Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 790
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Niderlandlardan, Türkiýeden, Singapurdan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny, polipropileni, awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, gaç satyn aldylar. Mundan başga-da, Koreýa Respublikasyndan gelen işewürler umumy bahasy ABŞ-nyň 29 million 415 müň dollaryndan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Depozit manat serişdelerine Gyrgyzystandan gelen telekeçiler jemi 1 million 297 müň manatlykdan gowrak düýe ýüňüni satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin, 53 müň manatlykdan gowrak möçberde kada laýyk gelmeýän polipropileni satyn aldylar.