Şu gün Balkan welaýatynda nebitiň çykarylýan möçberlerini hem-de ýurdumyzyň gazeksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen ýene-de bir iri maýa goýum taslamasy durmuşa geçirildi. Keýmir nebitgaz ýatagynda ugurdaş nebit gazyny ýygnamaga niýetlenen, kuwwatlylygy ýylda 1 milliard kub metre golaý bolan gazlift gaz gysyjy desga işe girizildi.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýangyç serişdeleriniň çykarylyşyny, gaýtadan işlenilişini we daşary ýurtlara iberilişini artdyrmak, köp görnüşli energoulag kommunikasiýalaryny döretmek babatda alnan ugur sebit, şeýle hem ählumumy möçberde energetika howpsuzlygyny, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmegiň möhüm şertidir.
“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwri üçin maksatnamasyna” laýyklykda, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan çig mal binýadyny pugtalandyrmak, esasy gaznalary tapgyrlaýyn täzelemek, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň iň soňky gazananlaryna hem-de täze tehnologiýalara esaslanýan häzirki zaman önümçilik toplumlaryny gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Esenguly etrabynyň ýangyç serişdelerinden doly peýdalanmaga ýardam etjek şu taslama hem bu maksatnamany iş ýüzünde durmuşa geçirmekde täze ädim boldy. Bu ýerde, ýurdumyzyň günotra-günbatarynda iri ýataklaryň hem-de geljegi uly meýdançalaryň ençemesi ýerleşýär. Olar Türkmenistan –Eýran (Körpeje--Gurtguýy) döwletara gaz geçirijisiniň çig mal binýady bolup hyzmat edýär. Körpeje—Balkanabat nebit geçirijisi hem hut şu ýerden gözbaş alýar. Şol turbageçiriji arkaly ýangyç çig maly Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna ugradylýar.
Döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan “Keýmir” gaz gysyjy desgasy ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýär. Ol doly awtomatlaşdyryldy hem-de özbaşdakdyr. Ähli işler aralykdan we merkezleşdirilen usulda – operatorlar zalyndan, elektronikanyň hem-de ýörite programma üpjünçiligiň kömegi arkaly amala aşyrylýar.
Stansiýada turbakompressor enjamlarynyň üçüsi – işçi turbakompressorlaryň ikisi we ätiýaçdakylaryň biri oturdyldy. Olar gazy “gysyp”, onuň basyşyny ençeme esse artdyrýarlar. Mundan başga-da, umumy bahasy ABŞ-nyň 135 million dollaryndan gowrak bolan toplum özüne iň täze tehnologiýalar esasynda işleýän “mawy ýangyjy” arassalaýjy we sowadyjy ulgamlary, gazy ölçeýän enjamlary, gazturbina we dizel elektrik stansiýalaryny, transformator podstansiýasyny, kuwwatlylygy gije-gündiziň dowamynda 50 kub metr deňiz suwuny süýjetmäge niýetlenen süýjediji desgany, kotelniýany we beýleki desgalary birleşdirýär. Şeýle hem Balkanabat – Çekişler ykjam sanly aragatnaşyk ulgamy gurnaldy. Stansiýanyň işgärlerine hyzmat etmek üçin 20 adama niýetlenen ýaşaýyş toplumy, naharhana guruldy.
Ýokarda bellenilişi ýaly, “Keýmir” gaz gysyjy desgasynyň gurulmagy ugurdaş nebit gazyny senagat taýdan ulanmak bilen bagly möhüm wezipäni çözmäge mümkinçilik berýär. Ozal bu gaz fakellerde ýakylýardy. Munuň özi sebitiň ekologiýasyna ýaramz täsir edýärdi. Indi bolsa ol nebitiň çykarylyşyny sazlaşdyrmak üçin, hususan-da, gazlift guýularynda ulanylar. Zerur bolan halatynda bu gaz gysyjy desga Keýmir ýatagynyň golaýynda ýerleşen Akpatlawuk ýatagyndaky gazy toplumlaýyn taýýarlamak desgasy arkaly Türkmenistan –Eýran döwletara gaz geçirijisine ekologiýa taýdan arassa ýangyjy ugradyp biler.
Şeýlelikde, “Türkmennebit” döwlet konserniniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar -- “GP Global Eguipment Ltd” (Beýik Britaniýa) kompaniýasy bilen bilelikde durmuşa geçiren bu taslamasy ýurdumyzyň nebit, şeýle hem gaz senagatynyň kuwwatyny artdyrmaga ýardam eder, energiýa serişdeleriniň halkara energiýa bazarlaryna iberilýän möçberlerini artdyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döreder.
“Keýmir” gaz gysyjy desgasynyň açylyş dabarasyna nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary, “Türkmennebit” döwlet konserniniň düzümleýin edaralarynyň hünärmenleri, Esenguly etrabynyň we Balkan welaýatynyň häkimlikleriniň we jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdylar. Ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny ruhubelentlik bilen kabul etdiler. Döwlet Baştutanymyz gurluşykçylary we desganyň işgärlerini, ýangyç-energetika toplumynyň ähli işgärlerini ýurdumyzyň nebitgaz düzüminiň täze desgasynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady.
“Uglewodorod çig malynyň ägirt uly möçberdäki gorlary hem-de ýurdumyzda daşary ýurt maýa goýumlary üçin amatly şertleriň döredilmegi Garaşsyz Watanymyzyň dünýä boýunça iri, energetika döwleti hökmünde halkara derejede ykrar edilmegine mümkinçilik döretdi. Häzirki döwürde Türkmenistanyň dünýäniň energetika ulgamynda mynasyp orny eýeleýändigini, ýurdumyzyň ýangyç serişdelerini eksport etmegiň köpugurlylygynyň bir maksada – milli, sebit we dünýä ösüşini üpjün etmäge, parahatçylygy, howpsuzlygy goldamaga hem-de pugtalandyrmaga gönükdirilendigini belläp geçmek örän ýakymlydyr” diýip, milli Liderimiz Gutlagynda belleýär.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, milli ykdysadyýetimiziň strategiki ulgamyny – ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek, giň möçberli maýa goýum taslamalaryny hem-de durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmak meselelerine uly üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şol taslamalar we maksatnamalar bolsa türkmen döwletiniň ykdysady taýdan gülläp ösmegini, türkmen halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny üpjün edýär.
Dabaranyň barşynda ýangyç-energetika toplumynyň has tapawutlanan işgärlerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Welaýatyň döredijilik toparlary uly konsert bilen çykyş etdiler. Desganyň açylyş dabarasy tamamalanandan soň, bu dabara mynasybetli hem-de Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi.