Marynyň ýüňi ilkinji gaýtadan işleýän fabriginiň önümçilik toplumynyň üstüni golaý wagtda kuwwatlylygy ýylda 4000 tonna ýuwulan ýüňi öndürýän önümçilik bölümi ýetirer. Gurluşyk işlerini desganyň taslama işlerini düzmek we gurlumak, ony häziki zaman enjamlary üpjün etmek, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak we içerki we daşky inženerçilik kommunikasiýalaryny çekmek şerti bilen “Türkmenhaly” Döwlet birleşiginiň baglaşan şertnamasy esasynda “Gün” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary alyp barýarlar. Şertnamanyň şertlerine laýyklykda, häzirki zaman enjamlarynda işlemek üçin hünärmenleri taýýarlamak we önümçilik bölüminiň ulanylmaga berilenden soň iki ýylyň dowamynda potratçynyň hasabyna desganyň enjamlarynyň ählisini ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmegi bolup durýar.
Gurluşyk işlerine şu ýylyň tomsuna başlandy, ony ulanmaga tabşyrmak bolsa 2014-nji ýylyň iýun aýynda göz öňünde tutulýar. Gurluşygy alnyp barylýan bu bölüm – ýüňi gaýtadan işleýän liniýaly, ammarly, hilini kesgitleýän we presleýän bölümli zawoda barabardyr. Taýýar önümler standart 200 kilogram agramlykda daňylar.
Gurluşyk işleri fabrigiň ýola goýlan işlerine zyýan ýetirmesizden iki çalşykda alnyp barylýar. Meselem, häzirki işleýän bug gazany täzesi işläp başlandan soňra ýykylyp aýrylar. Täze bug gazany tehnologiki bug bilen täze bölümi hem, häzirki önümçilik kuwwatlyklaryny hem bug bilen üpjün eder.
Taýýarlaýjy bölümi bolsa saklanyp galynar. Sebäbi onuň gurluşy, düzülişi fiziki taýdan könelmedikdir. Desganyň durky täzelenden soňra ol önümçiligiň zerurlyklaryna hyzmat eder. Häzirlikçe bolsa bu ýerde armatur poligony we gurluşykçylaryň edara jaýy ýerleşendir.
Mälim bolşy ýaly, ýüňi ilkinji gaýtadan işlemek – diňe bir zähmeti köp talap edýän önümçilik bolman, eýsem suwy hem köp talap edýän önümçilikdir. Şonuň üçin hem taslamada desganyň golaýyndan akyp geçýän Murgap derýasyndan suwy alyp, ony arassalap, kuwwatlylygy ýylda 3 müň kubmetr bolan suw arassalaýjy desgany gurmak göz öňünde tutulandyr.
Desganyň ýokary seýsmiki durnuklylygyny hem belläp geçmelidiris. Binanyň we gurluşyň demirbeton karkaslarynyň birikýän ýerlerinde bu sebite mahsus bolan seýsmiki howpsuzlygyň kadalary boýunça ýerine ýetirilýär
Bu fäbrigiň çäklerinde täze häzirki zaman önümçiliginiň gurluşygy ýurtda, hususan-da Mary sebtinde, maldarçylygyň güýçli depginlerde ösdürilmegi bilen şertlendirilendir. Umuman, eýeçiligiň ähli görnüşlerini goşmak bilen, dowarlaryň baş sany bäş milliondan hem geçýär. Şunlukda, onuň bäşden biri ýurduň iň günortasynda ýerleşýän hojalygy bolan Serhetabat maldarçylyk hojalygy bolup durýar. Bu hojalyk ýüňi senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin çig mal bilen üpjün edýän esasy hojalyklaryň biridir.