Türkmenabadyň himiýa zawodynda kuwwatlylygy ýylda 500 müň tonna bolan kükürt kislotasyny öndürýän täze bölümiň gurluşygyna başlandy. “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň buýurmasy esasynda bu desganyň taslamasyny we ony gurup dolylygyna tabşyrmak işlerini ýaponiýanyň “Mitsui Engineýering and Shipbuilding Сo” we Türkiýäniň “Ronesans Türkmen Insaat we Tijaret Anonim Sirketi” kompaniýalaryna ynanyldy. Taslamanyň bir bölegini Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň karz pulunyň hasabyna maliýeleşdirmek göz öňünde tutulýar. Işleriň ählisi 33 aýda tamamalanar.
Taslamany amala aşyrmak üçin “Monsanto” lizenzion tehnologiýasy ulanylar. Kükürt kislotasynyň önümçiligi üçin ol ABŞ-nyň kükürt kislotasy kärhanalarynyň köpüsinde we bütin dünýäniň şular ýaly kärhanalarynda ulanylýar. “Mitsui Engineýering and Shipbuilding Сo., Ltd” kompaniýasynyň Ýaponiýada we beýleki ýurtlarda “Monsanto” işini kükürt kislitasyny öndürmek boýunça gurluşlaryň gurluşygynyň 70-nde ulanmak tejribesi bar. Tehnologiki enjamlaryny getirmek ony umumy ykrar edilen önüm öündürijileri bolan Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň we Ýewropanyň meşhur kompaniýalary ýerine ýeirýär.
Täze bölümiň önümi, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň oba hojalygy üçin ýokary hilli fosfor dökünlerini öndürmäge niýetlenendir. Mundan hem başga, onuň bir bölegini daşary ýurtlara ibermäge hem mümkinçilik bolar.