Şu gün “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň uçar uçuşlarynyň sanawyna ýene-de bir möhüm halkara ugry- iki dostlukly ýurtlaryň paýtagtlaryny baglanyşdyran Aşgabat-Pariž-Aşgabat ugry goşuldy.
Soňky ýyllarda meşhur “Boing” uçar gurluşyk korporasiýasy tarapyndan ýurdumyza iberilen köpsanly uçarlaryň biri bolan täze tapgyrdaky has amatly uçar indiden beýläk hepdede bir gezek, anna güni Türkmenistanyň we Fransiýanyň esasy şäherleriniň arasynda gatnar.
Täze ugra isleg bildirilýändigine ir bilen esasy Ýewropa döwletleriniň biriniň paýtagtyna ugur alan uçaryň dolup ýola düşmegi-de şaýatlyk edýär. Oňa eýýäm ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpsanly syýahatçylyk şereketleri uly gyzyklanma bildirdiler.
Yzygiderli uçar gatnawy döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarjak türkmen-fransuz ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde açyldy hem-de tutuşlygyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň öňünde goýlan ilkinji nobatdaky wezipelere kybap gelýär.
“Türkmenhowaýollary” meşhur dünýä öndüijileriniň uçar tehnikasyny satyn almagyň hasabyna raýat awiýasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak arkaly halkara ugurlarynyň çäklerini giňeltmäge aýratyn üns berýär, dünýäniň gyzyklanýan döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmakda oňa möhüm orun degişlidir.
Ýurdumyzyň ýerli içerki uçuşlaryndan başga hem häzirki zaman “Boingleri” dünýäniň dürli künjeklerindäki şäherleriň onlarçasyna-Moskwa, Londona, Frankfurta, Birmengeme, Bangkoka, Delä, Abu-Dabä, Dubaýa, Stambula, Almata, Kiýewe, Doneskä we beýleki ençeme ugurlara yzygiderli uçuşlary amala aşyrýar, olary ýakyn wagtda ýene-de has giňeltmek meýilleşdirilýär.