Şu gün Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň garamagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 11-nji ýanwarynda gol çeken Kararyna laýyklykda Hytaý Halk Respublikasyndan demir ýol wagonlarynyň täze tapgyry – 49 sany plaskart hem-de 8 sany kupe wagonlar, şeýle hem ýolagçy wagonlaryny elektrik energiýasy bilen üpjün edýän dizel wagony gelip gowuşdy. Umuman HHR-den hyzmatdaşlar bilen baglaşylan şertnama ýurdumyza kupe wagonlarynyň 40-synyň, plaskart wagonlaryň 100-siniň we dizel-generatorlaryň 10-synyň getirilmegini göz öňünde tutýar.
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak, wagonlary täzelemek we üstüni ýetirmek, ähli degişli düzümi döwrebaplaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar.
Ýörite Türkmenistan üçin taýýarlanan ýolagçy wagonlar döwrebap bezelişi bilen tapawutlanýar we salkynladyş ulgamy bilen üpjün edilendir. Bu olarda aýratyn amatlylygy döredýär hem-de syýahatyň oňaýly we ýakymly bolmagyna ýardam edýär. Olarda şeýle hem demir ýol işgärleriniň işlemegi üçin ähli şertler göz öňünde tutulandyr.