Ï Birža täzelikleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birža täzelikleri

view-icon 761
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, awiokerosini, binýatlyk ýagy, dizel ýangyjyny, awtoulag benzinini satyn aldylar. Owganystandan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Mundan başga-da, owganystanly telekeçiler suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” DK), Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan gelen telekeçiler bolsa tehniki uglerody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Şeýle hem daşary ýurt walýutasyna nah ýüplükler, pagta süýümi we süýümli ulýuk ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Singapur, Lihtenşteýn, Malta, Ukraina we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 140 million 921 müň dollaryndan gowrak boldy.

Depozit manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Awstriýadan gelen işewürler umumy bahasy 5 million 761 müň manatlykdan gowrak bolan ýük göteriji tehnikany, tomat üwmejini, arassalanylan pagta ýagyny, egin-eşik üçin pamygy, nah ýüplükleri we ýuwulan geçi çöprüni satyn aldylar.