Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 714
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 60-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, gidroarassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny, dizel ýangyjyny, gaç satyn aldylar. “A” kysymly tehniki ýod (“Türkmenhimiýa” DK) Hytaýdan gelen täjirleriň söwdasy boldy, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler bolsa plastik çüýşeleri öndürmek üçin polimer serişdelerini atyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna azyklyk bugdaý, nah ýüplük, pagta süýümi, lint we pagta şroty, goýun-geçileriň içegesi, pagta kiplerini gaplamagyň galyndylary ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Singapur, Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 72 million 661 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Slowakiýadan, Eýrandan, Owganystandan, Ukrainadan, Gyrgyzystandan gelen işewür toparlaryň wekilleri jemi 10 million 268 müň manatlykdan gowrak arassalanylan pagta we günebakar ýagyny, awtoulag enjamlaryny, transformatorlary, pagta ýüplügini, ýüpek çig malyny, pagta şrotyny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin, jemi 17 müň manatlykdan gowrak möçberde awtoulag enjamlaryny satyn aldylar.