Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Niderlandlardan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosini , polipropileni, awtoulag benzinini, gidrousulda arassalanan dizen ýangyjyny, yşyklandyryş kerosinini, suwuklandyrylan we tehniki kerosini satyn aldylar. Mundan başga-da Hytaýdan we Ukrainadan gelen işewürler nebithimiýa önümlerini—göni işlenen benzini, (Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody), tehniki ýody (“Türkmenhimiýa döwlet konserni), suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” döwlet konserni) satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt puluna awtomobil tehnikasy, nah ýüplügi, pagta süýümi ýerlenildi. Olary satyn alan ýurtlar Russiýa, Koreýa Respublikasy, Beliz, Malta, Gazagystan boldy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 113 million 324 müň dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine Russiýanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 2 million 117 müň manatdan gowrak boldy.