Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Germaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtomobil benzinini, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, düzüminde kükürt az bolan ýangyç mazudyny satyn aldylar. Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Mundan başga hem Türkiýeden we Owganystandan gelen telekeçiler suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” döwlet konserni), Russiýadan gelen telekeçiler bolsa tehniki uglerody satyn aldylar (“Türkmenhimiýa” döwlet konserni). Daşary ýurt puluna bugdaý uny, pagta süýümi, nah ýüplük hem ýerlenildi. Olary satyn alan ýurtlar: Beýik Britaniýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Koreýa Respublikasy, Owganystan we beýleki döwletler boldy. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 167 million 725 müň dollaryndan gowrak boldy.
Depozit manat serişdelerine ABŞ-dan, Türkiýeden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Eýrandan, Hindistandan, Ukrainadan, Gyrgyzystandan gelen işewürler arassalanan pagta ýagyny we günebakar ýagyny, nah ýüplügi, hojalyk sabynyny, düýe ýüňüni we saryja goýnunyň ýüňüni, pagta şrotyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 6 million 947 müň manatdan gowrak boldy.
Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri bahasy 274 müň manatlykdan gowrak bolan azyklyk bugdaýy satyn aldylar.