Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde “Myradym” hususy kärhanasynyň hünärmenlerine we işgärlerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy.
Mälim bolşy ýaly, bu hususy kärhana türkmen paýtagtynda şöhrat gazanan Ýanardag diýen ahalteke bedewiniň heýkeli oturdulan ýadygärligi bina etmek ynanyldy. Döwlet Baştutanymyz bu baradaky degişli Karara şu ýylyň oktýabr aýynda gol çekdi we geçen gysga wagtyň içinde taýýarlyk we taslama işleri doly tamamlanyp, eýýäm bu taslama iş ýüzünde ýerine ýetirilip başlanyldy. 2014-nji ýylyň mart aýynda açylmagy göz öňünde tutulýan bu ýadygärlik Andalyp köçesiniň we Köpetdag şaýolunyň çatrygynda bina ediler, şeýle hem onuň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylar.
Şu gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda bu desga baryp gördi we hut özi taslamanyň durmuşa geçirilişine syn etdi. Türkmenistanyň Prezidenti işleriň depginlerine we hiline ýokary baha berip, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylaryna “Myradym” kärhanasynyň gurluşykçylaryny sylaglamak baradaky teklibi aýtdy.
Bu çözgüt Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan gyzgyn goldaw tapdy we munuň özi döwlet Baştutanymyzyň milli maksatnamalaryň, örän möhüm durmuş-ykdysady taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uly goşant goşýan hem-de hususy kärhanalarda müňlerçe iş orunlaryny döredýän ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmek we höweslendirmek meselelerine içgin üns berýändiginiň subutnamasydyr. “Myradym” kärhanasy hem şolaryň biri bolup, birnäçe desgalarda – welaýat kitaphanasynyň we Daşoguz şäherinde dikeldiş merkezli mekdep-internatynyň gurluşygyny alyp barýar.
Milli Liderimiziň “Myradym” kompaniýasynyň gurluşykçylaryny sylaglamak baradaky teklibi halal zähmete berilýän mynasyp bahadyr we şonuň netijesinde gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülen täze amatly ýaşaýyş jaýlary, mekdepler,çagalar baglary, hassahanalar, ýollar we beýleki binalar gurulýar.
Hut şu nukdaýnazardan her bir işe adalatlylyk, dogruçyllyk we hakykata laýyk ölçegler bilen baha berilýär. Bu barada döwlet Baştutanymyz, hususan-da, ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde aýtdy.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde şu gün geçirilen dabaraly ýygnakda işçiler sylaglary kabul etmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar we mundan beýläk has-da gujur-gaýrat bilen zähmet çekjekdiklerine ynandyrdylar.
Tutuşlygyna alanyňda, bu çözgüt ähli edara-kärhanalaryň, şol sanda ýurdumyzyň ösüşinde barha uly orun eýeleýän işewürlik düzümleriniň hem durmuş jogapkärçiligini ýokarlandyrmakda oňat nusgadyr. Döwlet telekeçiligi ösdürmäge diňe bir ýeňillikler we amatly karzlar bilen hemmetaraplaýyn goldaw bermek bilen çäklenmän, eýsem, hukuk we beýleki şertleriň hem döredilmegini üpjün edip, eýeçiligiň we telekeçiligiň täze gatlagynyň, bazar ulgamynyň esasy bolan kuwwatly işewürlik bileleşiginiň kemala gelmegine hemaýat berýär.
Ýurdumyzyň telekeçiliginiň milli ykdysadyýetimiziň hereketlendiriji güýji hökmünde kemala gelmeginiň barşynda täze tapgyr başlandy. Türkmenistanyň jemi içerki önüminde kiçi we orta telekeçiligiň paýy artýar, hususy kärhanalar özleri üçin bazar gatnaşyklarynyň täze ugurlaryny, şol sanda daşary ýurt ugruny özleşdirýärler, ol ýerde telekeçilerimiziň öndürýän ýokary hilli önümleri mynasyp bäsleşýärler, bir söz bilen aýdylanda, işjeň ykdysady işleri alyp barýarlar. Türkmen telekeçileriniň ýylyň-ýylyna täze derejelere çykýan ugurlarynyň biri hem gurluşyk pudagydyr. Soňky birnäçe ýylyň içinde ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan ähli sebitlerde hem-de paýtagtymyzda senagat we durmuş ähmiýetli desgalaryň müňlerçesi guruldy. Döwletimiz hem öz tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi milli maksatnamalary hem-de iri taslamalary durmuşa geçirmek işlerine gatnaşmaga höweslendirýär. Aşgabady gurmagyň 13-nji nobatdakysynyň desgalaryny – paýtagtymyzyň edara ediş işewürlik we medeni merkeziniň ähli degişli düzümler bilen bilelikde kemala gelýän täze iri merkeziniň hususy gurluşyk kompaniýalaryna tabşyrmak baradaky çözgüt munuň ýene bir mysalydyr.
Häzirki wagtda telekeçilik ýurdumyzyň senagat mümkinçiliklerini ösdürmäge işjeň gatnaşmak bilen, köp derejede milli ykdysadyýetimize bäsdeşlik döretmäge ýardam berýär. Tutuşlygyna senagat pudaklary boýunça 2013-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hatarynda durýan kärhanalar tarapyndan öndürilen önümleriň möçberleriniň ösüşi 2012-nji ýyl bilen deňeşdirilende 140 göterime barabar boldy. Onuň umumy möçberiniň ýarsynyň gurluşyk serişdeleriniň önümçiligine, şol sanda daşary ýurtlardan getirilýän gurluşyk harytlarynyň ýerini tutýandygyny ýatlamak ýerlikli bolar. Bularyň ählisi Türkmenistanda gurluşyk işewürliginiň durnukly ösýändigini, özbaşdak işlemäge we toplumlaýyn ösüşe tarap ymykly ugur alandygyny görkezýär.
Döwlet Baştutanymyz telekeçiligiň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmekdäki möhüm ornuny bellemek bilen birlikde, onuň derejesini gyşarnyksyz ýokarlandyrmak, maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmak üçin iň oňat dünýä tejribesini öwrenmegiň, ygtyýarlylyk ýagdaýyny giňeltmegiň we durmuş jogapkärçiligini ýokarlandyrmagyň möhümdigini nygtaýar.