12 sany nebit guýulýan göwrümli gaplar bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bolsa ýigrimi gije-gündize golaý wagtyň dowamynda özbaşdak ýüzüşi amala aşyrmaga hem-de bir gatnawda dürli görnüşli ýükleri daşamaga mümkinçilik berýär.

Tankeriň taslamasy düzülende dünýäniň nebit kompaniýalary tarapyndan bildirilýän ýörite ekologiýa çäklendirmeleriniň şertleri göz öňünde tutulandyr. Şu görnüşdäki tankerler bilen deňeşdirilende ýurdumyza gelip gowşan täze gäminiň tehniki-ykdysady görkezijileri has kämilleşdirilendir. Ony dolandyrmagyň serişdeleri awtomatlaşdyrylyp, gämi ulag hadysasyna uçran ýagdaýynda hem nebit önümleriniň deňze düşmeginiň doly öňi alnar, gämini dürli ýagdaýda ulanmakda hem onuň işgärleriniň howpsuz zähmet şertleri üpjün edilýär. Bularyň ählisi şu görnüşdäki gämileriň aýratyn ekologiýa ýagdaýyndaky sebitlerde kadaly işlemegine mümkinçilik berýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň biologiýa köpdürlüligini gorap saklamaga aýratyn üns berýän Hazaryň ekologiýa ulgamyny saklamakda uly ähmiýete eýedir.

Uzynlygy 140 metrden gowrak we ýük göterijiligi 7100 tonna bolan täze tankeriň porta girmegi mynasybetli dabarada aýdym-sazlar ýaňlandy. Asylly däbe görä, täze gäminiň Wolga ýoly bilen Hazar deňzine sag-aman gelmegi mynasybetli gäminiň üstüne ak un sepildi.

Dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynyň okgunly ösüşinde ulag ulgamynyň barha artýan ähmiýetini nygtamak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň söwda flotunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga berýän ünsi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Aýratyn taslamalar boýunça gurlan täze türkmen tankerleriniň ýokary ulanyş aýratynlyklary ýörite bellenilip geçildi. Bu gämiler innowasiýa häsiýetli ýükleýiş-düşüriş enjamlary bilen üpjün edilip, beýleki tehniki görkezijileri boýunça hem deňiz gatnawlary bazaryndaky iň öňdebaryjy gämileriň hataryna girýär.

Häzirki zaman tankerleriniň we beýleki gämileriň milli söwda flotunda netijeli ulanylmagy Türkmenistanyň ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň çäklerinde we onuň daşynda hem ýük gatnawlaryny artdyrmaga ýardam berýär hem-de Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky örän iri üstaşyr geçelgesi hökmünde ähmiýetini artdyrýar diýip, çykyş edenler nygtadylar.