Ï Bellenen tertipde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bellenen tertipde

view-icon 860
Demirgazyk-Günorta demirýol ulag geçelgesiniň transmilli şahasynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Ol Kürendagyň dag etekleri boýunça Bereket-Däneata-Döwletýar-Bugdaýly-Balguýy-Madaw-Akjadepe-Etrek demirýol beketleriniň üsti bilen geçýär. Týrkmenistan bilen Eýranyň serhetinde Bereket şäherini we Etrek etrabynyň etrap merkezini birleşdirjek demirýoluň bu böleginiň uzynlygy gapdal we goşmaça ýollary goşmak bilen 325 kilometre deňdir.


Gazagystanyň çöllüginden başlap Garagumyň üsti bilen Eýranyň demirgazygyndaky Gülistan welaýatyna barýan bu demir ýolunyň uzynlygynyň 900 kilometrdigini ýatlap geçeliň. Onuň iň uzyn bölegi – 700 kilometre golaý bölegi Türkmenistanyň çäklerinden geçýär. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň ýolçylary günorta tarap berk ugur alyp, demir ýoluň gurluşygyny dowam etdirýärler.

Her bir demir ýol bekedinde bekediň binasyndan başga hem demirýolçularyň maşgalalary üçin ýaşaýyş üçin ähli amatlyklary bolan kottej görnüşindäki ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Meselem, diňe Etrekde howlyly kottejleriň 20-si, 200 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, myhmanhana gurulýar. Şeýle hem bu ýerde teplowozlara we wagonlara tehniki hyzmatlary etmek üçin depo, ýük ýüklenilýän we düşüriýän meýdançalar, gümrükhananyň, sanitar-epidemiologiki, serhet gullugynyň edara binalaryny gurmak göz öňünde tutulýar. Elbetde, energoüpjünçilik, aragatnaşyk ulgamlaryny goşmak bilen, häzirki zaman inženerçilik-tehniki gurluşlar dörediler.

Şeýle hem türkmen ýolçylary tarapyndan gurulýan ýoluň günorta böleginde köprüleriň 115-ni gurmak göz öňünde tututlýar. Onuň eýýäm bir bölegi ulanyşa berlendir, beýleki galanlarynda bolsa gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýar.

Ýewropadan Merkezi we Günorta Aziýa, Golaý we Orta Gündogara oňaýly we ykdysady ýükleri daşamaga niýetlenen bu täze üstaşyr-ulag geçelgesini döretmtek taslamasy müňlerçe ýyllaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny birleşdiren Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeltmek taglymatyny özünde beýan edýär.