Ï Türkmen “laçyny” nyşanly nobatdaky täze “Boeing”
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen “laçyny” nyşanly nobatdaky täze “Boeing”

view-icon 928
“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň iň täze görnüşli howa ulaglarynyň üsti dünýä belli “Bopeing” amerikan korporasiýasynyň nobatdaky döwrebap howa gämisi bilen ýetirildi. Şu gün irden paýtagtymyzyň halkara howa menziline “Boeing-737-800” täze uçary gelip gondy. Ol Türkmenistanyň buýurmasy boýunça ABŞ-da şu ýyl gurlan uçarlaryň üçünjisidir.

“Boeing-737-800” görnüşli howa gämisi ýokary tygşytlylyk, amatlylyk bilen häsiýetlenýär we 160 ýolagça çenli gatnatmaga ukyplydyr. Bu howa ulaglarynyň gonuş geçirmezden uçup biliş uzaklygy 5400 kilometre ýetýär, olaryň tizligi bolsa sagatda 850 kilometre deňdir.


Uçarlaryň nawigasiýa enjamlarynda we elektron toplumynda öňdebaryjy tehnologiýalar we işläp düzmeler ulanyldy.

Täze howa gäimileriniň tehniki häsiýetnamalary olary diňe bir içerki ugurlarda ulanman, eýsem Türkmenistandan Aziýanyň we Ýewropanyň islendik nokadyna gonmazdan uçuşy amala aşyrmaga mümkinçiligi üpjün edýär. Şeýlelikde, türkmen uçarmanlary yzygiderli halkara ýolagçy gatnadylyşynyň çäklerini has-da giňeldip we hereket edýän ugurlarda uçuşlaryň ýygylygyny artdyryp bilerler. Bu bolsa Türkmenistanyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasatynyň we giň halkara hyzmatdaşlygy nukdaý nazaryndan uly ähmiýete eýedir. Hususan-da, häzirki wagtda Aşgabat-Pariž-Aşgabat aralygyna täze yzygiderli ugry açmaga taýýarlyk görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemmetaraplaýyn goldawy netijesinde Türkmenistan soňky ýyllarda iri halkara ulag merkezleriniň biri hökmünde özüni barha işjeň ykrar edýär. Bu wezipeleriň çözülmegine, hususan-da, welaýat merkezlerinde täze howa menzillerini, Türkmenistanyň paýtagtynda iň döwrebap halkara howa menzilini gurmak, şeýle hem milli howa kärhanasynyň döwrebap howa gämileriniň binýadyny giňeltmek boýunça uzakmöhletleýin maksatnama gönükdirilendir. Häzirki wagtda Watanymzyň howa ulaglarynyň binýady öňdebaryjy dünýä öndürijilerinden iň soňky görnüşli howa tehnikalarynyň hasabyna depginli toplanýar.

Milli däbe görä, ýaşuly nesliň wekilleri howa menzilinde täze uçary ak un sepip garşyladylar we türkmen döwletiniň parasatly milli Lideriniň ýolbaşçylygynda gülläp ösmegini dileg etdiler.