Ï Milli hemra täze gelejekleri açýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milli hemra täze gelejekleri açýar

view-icon 1722
Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň taryhynda “Türkmen Älem 52ÝE” ilkinji milli emelei hemrasynyň uçurylmagyna bir ýyldan hem az wagt galdy. Bellenilen möhletlerde türkmen aragatnaşyk hemrasynyň orbita çykarylmagynyň milli kosmiki ulgam aragtnaşygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Hususy hemra telefon aragatnaşygyny, ilkinji nobatda ýurduň barmasy kyn bolan sebitleri bilen, ýokary hilli we ygtybarly ýola goýmaga şert döreder. Internet-ulgamyna çatylmagyny üpjün eder, telewizion alnyp görkezilişiniň ýaýlymlarynyň sany artar, hemrany elektron resminama dolanşygynda, toplumlaýyn maglumatlary almakda, şol sanda – distasion bilimi we distasion lukmançylygy guramaklykda ulanmaga mümkinçilik berer. Hemra aragatnaşygy bank we ykjam aragatnaşygy hyzmatlaryny ýerine ýetirmäge şert döreder. Hemra arkaly adatdan daşary ýagdaýlar barada tiz habar bermäge, ylmy gözlegleri geçirmäge mümkinçilik bolar. Onuň kömegi bilen nebtiň we gazyň turba geçirijileriniň (“SKADA” ulgamy) monitoringini geçirmäge mümkinçilik bolar. Aragatnaşygyň kosmiki enjamlary ýurduň nebitgaz we beýleki pudaklarynyň kärhanalaryny birleşdirmäge – hemra kanallary bilen maglumatlary we wideokonferensargatnaşygyny bermäge şert döreder.

Türkmenistanyň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi oňa emelei hemra arkaly epesli çäkleri öz içine alýan üstaşyr geçirýän ýurt hökmünde ýaýlymlary Afrika, Ýewropa we Aziýa görkezmäge mümkinçilik berer. Biziň aragatnaşyk hemramyz biri-birinden 10-15 müň kilometre çenli uzuklykda ýerleşýän ýerüsti beketlerini telewizion, radiotelefon, telegraf gepleşiklerini we aragatnaşygyň beýleki görnüşlerini üpjün edip biler. Müşderilere giň görnüşli gepleşikleri geçirmek, peýjing aragatnaşygyny ýola goýmak, Internet toruna birikdirmek ýaly telekommunikasion hyzmatlar ediler. Häzirki wagtda diňe hemra ulgamy çalt, ýokary hilli, gerek ýerinde we uly göwrüm bilen islendik telewizion ýa-da radiogepleşikleri islendik gyzyklanma bildirilýän görnüşde we möçberde üpjün edip biler.

Aýlawly ekwator orbitasyna çykarylan, Ýeriň ýerüstüden 35786 kilometr uzaklykda ýerleşýän we Ýeriň aýlanyş ugry bilen gabat gelýän Türkmenistanyň milli hemra aragatnaşygy hereketsiz bir nokadyň üstünde, ýagny Türkmenistanyň çäkleriniň ýokarsynda “asylyp” durar. Onuň bort radioapparaturasy ýerüstüniň radiobeketleriniň habarlaryny kabul edip biler, olary güýçlendirip we beýleki ýerüsti radiobeketlerine alyp eşitdirp biler. Şeýle geostasionar hemradan ýaýradylmak Ýeriň ýerüstüniň 30 göteriminden gowragyny ýapýar, hemra arkaly aragatnaşyk bolsa, gije-gündüzleýin üpjün edilýär. Şunuň ýaly ýeriň emeli hemralaryna (ÝEH) sowet “Molniýa”, amerikanyň “Sinkom” ÝEH, “Intelsat” ÝEH we beýlekiler degişlidir.

Häzirki wagtda “Gazprom, kosmiki aragatnaşyklar ulgamy” APJ degişli bolan russiýanyň “Ýamal” hemrasy Türkmenistana hyzmat edýär. Bu hemra arkaly Türkmenistanyň çäklerinde sanly milli telegepleşikleri we russiýanyň köp sanly teleýaýlymlary alnyp görkezilýär. Olary Magadandan başlap Delä çenli we Wladiwostokdan başlap Wena çenli çäklerde tomaşa edip bilýärler. Ýöne ýurduň çalt depginler bilen ösýän talaplary aragatnaşygyň şahsy hemrasynyň uçurulmagyny talap edýär. Bu bolsa, hünärmenleriň pikirlerine görä, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösmegine alyp barar.

2011-nji ýylda döredilen kosmiki pudagynyň edarasy – Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli kosmos agentligi ilkinji kosmiki apparatyny uçurmaga we onyň ulanylmagyna yzygiderli taýýarlyk görýär. Eýýäm golaý geljekde bu kosmiki agentliginiň öňünde emeli hemranyň geostansionar orbitasyna gözegçilik etmek, hemra aragatnaşygyny ýola goýmak, şeýle hem Türkmenistanyň çäklerinden kosmiki apparatyny dolandyrmagy guramak boýunça wezipesi durýar. Häzirki wagtda bu agentlige her günde türkmen hökümeti tarapyndan gol çekilen şertnama laýyklykda, “Thales Alenia Spase” fransuz kompanyýasynyň kosmiki apparatyny işläp taýýarlanşynyň we gurluşygynyň alnyp barylşy barada hasabatlar gelip gowuşýar. “Thales Alenia Spase” – awiasiýada, kosmiki, harby we deňizde ulamk üçin maglumatlar ulgamyny öndürýän halkara senagat toparydyr.

Bu kompaniýa ýurduň howa menzilleri üçin häzirki zaman ýokary tehnologiýaly aeronawigasion enjamlaryny işläp taýýarlaýan we getirýän hökmünde türkmen bazarynda 1991-nji ýyldan bäri meşhurdyr. Indi “Thales Alenia Spase” kompaniýasy türkmen emeli hemrasyny döretmek we Ýerden hemrany dolandyrmak ulgamyny döretmek bilen meşgul bolýar. Bu kompaniýa “Falson” raketa göterijisi bilen ony kosmasa çykarjak ýerden hemrany uçurmak boýunça hyzmat edýän “Spase H” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Öz nobatynda “Thales Alenia Spase” birnäçe ýylyň dowamynda hemrany dolandyrmakda gije-gündizleýin ýardam berilmegini üpjün eder, şeýle hem Türkmenistan üçin bu ulgamyň ýokary derejeli hünärmenlerini taýýarlar.

Bu adaty däl waka taýýarlyk – hemrany uçurmak we soňra ony ulamak bir wagtda birnäçe ugurlar boýunça geçirilýär. Olaryň esasylarynyň biri bolsa – ýerden emeli hemranyň ulanylmagyny we dolandyrylmagyny üpjün etmäge ukyply ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak bolup durýar. Häzirki wagtda türkmen hünärmenleri “Thales Alenia Spase” kompaniýasynyň aerokosmiki kärhanalrynda özleriniň hünärlerini ýokarlandyrýarlar. Şol bir wagtyň özünde matematika we fizika boýunça ýötiteleşdirilen we iňlis dilini bilýän ýurduň ýokary okuw mekdeplerini tamamlan uçurymlaryny agentlige işe almak dowam edýär.

Bu hünärmenleriň öňünde emeli hemrany ýerden dolandyrmak merkezlerinde işlemek wezipesi durýar. Bu beketler diňe bir kosmiki apparatyny dolandyrmak üçin däl, eýsem kosmiki aragatnaşygyny – teleportat bilen ýerüsti beketlerine berýän iň täze tehnologiýalar bilen üpjün ediler. Döwlet baştutanynyň aýdyşy ýaly, hususy hemranyň bolmagy ýurtda Internet we telewideniýe aragatnaşyk ulgamynyň çalt depginler bilen ösdürilmegine kuwwatly itergi berer, umumymilli maksatnamalaryň birnäçesiniň amala aşyrmagyna ýardam berer.