>“Türkmengaz” Döwlet konserniniň Nebit gaz institutynyň alymlary we hünärmenleri ylmy-gözleg we taslama instituynyň döredilmeginiň ýigrimi ýyllyk ýubileýni belledi. Bu institut ýataklarda geologiýagözleg, işläp taýýarlamak we ulanyş, burawlamagyň taslama, gaz pudagynyň ähli desgalaryny abadanlaşdyrmak we durkuny täzelemek boýunça işleri alyp barýar.
Türkmen alymlary – geologlar, geofizikler, burawçylar, işläp taýýarlaýjylar we tehnologlar Türkmenistanyň gaz we gazkondensat ýataklaryny düýpli öwrenmek bilen, ýurduň gaz serişdelerini gözleg, işläp taýýarlama we gazyp almak boýunça iri taslamalaryň köp sanlysyny durmuşa ornaşdyrdylar. Ylmy-gözleg işleriniň ýüz töwereginiň netijeleri oýlap tapma diýilp ykrar edildi we Türkmenistanyň patentleri tarapyndan goraldy. Häzirki wagtda işlenilip taýýarlanylýan Türkmenistanyň gaz we gazkondensat ýataklarynyň ählisi türkmen alymlary we hünärmenleri tarapyndan ylmy taýdan esaslanýan taslama boýunça amala aşyrylýar. Meselem, Döwletabat, Malaý, “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy”, Ýelguýy, Bagaja, Gurrukbil-Garabil, “Galkynyş” we beýlekileri mysal getirmek bolar.
Bu institut üçin häzirki zaman tehnikasy, gözleg işlerini geçirmek üçin enjamlar, guýularyň ýerleşýän ýerlerini kesgitlemek üçin hemra arkaly nawigasion ulgamy bilen üpjün edilen täze bina, barlahanalar we taslama ussahanalary guruldy. Häzirki wagtda bu ýerde meýdanlary we ýataklary geologiki taýdan modelirlemek boýunça işler alnyp barylýar, “Ýaşlar”, “Galkynyş” we beýleki ýataklaryň sanly geologiki modeli döredilýär.
Poslamalar, gazyň we kondensatyň düzümi we aýratynlygy, gazsenagat enjamlarynyň tehniki diagnostikasy, buraw we sement garyndylary öwrenilende barlag gözlegleriniň hili epesli ýokarlandy. Topragyň, suwuň we howanyň, şeýle hem “Ekolog” programma üpjünçilik bukjasynyň instrumental seljermesi usulynyň ornaşdyrylmagy daşky gurşawa täsir etmegine baha berilmeginiň, kärhanalaryň rugsat berilýän zyňyndylarynyň normalarynyň taslamasynyň işlenip düzülmeginiň hilini ýokarlandyrdy.
Bu institut “Türkmengeologiýa” Döwlet korporasiýasynyň meýdanlarynda gözleg-barlag burawlarynyň netijelerine baha bermegi we umumylaşdyrmagy we “Türkmengaz” Döwlet konserniniň ýataklary boýunça ätiýaçlyk gazyň, kondensatyň we beýleki gazylyp alynýan peýdaly komponentleirň balansynyň üýtgemeginiň dinamikasyny her ýyl ýerine ýetirýär. Ýurduň uglewodorod mümkinçilklerini artdyrmaga şertleri döredýän täze, geljegi uly bolan meýdanlaryň birnäçesini gözlemek üçin institut tarapyndan teklipler berildi.
Uly göwrümli geologiýa-geofiziki maglumatlaryň seljerilmegi esasynda Ýelguýy ýatagynda täze geologiki model guruldy. Bu model boýunça ätiýaçlyň gazyň 30 göterimden hem kändigi hasaba alyndy we artdyryldy. Bu bolsa ýatak boýunça tebigy gazyň ýyllyk gazylyp alynşyny 1 milliard kubmetre çenli artdyrmaga şert döretdi. Şunuň ýaly işler 2001-nji ýylda işlenilip taýýarlanylmaga berlen “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” ýatagynda hem geçirildi. Bu ýerde garaşylýan ätiýaçlyk ýangyç 20 göterimden hem köpdür. Bu hem bu ýatak boýunça tebigy gazyň gazylyp alynşyny milliard kubmetr artdyrar.
Institutyň alymlary we hünärmenleri şu ýyl “Gaffne”, “Сline & Assoсiates” (Beýik Britaniýa) kompaniýasy bilen “Petrel-Eсlips” ýokary tehnologiýaly programmalaýyn üpjünçilik esasynda döredilen “Galkynyş” ýatagynda sanly geologiýa-gidrodinamiki modeli kämilleşdirmegiň üstünde işlediler. Käniň durky täzelenen geologiýa-gidrodinamiki modeli esasynda sany, konstruksiýalary we bu ýatakda ulanylýan guýulary optimal ýerleşdirmek boýunça ylmy teklipler taýýarlanyldy.
Bir wagtyň özünde ajaýyp dag-geologiki şertlere eýe bolan “Galkynyş” ýatagynda guýularyň netijeli burawyny üpüjün etmek boýunça ylmy-tehniki işler geçirildi. “Galkynyş” ýatagynda guýularyň gurluşygynda esasy kynçylyk gazyň maksimal debitini almak üçin ulanyş kolonnalaryň uly diýametrini saklamak bolup durýar. Bu wezipe interwallaryň gurluşygynyň şertleri boýunça öndümli ýedinji gat gözýetimiň aşagynda ýerleşýän duz gatlagyny burawlmakda birnäçe ylalaşyksyz utgaşmalaryň hasabyna çözülýär.
Tebigy gazy gaýtadan işlemek babatda gazhimiýa toplumlatynyň üçüsini – Bagaja ýatagyndan, Merkezi Garagumyň ýataklaryndan, şeýle hem deňiz kenaryndan gazylyp alynan tebigy gazy çuňňur gaýtadan işlemek boýunça taslama işleri üçin tehnologiki ýumuş taýýarlanyldy.
Häzirki wagtda Ukrainanayň ylmy institutynyň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda Gündogar-Günbatar gaz geçirijisi üçin ýylda kuwwatlylygy 30 milliard kubmetr gaz kompressor stansiýasynyň ikisini we “Bagtyýarlykda” ýylda 20-den 30 milliard kub metre çenli gaz kompressor stansiýasyny giňeltmegiň taslamasy alnyp barylýar. Mundan hem başga Hytaýa iberilýän gazy artdyrmak üçin hereket edýän Malaý-Bagtyýarlyk gaz geçirjisiniň lupingniň taslamasy ýerine ýetirildi. Bu bolsa bu ugurda transport ulgamynyň geçirjilik mümkinçiligini ýylda 30 milliard kubmetre çenli artdyrmaga şertleri döreder.