Lebap welaýatynda oba hojalyk tehnikalaryny ýewropa önümçiligi boýunça hyzmat edilişi hil taýdan ýokary derejä çykar.Ýerli oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin Türkmenabatda öz gapylaryny giňden açan “Сlass” täze hyzmat ediş merkezi giň hyzmat ediş ulgamyny hödürleýär. Sebit nemes tehnikasynyň esasy bölegi “Lebapobahyzmat” DB bölümlerinde ýerleşýär. Bu kysymdaky oba hojalyk gurallary hususy ekerançylarda hem bar. Aslyýetinde, bu hyzmat ediş merkezi täzeden guruldy diýen ýaly, şunlukda onuň çäkleri hem giňeldildi.
Iň täze enjamlar bilen üpjün edilen ussahanaly, inžnerler üçin gurallaryň doly toplumy, oba hojalyk maşynlaryny islendik çylşyrymlykdaky abatlamak, ýola goýmak bu toparyň ygtyýaryndadyr. Täze merkeziň binasynda edara jaýy hem ýerleşýändir.
Onlarça diňleýjilere niýetlenen merkeziň oňat hilli okuw otagynda ýerli hünärmenler oba hojalyk maşynlarynyň çylşyrymly syrlaryny öwrenerler, olaryň mümkinçiliklerini doly peýdalanmagyny ele alarlar. Bu ýerde degişli sapaklary Germaniýadan gelen mugallymlar yzygiderli geçirerler. Şeýle hem bu ýerde merkeziň hünärmenleri hem öz hünärlerini kämilleşdirerler.Türkmen hünärmenlerini we kompaniýanyň hyzmat edijilerini meýilnama esaynda Ýewropanyň önüm öndüriji kärhanlarynda okatmak dowam etdiriler.
Merkeziň çäklerinde firma dükany açyldy. Oba adamlary bu ýerde häzirkizaman tehnikasyny, enjamlary we ätiýaçlyk şaýlaryny satyn alyp bilerler. Soňky ýyllaryň dowamynda özgertmelriň çäklerinde şahsy hojalyklar we kärendesine alynan ýerler üçin öňdebaryjy oba hojalyk maşynlaryny edinmek üçin ähli şertler döredilendir. Täze dükanyň açylmagy bilen, indi ýerli sarp edijilere daşary ýurtlaryň önüm öndürijilerinden önüm getirmek üçin garaşyp, wagt ýitirip durmaly bolmaz. Sarp edijiler indi bu ýerde “Сlass”, “Lemken”, “Masсhio Gasprado”, “Wurth” ýewropa kysymly oba hojalyk tehnikasyny we enjamlary alyp bilerler. Ýerlemäge we hyzmat etmäge niýetlenen önümler üçin bu ýerde ammar jaýy gurlandyr.
Türkmenistanda oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin häzirkizaman tehnikasyny almak üçin döwlet tarapyndan döredilen şertler, ýeňilleşdirilen karz pul bermek boýunça ýörite maksatnamalar goldaw berýär. Bu çäreleriň netijeliligi eýýäm iş ýüzünde aýdyň duýulýar. Oba hojalyk tehnikasyny, abzallary we enjamlary, suw tygşytlaýjy tehnikasyny, suw geçirjileri satyn almak üçin şeýle görnüşli ýeňilleşdirilen karü pullary döwlet täjirçilik banklarynda 10 ýyl möhlet bilen 1 göterim bilen berilýär. Şunda ulanyş möhletini nazara almak bilen, deň paýda gaýdyp bermek şerti göz öňünde tutulýar. Bu karz pullary almaga hususy oba hojalyk önümlerini öndürijiler, daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleriniň, oba hojalyk YBI wekilleriniň mükinçilikleri bardyr.
Nemes kompaniýasy Türkmenistanda 2009-njy ýyldan bäri işleýär. Şonda hem welaýatlarda hyzmat ediş merkezleri açyldy. Türkmenabatda bolup geçen täze Hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasynda Merkezi Aziýa we Kawkaz boýunça sebit ýolbaşçysy Sergeý Potýomin Türkmenistanda hyzmat ediş ulgamynyň ösdürilmegi ýurda söňky ýyllarda “Сlaas” tehnikasynyň getirilmeginiň epesli artandygy bilen şertlendirilendir diýip, belledi
Ýurtda “Сlaas” kysymly oba hojalyk maşynlarynyň sany yzygiderli artdyrylýar. Şu ýylyň maý aýynda däne orujy “Tuсano” kombaýnlary gelip başlady. Şertnama laýyklykda, oba hojalyk maşynlarynyň üç ýüzüsi 2014-nji ýylyň 31-nji martyna çenli Türkmenistana gelip gowşar. 1913-nji ýylda Harzewinkel şäherinde esaslandyrylan kompaniýanyň özüniň döredilmeginiň bir asyrlyk senesini belleýän döwründe onuň Türkmenistanda durky täzelenen hyzmat ediş merkezleriniň açylmagynyň dowam etdirilmegi bellärliklidir. Şunlukda, şu tomusda Maryda täze hyzmat ediş merkezi ulanylmaga berildi. Şu ýylyň 5-nji dekabrynda Türkmenistanda her ýylda bellenilýän nemes ykdysadyýetiniň Güniniň bellenilip geçilmegi hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär. Bu çärä, şeýle hem Türkmenabatda açylan hyzmat ediş merkeziniň açylyş dabarasyna nemes maşyngurluşyk kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Häzirkizaman oba hojalyk tehnikasy ýurduň oba hojalyk önümçiliginde zerur bolup durýar. Bu tehnikanyň oba hojalygynda ulanylmagy bu pudagyň netijeliligini täze derejelere çykarmaga şertleri döredýär. Dünýäniň belli maşyngurluşyk kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň artdyrylmagy zähmetiň ýokary öndürijiligini we gektaryň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga mynasyp goşant goşýar.